Zatoka: Eden-etdilik goraghana işgärlerini gorkuzýar

Ekolog Andreý Zatoka

Türkmenistanda ýaňy-ýakynda ýene bir zapowednik, ýagny tebigy goraghana işläp başlady. 10-njy dekabrda işe girizilen “Bereketli Garagum” atly täze döwlet goraghanasy Ahal welaýatynyň demirgazyk böleginde tomus aýlarynda esaslandyryldy. Bu goraghananyň serhetleriniň we öňa degişli ýörite giňişlikleriň araçäkleriniň kesgitlenendigi we häzirki wagtda bu ýerde işlejek gorag bölüminiň inspektorlarynyň taýýarlanýandygy barada resmi maglumat berildi.

Türkmen tebigy goraghanalary nähili işleýär, olaryň nähili aýratynlyklary, nähili kynçylyklary bar?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ýaşan we işlän ekolog Andreý Zatoka bilen söhbetdeş boldy. Häzir Orsýetde ýaşaýan Andreý Zatoka ençeme ýyllap Türkmenistanyň Gaplaňgyr zapowedniginde işledi.

Azatlyk Radiosy: Andreý, siz Türkmenistanyň goraghanalarynda arap döwletlerinden barýan awçylaryň öňki ýyllarda aw awlamagynyň giň ýaýran bir ýagdaý bolandygyny gürrüň berdiňiz. Şeýle awçylyk kimiň guramaçylygynda edilýärdi?

Andreý Zatoka: Esasy guramaçylaryň biri, ýagny şeýle awçylygyň inisiatorlarynyň biri merhum Rustam Maşaripowdy. Ol uzak wagtlap öz wezipesinde saklanan adamdy. Maşaripow Tebigaty goramak ministliginde Zapowednikler bölüminiň ýolbaşçysydy.

Azatlyk Radiosy: Tebigaty goramak maksadyny göz öňünde tutýan tebigy goraghanalaryň ýerli ýolbaşçylarynyň derejesinde awçylygy gurnamak näderejede mümkin? Munuň üçin ýokardan rugsat almaly dälmi?

Andreý Zatoka: Elbetde, ol ähli rugsatnamalary almagy başarýardy. Zapowedniklerde awawlamak üçin barýanlara dynç almak we tebigaty öwrenmek üçin sapar edýän adamlar hökmünde wiza hem ýörite rugsatnamalar taýýarlanyp berilýärdi. Awçylyk bolsa şol resmi kagyzlarda düýpden agzalmaýardy. Şol bir wagtda-da aw awlanýan ýeriň daşynda ýörite gorag gurnalýardy. Onuň düzümine ýörite gulluklaryň işgärleri hem girýärdiler. Gözegçi inspektorlar ýa-da ýerli ýaşaýjylar bu prosese hiç hili täsir edip bilmeýärdiler.

Azatlyk Radiosy: Şeýle awçylygyň amala aşyrylan iň aktiw döwürleri haçan bolupdy?

Andreý Zatoka: Şeýle awçylyk, ýalňyşmaýan bolsam, 1993-nji ýylda başlanypdy, soň Tebigaty goramak ministri wezipesine Dörtguly Gurbanow bellenipdi, ol belli bir wagtda şeýle awçylygy togtadypdy, emma ol ministr wezipesinde köp saklanmady. Onuň wezipesinden çekilmeginden soň awçylyk ýene-de dikeldildi. Zapowedniklerdäki awçylyk 2006-2007-nji ýyllara golaý döwürde – Nyýazowyň häkimiýet başyndaky soňky ýylynda ýa-da Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen ilkinji ýylynda tamamlanypdy.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlularyň Türkmenistanda aw awlamaklary ýurduň zapowedniklerine nähili täsir ýetirdi?

Andreý Zatoka: Türkmenistanyň Günbatarynda awçylar keýikleri we towşany doly gyrdylar diýse-de boljak. Merkezi Garagumda hem aw awlanýardy. Ýöne awçylyk zapowednikleriň edil özlerinde däl-de, olaryň daşyndaky, emma tebigatyň [goralmaly] we örän gymmatly hasaplanýan ýerlerinde edilýärdi. Bu ýerde bir zady düşündirmek gerek: iň gymmatly we iň seýrek [ösümliklere we jandarlara baý] ýerler [hemişe] hökman zapowednikleriň düzümine girizilip durmaýar. Zapowednikler tebigatda bar bolan ähli bio dürlüligi öz içine alyp hem bilmeýär, ony gorap hem bilmeýär, şonuň üçin tebigatyň esasy baýlyklary [barybir] zapowednikleriň daşynda galýar.

