Gurluşyklaryň arkasyndaky sebäpler

Prezident köşgi, Aşgabat, 15-nji oktýabr, 2012.

Ýaşaýyş jaýlarynyň bahalarynyň aşa gymmatlamagy, täze ýykha-ýyklyklaryň bolmak ähtimallygynyň artmagy bilen, Türkmenistandaky gurluşyklaryň töweregindäki aladalar barha köpelýäne çalym edýär.

Munuň üstesine, Aşgabatda, welaýat merkezlerinde ofis, myhmanahana jaýlarynyň eýýäm gereginden artyk gurlandygy, bu binalary saklamak üçinem kän çykdajynyň gerek boljagy barada aladalar eşidirýär.

Ikinji tarapdan, oba, etrap ýerlerinde sosial-durmuş maksatly gurluşyklara, ýollara, köprülere ýeterlik serişde goýberilmeýändigi, daşary ýurt firmalary tarapyndan amala aşyrylýan uly gurluşyk işlerinde uly korrupsiýanyň bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu gurluşyklaryň arkasyndaky mümkin bolan sebäpler, bu meseledäki aýdyňlygyň nähili gazanylyp bilinjekdigi barada ýerli synçylaryň pikirlerini sorady.

Söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi aýtsaňyz, hoşal bolarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Gurluşyklaryň arkasyndaky sebäpler