2013-nji ýyl ylym we tehnologiýa ulgamynda gymmatly ösüşlere şaýat boldy. “Hudawy bölejikler” diýermiň, “sürüjisiz awtoulaglar” diýermiň, ýa-da bolmasa labarotoriýada ösdürilýän gamburger diýermiň, garaz, bu ýylyň dowamynda ylymda we tehnologiýada iňňän uly öňe gidişlikler gazanyldy.
Tehnologiýanyň çalt depginde ösmegi we awtomobil önümçiliginiň ýaýbaňlanmagy wodorod bilen işleýän hem-de “sürüjisiz ulaglaryň” oýlanyp tapylmagyna ýardam etdi.
Öz-özüni dolandyrýan ulaglar
Awtomatiki usul bilen öz-özüni dolandyrýan awtoulaglaryň oýlanyp tapylmagy bilen bu ulgamda “rewolýusiýa” bolup geçýär diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Täze oýlanyp tapylan ulaglar wagty we ýangyjy tygşytly ulanýarlar, ulag heläkçiliginiň öňüni almaga ýardam edýärler we ýaşy bir çene baran adamlaryň, inwalidleriň hatda içgili sürüjileriň maşyn sürmeklerini ýeňilleşdirýärler.
Öz-özüni dolandyrýan ulaglaryň oýlanyp tapylmagynda uly iş bitirýän Google kompaniýasynyň iş dolandyryjysy Larri Peýj täze tehnologiýanyň gazananlary barada oňlarlykly bellikleri aýtdy: “Öz-özüni dolandyrýan maşynlaryň biziň gündelik durmuşymyza we ähli giňişliklere näderejede içgin täsir etjekdigini göz öňüne getirip görüň. Ýaşyl meýdanlar, ulag parklarynyň sanynyň azalmagy, awtomobil heläkçilikleriniň azalmagy we adamlaryň ulag sürmäge sarp edýän wagtlarynyň azalmagy... Ortaça hasap bilen aýdanymyzda, amerikanlar her günde 50 minut maşyn sürýärler. Şonça wagtyňyzy başga zatlara sarp etmäge mümükinçiligiňiziň boljakdygyny göz öňüne getirip görüň.”
Gürrüňi edilýän awtoulaglaryň prototipleri öndürlip, bireýýäm synagdan geçirildi, ýöne, ekspertleriň aýtmaklaryna görä, şeýle ulaglar halka ýene çen bilen 10 ýyldan dagy elýeterli bolar.
Gelejekde ulanyşyga girizilmegi maksat edinilýän bu ulaglar diňe wodorod bilen işlär. Diýmek, awtoulaglar suwy bugardyp, onuň düzümindäki wodorod bilen ýörärler.
“Suw ýangyç” nokatlarynyň gurluşygy, elbetde, köp wagt alar we oňa köp mukdarda maliýe serişdesi gerek bolar Ýöne elektrik togy bilen işleýän ulaglara garanyňda, wodorod bilen işleýän ulaglar ýag-ýangyçly ulaglara köp tarapdan meňzeýärler we olary, ýagny wodorodly ulaglary edil ýag-ýangyç bilen işleýän maşynlar ýaly, gysga wagtda “suw ýangyç” nokatlarynda ýangyçdan dolduryp bolýar.
Günorta Koreýanyň “Hyundai” atly ulag kompaniýasy wodorod bilen işleýän SUV kysymly awtomobilleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Agzalýan ulagyň üstümizdäki ýyl Kaliforniýada halka ýetirilmegine garaşylýar. Ulagyň tölegi barada aýdylanda, müşderi ilkibaşda 3000 amerikan dollaryny tölemeli we şondan soň üç ýyla çenli her aýda 499 dollar tölemeli bolar. Ýöne mundan daşgary kompaniýa ulagyň bejergisini we wodorod üpjünçiligini öz üstüne alar. Ýaponiýanyň Honda we Toyota kompaniýalary 2015-nji ýylda ulag bazaryna ýiti täsir etjek täze ulag modelleriniň üstünde işleýändiklerini habar berdiler.
"Ösdürilen" buterbrod
Gürrüňimizi beýleki bir açyş barada dowam edeliň! Gollandiýadaky bir labarotoriýada sygyr etinden alnan öýjükden 332 müň dollarlyk buterbrod ösdürilip ýetişdirildi. Hawa, ösdürildi we ýetişdirildi. Awgust aýynda Londonda geçirilen konferensiýada adamlar şol buterbrodlary bişirip iýdiler. Tagamlar barada kitap ýazýan Joş Şonwald hem agzalýan buterbrodlary dadyp görenleriň hataryndady. Ol täze açyşyň tagamynyň “başgaçarakdygyny” aýdýar: “Edil et iýen ýaly bolýaň. Ýöne ýagsyz et. Düzüminde ýagyň ýoklugy - tagamyň ýetmezçiligi, ýöne ony dişläniňde edil adaty gamburg dişlän ýaly bolýaň.”
