16-njy oktýabrda Waşingtondaky Jorj Waşington uniwersitetinde Türkmenistana bagyşlanan seminar geçirilip, onda 2007-2009-njy ýyllarda Aşgabatda ýaşan we 2012-nji ýylyň aýagynda ol ýere sapar eden Maýls Smit «Maşgala biznesi, Türkmenistanyň ykdysadyýeti goňşularynyňky ýaly görnüp başlaýar» diýen temada giňişleýin söz bilen çykyş etdi.
Maýls Smit bu ýerde aýdan zatlarynyň işleýän edarasyna-da, ABŞ-nyň hökümetine-de hiç bir dahylynyň ýokdugyny, munuň öz hobbisi ýaly bir zatdygyny belledi.
Ekspertiň düşündirişine görä, S.Nyýazow prezident bolan döwründe, biznes pudagynda edýän işleri sebäpli oňuşman, ýewreý asylly rus aýalyny, ogluny we gyzyny Türkmenistandan çetleşdirýär hem-de Hramow, Žadan, Umnow ýaly kömekçilerine daýanyp, esasan türk, fransuz, rus firmalary bilen işleşmäge ýykyn edýär.
Nyýazow bilen Berdimuhamedowyň parhy
Maýls Smit özüniň G.Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri gören esasy özgerişliginiň Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky beýleki goňşularyna meňzäp başlamagy, ýagny Gazagystandaky Özbegistandaky, Azerbaýjandaky ýaly has uly maşgala tarapyndan dolandyrylyp başlanmagy bolandygyny aýdýar.
Onuň pikiriçe, Berdimuhamedowyň häkimiýete gelmegi bilen ortaça türkmeniň alýan girdejisi belli bir derejede gowulanyp, orta gatlak biraz daýanyp başlaýar.
Emma ol bu ýagdaýyň prezident tarapyndan geçirilýär diýilýän reformalar bilen bagly bolman, bir adamyň awtoritar dolandyryşyndan, ýagny Nyýazowyň gorky-howatyr astyndaky döwletinden, Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa režimlerine mahsus maşgala sitilindäki dolandyryşa geçmegi bilen baglydygyny aýdýar.
Ekspertiň pikiriçe, Nyýazow bir ýetim bolup, onuň töwereginde az sanly ynanýan adamy bolan bolsa, Berdimuhamedow Gökdepe töwereginden çykan adamlara, öz maşgala agzalaryna daýanyp, has arkaýyn işleýär.
Smit Türkmenistanyň häzir uly möçberde gaz eksport edýändigini, ýagny maliýe krizisi sebäpli Orsýete iberilýän gazyň azalan wagtyndan bäri bu eksportdan ýokary derejede girdeji alýandygyny bellemek bilen, bu ugurda hemme sanlaryň açyk aýan edilmeýändigini, şol bir wagtda türkmen ykdysadyýetiniň beýle bir diwersifikasiýa edilmändigini aýdýar. Ekspertiň pikiriçe, ykdysadyýet diwersifikasiýa edilmedik ýagdaýynda ilata uly bir peýda gelmeýär.
Şeýle-de ol ýurtdaky baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň örän uludygyny belleýär. Ýöne ol bu ýurda ilki baran wagty (2007) esasan rus «žigulileri» köp bolan bolsa, häzir «opelleriň», «taýotolaryň» we beýleki gymmat maşynlaryň has köpelendigini aýdýar.
Smit jemgyýetçilik binalaryna edilýän ummasyz uly çykdajylar, köçe süpürijiler, aýlyklaryň biraz ýokarlanmagy, ýurda has gymmat maşynlary getirmäge girizilen çäklendirmeler barada hem durup geçýär.
Prezidentiň maşgala biznesi
Ýöne Smitiň esasy nygtaýan pikiri - türkmen ykdysadyýetinde bolan özgerişlerden esasan prezidentiň maşgalasy köp peýda görýär:
Smit prezidentiň aýal doganlarynyň biznesdäki roly barada aýdanlaryna delil edip, Türkmenistanda on ýyllap işlän bir gurluşyk (ukrain) firmasynyň işini ýitirişini mysal getirýär:
«Olar Hramow we ozalky režimiň beýleki iş oňaryjylary bilen gowy gatnaşykda eken, häzirki režim wagtynda hem gowy işläp ýören ekenler, emma bir gün Mährilerden, birinji maşgalanyň gyzynyňkylardan bu işden çekilmedigi barada buýruk gelýär. Onsoň olar işlerini ýapyp, gitmeli bolýarlar» diýip, Smit aýtdy.