Türkmenistanda «Sanjar wakasynyň» bolanyna, ýagny prezident S.Nyýazowyň janyna kast ediljek bolnandygy baradaky resmi habaryň ýaýranyna 11 ýyl dolýar. Şol bir wagtda bu işde günäkär tapylyp, uzak möhletli türmä basylan adamlaryň onlarçasynyň soňky ykbaly nämälimligine galýar.
Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetini, 25-nji noýabrçylaryň nämälim ykbaly bilen baglylykda, öz syýasy garşydaşlaryny ýitirim etmekde tankytlaýar.
2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň öňki prezidenti ýogalyp, täze prezident saýlanandan soň, halkara guramalary resmi Aşgabady bu adamlary gaýtadan, açyk we adalatly sud etmäge çagyrdy.
Soňky döwürde bolsa, türmä basylan 25-nji noýabrçylaryň käbiriniň garyndaşlary olardan diňe habar bilip bilseler hem kaýyldyklaryny aýdyp, Azatlyk Radiosyna interwýu berdiler.
Golaýda birnäçe hukuk topary birleşip, Türkmenistanda 25-nji noýabr bilen bagly uzak möhletli türmä basylan adamlaryň diri görkezilmegini gazanmak barada kampaniýa başlandyklaryny yglan etdiler.
Emma bu çagyryşlaryň netijesi görünmeýär. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistan özüni hukuk döwleti atlandyrýar we resmi Aşgabat adam hukuklary boýunça bir topar halkara şertnamasyna gol çekdi.
Eýsem bu meselede resmi Aşgabady saklaýan, ýagny ony öz kanunlaryny bozup, tussaglaryň öz garyndaşlary bilen görüşmeginiň öňüni almaga itekleýän sebäpler näme? Ol bu gümürtik ýagdaýdan nädip çykmaly?
Bu meseläniň şeýle galmagy Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmündäki abraýyna, ýurtda kanunçylygyň geljegine nähili täsir ýetirer?
Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize garaşýarys.