Türkmenistanyň ykdysadyýeti "repressiw"

Aşgabadyň "Çandybil" bazarynyň boş dükanlary

Türkmenistan “Ykdysady azatlyk indeksi” boýunça 178 ýurduň arasynda 171-nji orny eýeledi. “The Herirage Foundation” we “The Wall Street Journal” neşiriniň sişenbe güni bilelikde ýaýradan hasabatynda bellenilmegine görä, Türkmenistanyň ykdysady azatlyk derejesi geçen ýylkydan hem 0.4 dereje pese düşüpdir.

Dünýädäki ýurtlaryň ykdysady azatlyk görkezijileriniň 10, şol sanda şahsy emläk hukuklary, korrupsiýa, biznesi ýöretmegiň; söwdanyň; sermaýa ýatyrmagyň erkinligi ýaly ugurlary seljerilip taýýarlanan hasabatda nygtalyşy ýaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti “repressiw” bolmagyny dowam etdirýär.

Hasabatda Türkmenistanyň biznesi ýöretmek we sermaýa klimatyny gowulandyrmak ugrunda amala aşyran reformalarynyň iş ýüzünde netijesiz bolup çykandygy aýdylýar. Bellenişi ýaly, ýurduň ykdysadyýeti aglaba döwlet pudaklary tarapyndan dolandyrylýan energiýa sektoryna we hökümet tarapyndan aýratyn saýlanylýan sermaýa firmalaryna daýanýar.

“The Herirage Foundation” we “The Wall Street Journalynyň” hasabatynda nygtalmagyna görä, Türkmenistandaky bar bolan korrupsiýanyň derejesi biznes klimatyna weýrançylykly täsir edip, munuň netijesinde-de kanunyň hökmürowanlygy ýok edilýär we meslekdeşlik, ýagny birek-biregi goldaýan adamlaryň kiçi toparlary kemala gelýär.

Kanunyň hökmürowanlygy

Türkmenistanda korrupsiýanyň derejesi ýokary we ol giňden ýaýran. Jemgyýetçilik pudagynyň resmileri özleriniň wezipe ugrundaky ýollarynda köplenç para-peşgeş bermäge mejbur edilýärler.

Ýurduň sud ulgamy prezidentiň gönümel özüne bagly. Ýurduň baştutanynyň özi, hiç bir kanuny seljerme bolmazdan, sudýalary wezipä belleýär we boşadýar.

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk baglaşylan şertnamalary we şahsy emläk hukuklaryny ýeterlik derejede kepillendirmeýär.

Kanunlar gowşak işlenen, şeýle-de sudýalaryň özleriniň taýýarlyk derejesi pes bolup, olaryň para-peşgeşe eli açyk.

Ähli ýer hökümetiň eýeçiliginde bolup, şahsy emlägiň beýleki görnüşleri hem çäklendirilen.

Türkmenistanyň dolandyryş sistemasy ýokary derejede meýletinçilige esaslanýar, kanunçylyk işlemeýär. Käte käbir bökdençlikleriň üstünden geçmek üçin hökümet resmileri bilen şahsy gatnaşyklaryň bolmagy zerur. Gümrük ulgamyndaky dolandyryş hem söwda gatnaşyklaryna zyýan ýetirýär.

“Ykdysady azatlyk indeksi” Türkmenistandaky ýagdaýlary ilkinji gezek 1998-nji ýylda seljerip başlady.

Şu ýylyň hasabyna çykan hasabatda 1-nji orunda Singapur, soňky 178-nji ýerde bolsa Demirgazyk Koreýa ýerleşdirildi.