Zapowednikleri doly gorag astynda saklanýan özboluşly bir laboratoriý diýip atlandyrsa bolar. Bu ýerde adamyň [keseden] goşulmadyk ýagdaýynda tebigatdaky prosesleriň nädip geçýändigi öwrenilýär. Zapowednikleri meteostansiýa bilen hem deňeşdirmek mümkin, ýagny meteostasiýalar ýapyk bir ýer bolup, töwerek-daşyndaky prosesleri öwrenýär. Meniň aýdan zatlarym zapowedniklere mahsus we umumy derejede ykrar edilen düzgünlerdir.

Şeýlelikde zapowednikler açyk asmanyň astyndaky tebigy laboratoriýa bolup hyzmat edýär, zapowednikleriň işgärleri onuň çäklerindäki we daşyndaky prosesleri öwrenip, deňeşdirme geçirýärler. Olar hojalykçylara tebigy resurslardan tebigata zyýan ýetirmän peýdalanmak boýunça rekomendasiýalary berýärler. Ýönekeý söz bilen aýdylanda, düzgünleriň berjaý edilmegi bilen keýikleriňem, towşanlaryňam hemme ýerde köp bolmagyny gazanmak maksady göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy: Zapowedniklerden başga tebigy goraghanalaryň nähili görnüşleri bar?

Andreý Zatoka: Hawa, zakaznikler hem bolýar. Türkmenistanda zakaznikler zapowednikleriň garamagynda bolýar. Olar hem zapowednikleriň işgärleri tarapyndan goralýar. Zapowednikden tapawutlylykda zakaznigiň giňişliginde tebigatdan peýdalanyş çäklendirilmeýär. Ýöne zakaznikler hem goralýar. Gorag režimi belli bir resurslary ýa-da landşafty saklamak maksadyny göz öňünde tutýar. Meselem, suwda ýüzýän guşlary goramak üçin zakaznikler, keýikleri köpeltmäge niýetlenýän zakaznikler bar, gulanlary köpeltmek üçin zakaznikler hem bar. Meselem, meniň işlän Gaplaňgyr zapowednigimde Bathyzdan getirilen gulanlar zapowednigiň özüne däl-de, Sarygamyş zakazniginiň giňişligine goýberilýärdi. Zapowednikde bolsa emeli ýagdaýda hiç bir zat edilmeýär, tebigy proseslere düýpden gatyşylmaýar. Bolmasa zapowedniklerde geçirilýän ylmy öwrenişleriň ters netije bermegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda näçe zapowednik we näçe zakaznik bar?

Andreý Zatoka: Dokuz sany zapowednik we olaryň her biriniň ýanynda azyndan 2-3 sany zakaznik bar. Üstesine, tebigatyň ýadygärlikleri hem bar. Olaryň goralmagy hem zapowedniklere tabşyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda brakonýerlik problemasy ulumy?

Andreý Zatoka: Ýurtda brakonýerlik ykdysady krizis döwürlerinde göz-görtele azalýardy. Benziniň gytçylygy, awto we moto ulaglaryň ilat üçin elýeterli bolmadyk ýyllary tebigat üçin örän amatly pursatlar bolýardy. Bu ösümlikler we janly-jandarlar dünýäsi üçin peýdaly bolupdy. Üstesine, obalary gaz bilen üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler hem tebigat üçin peýdaly bolupdy. Adamlar odun üçin sazagy çapmagyny bes edipdiler. Bolmasa sazak çakdanaşa köp çapylyp, ýyladyş üçin ulanylýardy. Häzirki wagtda sazagyň çapylmagy bilen bagly brakonýerlik bar, emma onçakly bir uly däl.

