Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri atly hepdelik gepleşiginiň nobatdaky sanynda ozalky ýyllarda Türkmenistandan göçüp, dünýäniň Owganystan, Pakistan, Türkiýe we arap ýurtlary ýaly dürli künjeklerine ýaýran türkmenleriň häzirki durmuş ýagdaýlary we olaryň Türkmenistan bilen bolan gatnaşyklary hakynda pikir alyşylýar.
Pikir alyşyga gatnaşýanlardan halkara gatnaşyklar bölüminiň talyby Abdylnazar Rahmany "Türkmenistana baranymda gümrükdäki esgerler biziň ata-babalarymyzy ýurtdan gaçmakda aýyplap gaty göwnüme degdiler. Owganystandaky türkmenler barada Türkmenistanda nädogry garaýyşlar bar. Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömekleri hem türkmenlere däl-de umumy owgan halkyna iberilýär", diýdi.
Lukmançylyk ugrundan bilim alýan talyp Esadylla Erkin bolsa "Türkmenistanyň serhetçileri Kerkiniň golaýynda ýerleşýän serhetýaka türkmen obasynyň adamlaryny urup-ýenjip gaty heläk edýärler. Türkmenistan Owganystandaky türkmenlere eýe çykmasa başga kim çykar? Türkmenler birleşmese ýitip giderler" diýýär.
Owganystandan Türkiýä göçen türkmenlerden Abdylsalam Gül bolsa "Türkmenistanyň dünýä türkmenlerine wiza babatda döredýän kynçylygyna göwnümiz razy däl. Türkmenistan beýdip dünýä türkmenlerini eýesiz goýmaly däl. Türkmenistan indi dünýädäki türkmenleriň nalyşlaryny eşitmeli" diýip belleýär.