Täjigistanyň 'jadygöý' mollasy

Täjigistandaky "jadygöý" mollanyň Youtube saýtyna ýerleşdirilen wideosy

Täjigistanly bir oba mollasynyň, Gurhandan aýatlary okap, bir aýaly sypalap durka düşürilen wideoýazgysy internetdäki YouTube sosial ulgamynda örän gysga wagtyň içinde täjikleriň arasynda iň köp tomaşa edilen wideo boldy.

Bu mollanyň Duşenbede boljak sudy häzirden adamlaryň üns merkezinde.

Asadulla Ibragimow önelgesizligi bejerýän molla hökmünde halk arasynda giňden tanalýar. Ýöne täjigistanly mollanynyň näsagy bejermekde, wideoda görkezilen usuly saýlap almagy onuň suda çekilmegine getirdi. Ol “jynsy gabahatçylyk” we “kezzapçylyk” maddalary boýunça jogapkärçilige çekilýär. Ýagdaýyň, hakykatdanam, şeýledigine wideoýazga ýakyndan syn edilende, has aýdyň düşünse bolýar.

Şu hepdede bolan sud prosesiniň dowamynda Ibragimow özüne bildirilýän 7 ýyl türme tussaglygyna getirip biljek aýyplamalarda günäkärdigini bölekleýin boýun aldy. Täjik mollasynyň sözüne görä, oňa ýöňkelýän günäleriň belli bir bölegi şol kömek etmekçi bolan aýalynyň öz günäsimiş.

Wideo

Ibragimow önelgesizlikden ejir çekýän bir aýaly “bejerip” duran mahalynda düşürilen wideoýazgynyň YouTube sosial ulgamynda peýda bolmagyndan soň, ýagny sentýabr aýynda tussag edilipdi.

Täjigistanyň Içeri işleri ministrliginiň işgärleri wideoýazgydaky erkek adamynyň şahsyýetini anyklap, ony (Ibragimowy) tussag etdiler.

Dowamlylygy 5 minut bolan wideoda görkezilişi ýaly, Ibragimow zenan maşgala bilen geçiren “bejeriş çäresine” başlamazdan ozal, Gurhandan aýat okaýar. Wideo ýazgydaky erkek adam aýaly gujaklap sypalaýar we ogşaýar, bu hereketiň dowamynda bolsa onuň köýnegini ýokary çyzgap, garnyny we göwüslerini açyp, aýalyň arkasynda durup oňa sükenýär.

Gürrüňi edilýän wideoýazgy gysga wagtda YouTube-däki täjik ulanyjylarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolýar we şunlukda täjigistanly molla “Jadygöý molla” (Mulloi Jodugar) lakamyna eýe bolýar.

Täjigistanyň Içeri işleri ministrligi wideoda görkezilýän aýalyň Duşenbe şäheriniň Rudaki etrabynyň ýaşaýjysy, 26 ýaşly “R.Z.-dygyny” anyklady. Ministrligiň resmi websahypasynda ýaýradan beýanatyna görä, Ibragimow ”R.Z.-nyň” gowşaklygyndan peýdalanyp, onuň bilen öz öýünde jynsy gatnaşyk etmekçi bolupdyr.

"Aýalyň özi mejbur etdi"

Paýtagtyň Luçob etrabynyň ýaşaýjysydygy aýdylýan Ibragimow 21-nji oktýabrda, ýagny duşenbe güni başlanan sud diňlenişiginde wakany başgaça gürrüň berýär. Suda başlyklyk edýän kazy Ismoil Dawlatowyň aýtmagyna görä, molla öz günäsini bölekleýin kabul etse-de, özüni bu etmişe wideoýazgydaky aýalyň mejbur edendigini öňe sürýär.

Paýtagtyň Sino etrabynyň häkimiýetleri 23-nji oktýabrda, çarşenbe güni, tamamlanjak ýapyk sud diňlenişigine, gabahatçylykda güman edilýän mollanyň garşysyna görkezme bermekleri üçin, “R.Z.-ny” we beýleki üç sany şaýady çagyrdylar.

Gürrüňi edilýän sud prosesine halk köpçüligi aýratyn gyzyklanma bildirýär. Habarçylara “R.Z.” we beýleki şaýatlaryň suratlaryny almak gadagan edildi. Resmileriň aýtmaklaryna görä, şeýle çäreler “R.Z.-nyň” ýörite haýyşy boýunça edilip, munuň maksady – gelniň abraýyna şikes ýetmeginiň öňüni almak.

Mollanyň aýaly we onuň maşgala agzalary bu meselede onuň tarapyny tutýarlar. Maşgala agzalary bir agyzdan “R.Z.-ny” günäkärläp, onuň özüni alyp barşynyň meçew berijilik häsiýetdedigini aýdýarlar we öjükdiriji hereketiň mollany ýoldan çykarmak üçin edilendigini nygtaýarlar.

Öz adyny bermekden saklanan maşgala agzasy: “Bu düýbünden onuň [aýalyň] öz ýalňyşy” diýip, kazyýet binasynyň daşynda garaşyp duran habarçylara gürrüň berdi. “Siz göreňzokmy, ol mollany nähili hyjuw bilen gujaklaýar?” diýip, ol tekrarlaýar.

Wideoýazgyny kimiň düşürip, YouTube wideo portalynda ýerleşdirendigi belli däl.

Agzalýan wideo beýleki bir mollanyň öz öýünde düşüren jynsy gantaşyk mazmunly wideosy YouTube-de ýaýrandan birnäçe hepdeden soň peýda boldy.

Luçob etrabynyň häkimiýetleri Ibragimowyň gelip çykyşy boýunça dini maşgaladandygyny we onuň agasynyň uly metjitleriň biriniň ymamydygyny tassykladylar.