WIP brakonýerlik barada aýdylanda, araplar we beýleki daşary ýurtlular Türkmenistanyň tebigatyna uly zyýan ýetirdiler. Häzirki wagtda bolsa şeýle brakonýerligi ýurduň baý adamlary, resmileri edýärler. Olara hem gözegçilik etmek kyn bolýar, goraghanalaryň gözegçiligi-de indi gowşady. Ozalky döwürlerde biziň işgärlerimiz polisiýanyň ýolbaşçysyny ýa-da prokurory ýanyna alyp, derňew gozgalmagyny gazanýardy we günäkärleri jogapkärçilige çekýärdi, olar hatda suda berlip jeza hem alýardylar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda tebigaty goraýjylar tebigata zyýan ýetirýän ýolbaşçylary jogapkärçilige çekip bilýärlermi?

Andreý Zatoka: Häzir hiç bir inspektor iri çinownigi suda çekip bilmeýär. Gynansak-da, soňky döwürde tebigata zyýan ýetirýän ýene bir gelşiksiz ýagdaý ýüze çykdy. Bu haýsy-da bolsa biriniň zakazy boýunça haýwanlaryň tutulmagyna we öldürilmegine degişli. Köplenç diri haýwanlar tutulýar. Şeýle ýagdaýa boýun bolup bilmän, käbir bilimli işgärleriň we inspektorlaryň işden giden halatlary-da az bolmandy.

Adatça, ýokary wezipeli resmiler ýa-da baý adamlar haýsy-da bolsa bir haýwany tutup bermegi sorap, pudagyň wezipeli işgärlerine ýüzlenýärler. Olaryň göwnüni tapmak üçin haýwanlar tutulýar. Köplenç tutulýan haýwanlar horlanýar ýa-da ölýär. Meselem, keýijek gerek bolsa onuň ejesini hem öldürýärler. Bu bolsa hakyky tebigaty goraýjylary bu sistemada işlemekden ürküzýär. Köp adam muňa göz ýumup bilmän, işden gidýär.

Azatlyk Radiosy: Haýwanlaryň tutulmagy muny sargyt edýän adamlara näme üçin gerek bolýar?

Andreý Zatoka: Käbirleri öz öýlerinde saklaýarlar. Goraghanalardan haýwanat baglary üçin hem haýwanlar we guşlar, şol sanda gyzyl kitaba girizilen jandarlar tutulýar. Emma köp haýwanlar, ilkinji nobatda-da toýnaklylar ölýär. Haýwanat baglarynda işgärleriň ýetmezçilik etmegi köplenç muňa sebäp bolýar. Şeýlelikde goraghanalarda haýwanlaryň tutulmagy köplenç olaryň ölmegine getirýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda tebigaty goramak ugrunda bar bolan kemçilikler we kanun bozmalar barada nirä ýüz tutup bolýar?

Andreý Zatoka: Gynansak-da, Türkmenistanda resmileriň bikanun hereketlerinden şikaýat etmek üçin sistema ýok. Çykgynsyz bir ýagdaý emele geldi. Soňky döwürde prokuratura raýatlaryň çinownikleriň eden-etdiliklerinden şikaýat edip ýazýan arzalaryny hatda kabul hem etmeýärdi. Men muny “çinownikleriň raýdaşlygy” diýip atlandyrýaryn. Problema barada ýerli habar serişdelerinde-de maglumat berilmeýär, ýurtda garaşsyz jemgyýetçilik guramalary-da ýok edildi. Şeýle ýagdaýda diňe prezidente ýazmak galýar, käbirleri [hakykaty ýokaryk ýetirmek üçin, uly] umyt edip ýazýar. Umuman, howply bolsa-da, Türkmenistanda öz hak-hukuklaryňy belli bir derejede goramak mümkin. Sebäbi türkmenler adalatly millet, öz şahsy bähbidiň üçin däl-de, iliň umumy bähbidi üçin göreşýäniňi görseler, ýardam hem berýärler. Ýöne çykyş etmäge taýýar adamlar az bolýar, şonuň üçin haksyzlyk dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda zapowedniklerde we tebigaty goramak ugrunda işläp biljek spesialistleri taýýarlaýan okuw jaýlary barmy?

