Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti paýtagtda gurulýan olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Bu mejlisde 2017-nji ýylda geçiriljek Aziadanyň guramaçylyk işlerine garalyp, bu sport çäresine gabatlap gurulýan obýektler barada hem habar berildi.
Şol bir wagtda-da olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde ýerleşýän Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa stadiony sökülýär. Häzir bu stadion üstüne awiabomba oklanan desgany ýadyňa salýar. Eýýäm bir aýdan hem köp wagt bäri gije-gündizläp sökülýän bu stadionyň indiki ýylyň fewral aýynyň ahyrynda doly sökülip gutaryljakdygyny Polimeks kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja düýnki geçirilen mejlisde habar berdi.
2001-nji ýylda 35 müň tomaşaça niýetlenip gurlan bu stadionyň deregine täze 45 müň tomaşaçy sygýan stadionyň guruljakdygy aýdylýar. Ilki gurlanda olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin gurlan bu stadionyň sökülmegi bu edilýän işiň näderejede dogrudygy baradaky soraglary döredýär.
Garaýyşlar
Paýtagtyň ýaşaýjysy, 46 ýaşly Ýazgeldiniň pikiriçe, bu iş – halkyň puluny ýele sowurmak. “Öň gurlanda, soňam ony sökmek üçinem ep-esli pul çykarylyp, indem onuň ýerine täze stadion gurmaga pul sowurmakdan başga [muňa] näme diýjek” diýip, Ýazgeldi aýdýar.
Onuň pikiriçe, öňki stadion sökülmän modernleşdirilen bolsa, has tygşytly hem-de maksadalaýyk bolardy. “Öňki stadionyň ýagdaýy, dogrudanam, gowy däldi. Stadionyň futbol meýdançasy, ylgaw ýodajyklary, hajathanalarydyr beýleki jaýlarynyň ýagdaýy gözgynydy. Şolar remont edilen bolsa boldugydy” diýip, Ýazgeldi gürrüň berýär.
Zerurlyk
Täze guruljak stadionyň 45 müň tomaşaçylyk bolmagyna-da zerurlygyň ýokdugyny aýdýan ildeşlerimiz az däl. Olaryň arasynda sport bilen gönüden-göni baglanyşykly ildeşlerimiz hem bar. Aşgabatly trener Amanmyradyň aýtmagyna görä, ýurtda iň bärkisi 10 müň tomaşaçylyk stadionlaram dolanok.
“Biziň ýurdumyzda 10 müňlük stadionam köp bolýar. Şolaram tomaşaçylardan doldurup bolanok. Öňki olimpiýa stadiony hem hiç mahal dolanokdy. Diňe mejbury tomaşaçylar [eltilende] dolýardy. Munuň ýaly uly stadionyň gurluşygyna sarp ediljek pullar sporty ösdürmek üçin sarp edilen bolsa, has gowy bolardy” diýip, Amanmyrat aýtdy.
Aeroport
2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary bilen bagly “ýumrup-gurmak” işleri diňe öňki olimpiýa stadiony bilen çäklenmez. Paýtagtda gurulmaly täze aeroport hem Aziada gurluşyklarynyň bir obýekti. Bu täze halkara aeroporty hem häzirki hereket edýän Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroportynyň ýerinde gurlar.
Häzirlikçe bu aeroportyň golaýynda täze kiçi aeroport gurulýar. Onuň gurluşygy indiki ýyl tamamlanandan soň häzirki hereket edýän halkara aeroportyň binasy ýumrulyp, onuň dergeine täze halkara aeroprt gurlar.
Öňki olimpiýa stadionynyň hem-de halkara aeroportyň öz döwründe döwrebap, halkara standartlaryna gabat gelýändigi, paýtagtyň keşbine görk berýändigi wasp edilýärdi. Olaryň hersiniň gurluşygy üçin döwlet býujetinden ägirt uly pul serişdeleri sarp edilipdi.
“Bu obýektler gurlanda halkyň pikiri soralmaýşy ýaly, olary ýumranlarynda-da [halkdan hiç zat] soranoklar. Ýogsa, bu obýektleri gurmak we ýumurmak üçin sarp edilýän pul halkyňky” diýip, Ýazgeldi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Resmi metbugatda berilýän maglumatlara görä, paýtagtda gurulýan olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna 5 milliard dollara golaý pul sarp ediler. Emma, Aziada-2017 sport çäresi bilen bagly alnyp barylýan işleriň näderejede maksadalaýykdygy barada häkimiýetler hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar