Pakistan: "Talyban" özüne täze lider saýlady

Pakistanyň "Talyban" hereketiniň lideri Maulana Fazlullah.

Pakistan goşunynyň iň aýylganç duşmany hasaplanylýan adam “Tehrer-e Talyban Pakistan” hereketiniň liderligine saýlandy.

“Talyban” hereketiniň Pakistanyň demirgazygyndaky Swat jülgesinde gizlenýän serkerdeleriniň biri Maulana Fazlullah öňki lider Hakimullah Mehsadyň ýerini eýelär. Mehsad 1-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýlip güman edilýän hüjümde öldürilipdi.

Fazlullah “Radio mollasy” ady bilen hem tanalýar. Ol bu lakama Swat jülgesindäki radioda adamlary ruhlandyrýan çykyşlary edensoň eýe bolýar. Onuň radioda çykyş eden döwürleri, ýagny 2007, 2009-nji ýyllarda Pakistanyň demirgazygyndaky daglyk region – Swat jülgesi Pakistanyň “Talyban” hereketiniň kontrollygyndady.

Fazlullah güýçli orator we Pakistanyň “Talyban” hereketiniň komandirleriniň arasynda iň belli liderleriň biri hasaplanylýar.

Pakistan goşunynyň pensiýa çykan generaly Mehmud Şahyň aýtmagyna görä, Pakistanyň Talyban hereketini goldaýanlar Fazlullahy söweşijiler toparynyň toparynyň ýolbaşçylygynda iň meşhur şahs hasaplaýarlar.

“Men onuň radioda eden çykyşlaryny diňledim. Fazlullahyň sesinden onuň güýçli sesi bilen adamlary öjükdirip biljek şahsyýetdigini aňsa bolýar. Fazlullahyň radiodaky çykyşlary ony salyhatly bir adam hökmünde görkezýär. Men ol hilegär bir adamdyr öýdýärin. Ol sypatlaryny çaltlyk bilen üýtgedip biler. Meniň pikirimçe, bu onuň hem gowşaklygy, hem güýjidir” diýip, Şah aýtdy.

Meşhurlygynyň artmagy

Şah Haýber Puhtunhwa welaýatynda howpsuzlyk resmisi bolup işlän döwri Fazlullah bilen duşuşypdyr.

Onuň aýtmagyna görä, Fazlullahyň meşhurlygynyň barha artmagyna onuň aşa dinçi ruhany gaýynatasy Maulana Sufi Muhammet sebäp bolupdyr.

“Ol Sufi Muhammediň okuwçysydy we onuň gyzyna öýlenipdi. Ol [Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky] Panjpir atly [aşa dinçi Salafi] medresede okady. Men onuň aýalyndan aýrylyşandygyny we häzirki wagt Sufi Muhammet bilen arasynyň gowy däldigini eşitdim. Umuman, Fazlullah Sufi Muhammediň hereketini elinden aldy we häzirki wagt ony özi ýöredýär” diýip, Şah gürrüň berýär.

Sufi Muhammet 1990-njy ýyllarda Pakistanyň hökümetiniň garşysyna bolan gozgalaňlara ýolbaşçylyk edipdi. Şonda ol Swat jülgesinde we Malakand regionynyň töwereginde Şerigat düzgünleriniň girizilmegini talap edipdi. Ýöne onuň gozgalaňy Pakistanyň harbylar tarapyndan basylyp ýatyrylypdy.

Şahyň aýtmagyna görä, 2001-nji ýylda Fazlullah gaýnatasy bilen Owganystana gidipdir. 2001-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da bolan wakalaryň yzýany Owganystanda “Talyban” režimini agdarmak üçin ABŞ-nyň liderligindäki harby operasiýalar başlapdy. Şonda Sufi Muhammet 10 müň adam bilen Owganystana gidipdir.

“Talyban” režimi agdarylandan soň, Sufi Muhammet we Fazlullah Pakistana dolanýarlar. Şondan soň olaryň ikisi hem tussag edilýär.

Şahsy goldaw bazasy

Şahyň aýtmagyna görä, Sufi Muhammet türme tussaglygyna höküm edilensoň, 2005-nji ýylda Fazlullah öz şahsy goldaw bazasyny döretmek üçin Swat jülgesiniň kiçijek metjidindäki bikanun radioda wagyz-nesihat çykyşlaryny etmäge başlaýar.

Iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Fazlullah Swat jülgesiniň kontrollygygyny doly diýen ýaly öz eline alýar. Onuň Swat jülgesini dolandyran döwründe adamlar sakal goýbermäge mejbur edilipdi we “içaly, esger we jenaýatkär” diýilýänlere garşy alnyp barylýan kelle kesmek we köpçülikleýin ýençmek ýaly çäreler adaty zada öwrülipdi.

Fazlullah öz hereketini aýallaryň haýyr-sahawat hökmünde getirip beren altyn şaý-sepleri we pullary esasynda döredipdi. Aýallar bu zatlary onuň radioda eden wagyz-nesihat çykyşlaryna minnetdarlyk hökmünde beripdirler.

Ýöne Fazlullah Swatyň kontrolyny doly eline alansoň, aýallar elhenç kösenip başladylar. Ol aýallaryň daşary çykmagyny gadagan edip, mejbury nikalary öňe sürüp başlaýar we gyzlary mekdepden alyp galmaga synanyşýar.

Pakistanyň harbylary 2009-njy ýylda Fazlullah bilen parahatçylyk gepleşiklerinde netije gazanmagy başarman, harby operasiýa geçirip, ony Swat jülgesinden çykarypdy. Şondan soň onuň öz işlerini Owganystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Nurystan welaýatyndan alyp barandygy aýdylýar.

Malala hüjüm etmek

Şeýle-de, Fazlullahyň 16 ýaşly aktiwist Malala Ýusufzaýy öldürmek üçin buýruk berendigi aýdylýar. Ol 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda “Talyban” hereketi tarapyndan kellesinden atylypdy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda “YouTube-de” peýda bolan wideo ýazgyda sakally ruhanynyň Pakistanyň armiýasynyň ýokary derejeli generaly Sanaullah Han Niaziniň öldürilmegini şatlyk bilen belleýändigi görünýär. Niazi 15-nji sentýabrda owgan serhediniň golaýynda ýoluň gyrasynda gömlen bombanyň partladylmagy netijesinde öldürilipdi.

Şahyň aýtmagyna görä, Fazlullahyň lider hökmünde saýlanmagy Yslamabadyň “Talyban” gozgalaňlaryny gepleşikler arkaly ýatyrmagyna kömek etmez.