BMG: G.Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrylýar

G.Annanyýazow, türkmenistanly dissident

«Freedom Now», «Indi Azatlyk» guramasynyň petisiýasyna jogap hökmünde, BMG-niň Esassyz tussag etmeler boýunça iş topary syýasy aktiwist Gulgeldi Annanyýazowyň türkmen hökümeti tarapyndan bikanun, halkara kanunlaryny bozmak esasynda tussagda saklanýandygy baradaky netijä geldi.

BMG-niň Esassyz tussag etmeler boýunça iş topary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan bäş hukuk goraýjy ekspertden ybarat garaşsyz panel Gulgeldi Annanyýazowyň derhal azat edilmegine çagyrýar.

«Jenap Annanyýazow türkmen hukuk aktiwisti we syýasy dissident. Ol 1995-nji ýylda Türkmenistanda hökümete garşy parahatçylykly protest gurnanyndan soň tutuldy we 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Hökümet jenap Annanyýazowy bäş ýyl soň, günä geçiş esasynda azat etdi we ol maşgalasy bilen Norwegiýa gaçdy» diýip, beýanatda aýdylýar.

Dissident Watanyna dolananda tutuldy

Annanyýazow 2008-nji ýylyň 24-nji iýunynda Norwegiýadan öz dogduk watany Türkmenistana dolanyp gelýär. Emma ol şol gün giçlik Aşgabatdaky öýünde ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýär. Annanyýazow şondan üç aý çemesi soň sud tarapyndan 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär.

Türkmenbaşydaky boş türme, 25-nji iýun, 2008.


Sud ýapyk bolýar we Annanyýazowyň maşgala agzalary sud zalyna goýberilmeýär. Şondan bäri Gulgeldi Annanyýazowy ne gören bar, ne-de eşiden, hatda onuň maşgala agzalary-da ol barada hiç zat bilmeýär diýip, halkara guramasynyň metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.

Essasyz tussag etmeler boýunça iş toparynyň gelen netijesinde jenap Annanyýazowyň tussagda saklanmagy esassyz, sebäbi bu onuň pikirini açyk aýtmak azatlygyny we parahatçylykly ýygnanyşmak baradaky esasy hukuklaryny bozýar diýilýär.

Annanyýazowa kompensasiýa tölenmeli

Mundan başga, Iş topary hökümet jenap Annanyýazowy jogapkärçilige çekende çynlakaý prosedura ýetmezçiliklerini düzedip bilmedi diýýär. Jenap Annanyýazowyň derhal boşadylmak zerurlugyny nygtamak bilen, Iş topary oňa kompensasiýa berilmelidigini belleýär we onuň işini adam gynalmagy boýunça ýörite hasabatça hem-de BMG-niň mejbury ýitirim edilmek boýunça iş toparyna geçirýär.

«Freedom Now», «Indi Azatlyk» guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Maran Turner hem bu çagaryşa goşuldy: “Biz Iş toparynyň gelen netijesini gutlaýarys. 10-njy dekabrda bellenýän Halkara adam hukuklary gününiň golaýlamagy bilen, biz türkmen hökümetini Iş toparynyň gelen netijesine jogap berip, jenap Annanyýazowy haýal etmän azatlyga çykarmaga çagyrýarys. Onuň syýasy aktiwsit hökmündäki parahatçylykly işi halkara kanunçylygy esasynda açyk goralýar we türkmen hökümeti onuň maşgalasyna gowuşmagyna rugsat bermeli» diýip, Turner aýtdy.

«Freedom Now» guramasy häzir jenap Annanyýazowyň mugt halkara hukuk geňeşçisi bolup hyzmat edýär.