Baýramaly şypahanasy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän şypahana böwrek kesellerini bejertmek isleýän türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Baýramaly şypahanasy deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşýär. 1921-nji ýylda professor W.A.Aleksandrowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar tarapyndan bu ýeriniň klimatynyň böwrek keselli näsaglary bejermek üçin ulanylyp boljakdygy öwrenilipdir. 1929-njy ýylyň iýunynda bu ýeri klimat bilen bejerýän böwrek şypahanasy diýlip yglan edilipdir, 1933-nji ýylyň 1-nji awgustyndan bolsa ýigrimi bäş orunlyk şypahana işläp başlapdyr. 1938-nji ýylda şypahana giňeldilip, onuň orunlarynyň sany 125-e çenli artdyrylypdyr.