Ol bize näme berdi?

Kitap we kofe

Şu ýylda doglan gününe 110 ýyl dolýan belli türkmen ýazyjysy Agahan Durdyýew bize näme berdi? Şu maksat bilen onuň edebi mirasyna göz aýlaýarys.
Başlaýjy
XX asyryň 20-nji ýyllaryndan döräp başlan türkmen sowet edebiýaty gysga wagt içinde ençeme söz ussadyny orta çykardy. Olardan biri ýazyjy A. Durdyýewiň hyzmaty öz döwri hem soňkular üçin iňňän möhüm boldy. Ol türkmen edebiýatynda çeper prozanyň kämilleşmegine ýardam etdi.

Biz Agahan Durdyýewiň eserleriniň mysalynda, täze edebiýatyň kemala geliş aýratynlyklaryny görüp bilýäris hem türkmen prozasynyň ösüşine göz ýetirmäge mümkinçilik tapýarys.
Ýazyjynyň ömri gysga bolup, bary-ýogy 43 ýaşapdyr. Şol 43 ýylda ýetimçiligi, horlugy, açlygy görüpdir. Bir döwüm çörek üçin, keseki gapysynda gezip, obanyň sygyr çopany bolupdyr. Likbezde okap, sowatsyzlygyny ýok edipdir.

Soňra Marydaky Türkmen döwlet magaryf institutynda, Daşkentdäki Orta Aziýa kommunistik uniwersitetinde okapdyr. Dürli gazetlerde işläpdir. Esasy hyzmaty çeper proza bolup, çynlakaý hem düýpli proza girişen döwründe aradan çykypdyr.
Synpy göreş
O döwürde synpy göreşden çetde durmak mümkin däldi. “Kim bizlik bolmasa, ol biziň duşmanymyzdyr” diýlen ýörelgeden ugur alynýardy. Agahan Durdyýew öz döwrüniň syýasatynyň ýetişdiren ýazyjysy. Başga bir sowady bolmadyk we başga dünýäni görmedik ýazyjy bolşewikleriň öwredişi ýaly, synpy göreşi beýan etmäge aýratyn üns berdi.

Şu ugurdan ençeme hekaýalar hem “Meret” powestini ýazdy. Ýöne ýazyjyny tanadan onuň satirasy boldy. Onuň syýasat üçin ýazan “Bagtly ýigit” powestiniň-de, birinji bölümi gowy görlüpdi. Annaguly sölpiniň bolup ýörşi okyjyda göwnaçyk gülki döredipdi. Bu esere abraý getiren onuň başky satiriki bölegi boldy.
Mylaýym satira
Agahan Durdyýew çeper satiranyň ussady hökmünde-de ilkinjileriň biridir. Onuň satirasy gödek däl, aşa mylaýym hem täsirli. Zergär kümşüň ýüzüne altyny nähili çaýýan bolsa, A. Durdyýew hem satirany öz eserlerinde şeýle ulanýar. Käbir ýerde satiriki äheňli bir jümle ýa-da bir epizod eseriň tutuş durkuna öwüşgin berýär.
“Gurban” hekaýasyny ýatlasak, ol başdan-aýaga: “Gurban!”, “Hä!”, “Bar, ol işi et, bar, bu işi et!” diýen ýaly jümlelerden düzülen. Ýöne ortarakda bir sözlem bar. «– Gel, meniň uçgurymy daňyp ber!» Şu söz hem Gurban biçäräniň nähili işlere ýetişmeli bolýandygyny görkezýär. Beýleki bir tarapdan, Gurbany dürli hyzmatlar bilen ezýänlere ýaňsy hem gülki oýarýar.
Ýazyjynyň “Han küýli” hekaýasy türkmen edebiýatynda belli eserleriň biri. Hekaýanyň baş gahrymanynyň adynyň yzyna “küýli” lakamynyň tirkelmegi okyjyda eýýäm kinaýaly duýgyny oýarýar. Ol adam diňe “küýli-de” däl, eýsem “Han küýli”!
Ol öz durmuşyna pitiwa etmeýär. Ýalta, iş ýakmaz, ýatyp iýmegi, janyny aýamagy halaýar. Aýaly Ejegyzyň janygyplar aýdýan sözüne gulak gabartmaýar. Aýaly ondan öý-içeri, hojalyk aladalary barada alada etmegini talap edip, halys iňirdäberse, şeýle diýýär.
«– Saçak hakda sen alada edýärsiň, besdir bize. Eger men hem alada etsem, onda guma goýun çykararys. Onsoň ol goýunlary sagmak gerek bolar. Süýdüni bişirip, basyrmak gerek bolar. Ýaýyp, ýagyny almak gerek bolar. Men hem goýunlaryň gurtlanyna seretmeli bolaryn, ýüňlerini gyrkmaly bolaryn. Sen ony saýyp, keçe etmeli bolarsyň. Bu işler bolsa bize başartmaz…»
“Bally molla”
Bally molla diýlende, garynjygynyň gadyryny bilýän, egni ak köýnekli, ak balakly, garasakgal pyýada göz öňüňe gelýär. Ol özüne üns berilýänini bilýän ýaly, köýneginiň jübüsinden sakgal daragyny çykaryp, wazalin çalyp ýalpyldadan sakgalyny daraýar.
Onuň oba kooperatiwinde gözüni çüýjerdip Gözel gyzy synlaýşy-da, ussaçylyk edişi-de örän özboluşly.
Bally mollanyň Näzik ejäniň ýanynda öwnüşini ýatlalyň. Ilki ýöne bir ýasalyp taşlanan kätmenden başlanan, soňra welosipede ýeten gürrüňi Bally molla şeýle jemleýär. «Näme, demre jan bermek kyn zat däl, traktor dagyny hem men ýasap biljek ahyryn!» Ol adam beýle sözi diýer. Şu söze özüniň güp ynanyp aýdýany hem belli. Özüne şeýle göwni ýetýän adam Gözel ýaly ýaş maşgalany “söýüp”, başdaş aýalyndan aýrylyşmak hyýalyna düşýär.
Kooperatiwde Gözel gyzyň “inini-boýuny” synlap, başy göçen Bally molla öýüne gelende, aýalyna azgyrylýar.
«– Be, bolşuň nätüýsli? Bir ýerden geleniňde, gyzýaň-da geläýýäň – diýip, aýaly ýerinden turdy.
– Bolup oturyşyň şol bolsa, men elmydam gyzgynlydyryn.
– Gyzgynly bolsaň bolupber, şu adamlar hem özüni sençe görýär. Seniň asyl, ömürboýy içiň düzelmän geçdi.
– Saňa meňzeş heleýi bolanyň asyl içi düzelmez.»
Ussat ýazyjy bize şeýle çeper hem satiriki hekaýalary berdi.
Makalada öňe sürülen pikirler awtoryň özüne degişli.