Ýakynda çap edilen maglumatlara görä, Täjigistanda köp aýallar çagalaryny öýde, köplenç medisina kömegi bolmadyk ýagdaýda dogurýarlar.
Tutuş Merkezi Aziýa boýunça eneleriň ýaş üstünden iň ýokary ölüm derejesi Täjigistanda duş gelýär. Şol sebäpden Täjigistan göbegene akuşer lukmanlaryň kömegini has elýeterli etmek boýunça plany durmuşa geçirip başlady. Emma ýaş üstünden ýogalýan zenanlaryň sany bu plany durmuşa geçirmek üçin ýurduň uzak ýollary geçmeli boljagyny görkezýär.
Statistiki sanlar
Ýakynda çap bolan maglumatlara görä, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Ýowon etrabynda soňky ýylda çaga dogran zenanlaryň 44%-i çagasyny öýünde dogrupdyr. Şol zenanlaryň ýarpysyndan gowragy medisina kömeginden peýdalanmandyr.
Maglumatlary taýýarlan “Strategiýa” atly merkez Täjigistanyň günorta regionyndan toplan maglumatlarynyň ýurduň beýleki oba ýerlerindäki ýagdaýa hem degişlidigini aýdýar.
Täjigistanyň Saglyk ministrligi bolsa, umuman, ýurt boýunça zenanlaryň aglaba böleginiň keselhanalarda çaga dogurmak isleýändigini we aýallaryň diňe 10%-iniň öýde dogurýandygyny aýtdy. Emma täjik resmileri-de öýünde dogurýan zenanlaryň medisina kömeginden peýdalanmaýandygyny boýun aldylar.
Bu meseläniň Täjigistanda agyr problemadygyny sanlar hem tassyklaýar. Ýurtda diri dogulýan her 100 müň çagadan hasap tutulanda, 47 göwreli zenan ýaş üstünden ýogalýar. Olaryň hem köpüsi öýlerinde dogurýan aýallardyr.
Aýallaryň ýaş üstünden ölýän halatlarynyň köp bolmagy täjik resmilerini täze inisiatiwany işe girizmäge mejbur etdi. Bu çärä laýyklykda 2015-nji ýyla çenli her bir zenan üçin göwreli döwründe we çaga dogranda medisina kömeginiň elýeterli bolmagy göz öňünde tutulýar.
“Strategiýa” merkezinden Firuz Saidow göwreli aýallaryň medisina kömeginden peýdalanmazlygynyň dürli sebäpleriniň bardygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, käbir zenanlar uzak ýerlerde ýerleşýän obalarda ýaşaýar we olary keselhana äkitmek üçin käte adam tapylmaýar. Şol bir wagtda-da çagany öýde dogurmagyň örän howpludygyny bilmeýänler hem bar.
Medisina hyzmatynyň bahasy
Bäş çaganyň enesi Gulmoh Sobirowa çagalarynyň üçüsini öýde dogrupdyr. Hatlon welaýatynyň uzak bir böleginde ýerleşýän Tanobçi obasynda ýaşaýan Gulmoh öýde dogurmagynyň sebäbini munuň arzanlygy bilen düşündirýär.
Gulmoh Sobirowa oba ýaşaýjylarynyň örän garypdygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, çagany öýde dogurmak üçin ýardam berýän şepagat uýalaryna, adatça, 10 we 60 dollar aralygynda pul berilýär. Ulanylýan dermanlar we sanjymlar üçin goşmaça pul tölenýär.
Emma keselhanada dogurmak üçin edilýän çykdajylar 150 dollara ýetýär.
Täjigistanda saglygy saklaýyş resmi taýdan mugt, diýlip hasap edilýän hem bolsa lukmanlara we şepagat uýalaryna para berilmegi giňden ýaýran tejribä öwrüldi.
Täjigistanda çagalaryň dogulýan wagtynda ölýän ýa-da olara şikes ýetýän halatlaryna degişli resmi sanlar ýok.
Oba ýerlerinde medisina edaralaryndaky şertleriň hili sorag astynda galýar. Köp keselhanalarda döwrebap medisina we arassaçylyk şertleri ýok, gyş aýlarynda bu ýerde elektrik togy günde diňe sanlyja sagadyň dowamynda berilýär.