Alymlaryň aýtmaklaryna görä, laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilýän et daşky gurşaw bilen sazlaşykly we saldamly iýmit alternatiwasyny hödürläp biler. Ýöne etiň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin giň meýdan gerek bolar we bu tebigaty aýawly saklamaga-da ýakyndan ýardam eder.
Million ýyllyk kelleçanak
Indi gürrüňi kelleçanak barada dowam edýäris. Sentýabr aýynda Gürjüstanyň Dmanisi atly arheologiki gazuw-agtaryş meýdanynda 1.8 milion ýyl öňki kelleçanyk tapyldy. Bu taryhy açyş örän gysga wagtyň içinde Ýer şarymyzyň ilatynyň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi bu kelleçanak adamzadyň geçmişi barada ýazylan işleri täzeden gözden geçirmäge esas bolar.
“Skull 5”, ýagny “Kelleçanak 5” diýlip atlandyrylýan bu tapyndy taryhyň Pleýstosen eýýamyna degişli bolup, ol irki döwürde ýaşap geçen adamlaryň beden gurluşy barada esasly maglumatlary edinmäge ýardam berer.
Gürjüstanyň “Milli muzeýiniň” işgäri we onuň işdeşleri täze tapylan “kelleçanagyň” irki döwürde ýaşap geçen hominidler (adamlar), hususan-da “Homo habilis” (ilkidurmuş obşinasynda “ukyply adam”) we Homo rudolfensis (daşdan ýasalan gurallary ulanyp başlan adamlar) toparlary barada has giňişleýin maglumatlary edinmgäge kömek berer diýýärler. “Kelleçanak 5” käbir esasy aýratynlyklary özünde jemleýär, ýagny onuň beýnisiniň duran ýeri has kiçi we ýüzi uly. Ilkidurmuş adamlary barada beýle maglumatlara şu wagta çenli hiç haçan duş gelinmändi.
“Tapylan kelleçanak bir zady açyk-aýdyň görkezýär, bir topara degişli diýýän adamlarymyz hem öz aralarynda dürli-dürli bolupdyrlar. Ýagdaýyň şeýle bolmagy bir soragy döredýär, ýagny Afrikada dürli-dürli hominidleriň ýaşap geçendigi anykmy, ýa-da ol ýerde irki hominidleriň diňe bir taýpasy ýaşapdyrmy?”
“Ýitip giden janly-jandarlary gaýtadan dikeldip bolar” diýen pikir 2013-nji ýylda täzeden peýda bolup başlady.
Käbir alymlar bu meselä çynlakaý garap başladylar. Öňki döwürde ýaşap geçen mamontlaryň häzirki tapyndylaryndan belli bir derejede onuň genetiki koduny çözmegi başaran alymlar, eger-de “diri öýjük” tapsalar, onda mamontlary täzeden klonlap bolar diýýärler.
Orsýetli alymlar maý aýynda bu mesele boýunça uly sepgidiň geçilendigini aýdýarlar. Şonda olar 10 müň ýyl ozal ýaşap geçen mamontyň maslygyny tapypdylar we onuň beden agzalary çüýremän saklanyp galypdyr. Alymlar Arktikanyň Lýahowskiý atly buzly adasyndan tapylan maslykda suwuk ganyň tapylandygyny aýdýarlar. Semýon Grigoriýew mamontyň myştsa dokumalarynyň üýtgemän saklanyp galandygyny aýdýar, onuň sözlerine görä, maslygyň aşak tarapy arassa buza çümüp galypdyr.
Ýakutskda ýerleşýän Demirgazyk-gündogar Federal uniwersiteti Günorta Koreýanyň öňdebaryjy klonlaýjy kompaniýasy “Hwang Wu-Suk” bilen mamontyň dokumasyny klonlamak boýunça şertnama baglaşdy. Agzalýan koreý kompaniýasy 2005-nji ýylda ilkinji gezek bir iti klonalapdy.
“Hudawy bölejikler”
2013-nji ýylda britaniýaly alym Peter Higgs we belgiýaly alym Fransua Englert “Hudawy bölejikler” diýip atlandyrylýan teoriýanyň üstünde işläp, fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular.
Olar 60-njy ýyllarda “madda öz agramyny nireden alýar?” diýen soraga jogap tapmak üçin bir mehanizm işläp düzdüler. Şol mehanizmde belli bolan üsti açylmaly bölejik 2012-nji ýylda tapyldy. Agzalýan ylmy açyş soňky asyryň dowamynda fizika ylmy boýunça edilen açyşlaryň iň ähmiýetlisi hasaplanýar.