Andreý Zatoka: Uniwersitetiň biologiýa fakultetini tamamlaýanlar pudakda işläp bilýärler. Sowet döwründe [ozalky sowet respubliklarynyň] zapowedniklerinde örän gyzykly bir ýagdaý köp duş gelýärdi, sowet respublikalarynyň zapowedniklerinde ylmy işgärler hökmünde köplenç başga ýerlerden gelen adamlar işleýärdi, tokaý gözegçisi, goragçysy hökmünde bolsa ýerli adamlar işleýärdi. Bu bolsa biologlar üçin başga ýerleri görmegiň örän gyzykly bolmagy bilen bagly. Türkmenistan klimat taýdan bir zonada ýerleşýär, şonuň üçin bu ýerde howanyň dürlüligi bolmansoň, türkmen alymlarynyň daşky dünýä bilen ylmy alyş-çalşygynyň örän çaklidigi gynandyrýar. Daşary ýurtlular üçin bu ýurda baryp, 3-5 ýyl dagy işlemek we bu ýerde öz ylmy barlaglarynyň netijelerini galdyrmak örän peýdaly bolardy.

Azatlyk Radiosy: Andreý, siz zapowedniklerde alnyp barylan işleriň ozalky döwürlerde ylymlar akademiýasy bilen bagly bolandygyny aýtdyňyz. Türkmenistanda şu günki alyş-çalyş prosesler näderejede alnyp barylýar?

Andreý Zatoka: Zapowedniklerde köpden bäri işleýän işgärler öz ylmy işlerini diňe bir türkmen neşirlerinde däl-de, daşary ýurt neşirlerinde-de çap edýärdi. Emma iňlis dilini ýa-da ors dilini bilmeýän alymlar üçin Türkmenistanyň daşynda öz işlerini çap etmäge mümkinçilik ýok. Bu bolsa olaryň daşky dünýä bilen kontaktlaryny örän çäklendirýär.

Men 2010-njy ýylda Gazagystanyň Ustýurt zapowednigine baryp gaýtdym. Ol Türkmenistan bilen serhede golaý ýerde ýerleşýär. Şol zapowednikde işleýän gazagystanlylar beýleki ýurtlardan spesialistleri aktiw çagyrýarlar. Biz şonda zapowednigiň ähli ýerlerine baryp gördük, olar üçin barlaglary geçirdik, biz hatda olaryň özlerinde bolmadyk spesialistleriň işlerini ýerine ýetirdik. Bu bize tejribe paýlaşmak üçin gowy pursat boldy. Biz gaýdanymyzda, zapowednik üçin öz hasabatlarymyzy galdyrdyk. Tejribe paýlaşmak hem alymlar, hem zapowednikler üçin örän möhüm. Zapowednik alymlaryň baryp, barlag geçirmekleri üçin baza bolmaly. Emma hut şu zatlar häzirki wagtda Türkmenistanda düýpden ýok.

Azatlyk Radiosy: Käbir ýurtlarda goraghanalar syýahatçylyk üçin merkez bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda munuň üçin mümkinçilikler barmy? Siz, umuman, tebigat bilen bagly syýahatçylyga nähili garaýarsyňyz?

Andreý Zatoka: Zapowedniklerde syýahatçylaryň işi ýok diýsem, ýalňyş bolmaz, sebäbi zapowednik şeýle funksiýany öz üstüne alsa, ol zapowednik bolmaýar-da, milli parka öwrülýär. Bu başga gürrüň. Şeýle ýagdaýda syýahaçylyk üçin marşrutlar döredilýär. Syýahatçylygy guramak üçin bolsa, goşmaça maliýe serişdeleri we goşmaça işgärler talap edilýär. Şonda-da zapowednigiň goralýan merkezine syýahatçylar goýberilmeli däl. Sebäbi gyzykly ýerler zapowednikleriň daşynda-da köp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şeýle syýahatçylyk gyzykly bolardymy?

Andreý Zatoka: Türkmenistanda munuň üçin mümkinçilik ýok. Sebäbi ol ýere syýahatçylar örän çäkli sanda barýarlar. Wiza režimi örän köp kynçylyklary döredýär. Emma tebigat taýdan Türkmenistan syýahatçylyk üçin iňňän gyzykly ýurt. Ýöne şeýle myhmansöýer ilatly ýurda myhmançylyga baryp bolmaýandygy diýseň geň galdyrýar.