Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilen bendileriň ykbaly boýunça halkara kampaniýa başlandy. Adam hukuklaryny goraýjylaryň “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasy geçen hepde Warşawada geçirilen ÝHHG-niň (OBSE-niň) adam hukuklary boýunça halkara konferensiýasynda öňe sürülipdi.
Maglumatlara görä, 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilen bendiler "Owadandepe" zyndanynda saklanýarlar. Emma "Owadandepe" zyndanynda tussaglykda saklanyp, mundan birnäçe aý ozal azatlyga goýberilen Akmuhammet Baýhanow tussaglykdaky öňki ýokary derejeli resmiler barada türmede hiç hili eşitmändigini aýdýar.
Akmuhammet Baýhanow bilen Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, siz Türkmenistanda 25-nji sanjar, ýagny noýabr hadysasy diýilýän wakadan soňky döwürde tussaglyga alyndyňyz. Munuň 25-nji noýabr wakasy bilen bir ilteşigi barmy?
Akmuhammet Baýhanow: Ýok. 25-nji noýabr diýilýän hadysany men bir ýörite gurnalan oýun hasap edýärin. Nyýazowyň hem bu ýagdaýdan habary bolmaly. Ony gurnan adamlaryň özleri hem basylyp gitdi. Bu hadysa barada köp adamyň pikiri şeýle. Çünki bu bir oýuna meňzeýär. Men hiç haçan şeýle oýna goşulamok.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, siziň 25-nji noýabr wakasy bilen bir ilteşigiňiz ýok bolsa, onda size nähili günä ýöňkeldi?
Akmuhammet Baýhanow: Maňa garşy ýörite oýun oýnadylar. Men ol wagtlar öz işim bilen meşgullanyp ýördüm. Biznes bilen meşgullananyňda-da meseläni ýa-da bir ýagdaýy çözmek üçin köp ýagdaýda her hili adamlar bilen tanyş bolmaly bolýarsyň. Çözülmän duran işlerimizi Türkmenistanda öň daşary işler ministri bolup işlän Abdy Kulyýewiň üsti bilen çözmeli bolduk.
Şonda men Moskwada Abdy Kulyýew bilen tanyş boldum. Bir-iki gezek öýüne bardym. Abdy Kulyýew gowy adam ekeni. "Ynha sen şonuň öýüne barypsyň we onuň bilen gürleşip gelip, bize aýtmansyň" diýip, meni basdylar. Maňa ýöňkelen esasy günä şol, ýagny Abdy Kulyýew bilen tanyşanlygym. O taýda Abdy Kulyýew tarapyndan we galyberse-de öz tarapymyzdan Türkmenistana garşy hiç hili pikirem ýa-da ýaman niýetem ýokdy.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, 25-nji noýabr wakalary bilen baglanyşdyrylan adamlaryň Owadandepede saklanandygy aýdylýar. Sizi hem syýasy tussag hökmünde şol ýerde sakladylarmy?
Akmuhammet Baýhanow: Ýok, meni tutanlarynda hem ýeke özümi tutdylar. Sud edilýänçäm Türkmenistanyň Milli howupsyzlyk ministrliginiň ýörite saklanýan ýerinde sakladylar. Ondan soň sud edip, yz ýanyndan bir-iki gün soň hem Tejen zyndanyna äkitdiler. Ondan bäş-alty aý soň bolsa Seýdi şäherindäki umumy tussaglaryň saklanýan zyndanyna alyp gitdiler.
Ondanam sud edip, Çärjewiň ýapyk zyndanyna eltip, oturtdylar. Ol ýerde bir ýyl gowrak sakladylar. Soň 2007-nji ýylyň mart aýynda bizi garaşylmadyk ýagdaýda Owadandepe diýlen zyndana getirip düşürdiler. Owadandepe zyndanynda mart aýyndan tä awgust aýyna çenli sakladylar.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, 25-nji noýabr wakasy bilen baglanyşykly Owadandepede saklanan adamlar hakda nähili maglumatlaryňyz bar?
Akmuhammet Baýhanow: Ol adamlar hakda meniň hiç hili maglumatym ýok. Çünki, Owadandepe diýlen zyndana tussaglary eltenlerinde ýörite ýapyk ulaga salyp alyp barýarlar. Owadandepäniň öz bir kadasy bar. Onuň içinde ýöne bir howaýy gezip bolanok. Owadandepede adat boýunça saklanýan tussaglaryň elini arkasynda tutup, ýüzüňi aşak edip alyp gidip, barmaly ýeriňe eltip salýarlar we şol ýerde hem oturýarsyň.
Biz bolsa hakykatdanam syýasy tussag bolanymyz sebäpli hiç zada goşulmadyk. Zyndanyň içinde hem hiç zada goşulman oturduk. Elbetde olar o taýda saklanýandyr. Ýöne, şol 25-nji sanjar-noýabr wakasy bilen baglanşykly tussaglyga alynan adamlar hakda mende hiç hili maglumat ýok.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, şol Owadandepe diýilýän zyndanyň aýylganç şerteri bar diýilýär. Sizi hem şol zyndana goýdular. Owadandepäniň şertleri barada gysgaça nähili maglumat berip bolar?
Akmuhammet Baýhanow: Owadandepe, iýmiti barada erbet däl. Ýöne onuň zyndan gurluşyny bilmek mümkin däl. Sebäp näme diýen mahalyň, onuň gat-gat gurluşynyň bardygyny aýdýanlar hem bardyr. Göräýmäge gat-gat ýaly zyndan. Ýöne tussag onuň içinde zyndanyň gurluşyny hiç-haçan bilmeýär. Şonuň ýaly-da tussag zyndanyň içindäki bölümlerde näçe adamyň oturandygyny hem bilip bilmeýär.
Elbetde, Owadandepäniň içinde her hili ýagdaýlar bardyr. Ýöne şol ýaňky 25-nji noýabr wakasy sebäpli saklanan adamlar hakda bizde maglumat ýok. Sebäbi biz syýasy tussag bolsagam, olaryň golaýynda bolmadyk, olary görmedigem, olar barada hiç zat eşitmedigem.
Azatlyk Radiosy: Akmuhammet Baýhanow, häzir halkara guramadyr-jemgyýetler şol 25-nji noýabr wakasy sebäpli tussag edilenler barada "Olary diri görkeziň" diýen tagalla-kompaniýa başlatdy. Türkmenistandaky syýasy tussaglar barada edilýän ynha şeýle tagallalara owalky bir syýasy tussag hökmünde siz nähili baha berýärsiňiz?
Akmuhammet Baýhanow: Birinjiden bu barada köneleriň aýdan bir sözi bar "Hiçden giç ýagşy diýipdirler". Nyýazow diýilýän diktator ölenden soň şu meseläni aslynda häzire çenli sessiz goýdular. Dogrusyny aýtsak biz şol zyndanda umumy režimde oturýarkagam Azatlyk Radiosynyň sesini eşdip ruhlanýardyk.
Biz barada "Adam hukuklary bozulýar. Şeýle syýasy tussaglar bar. Olar goýberilmeli" diýip, hat-da BMG-nyň her ýylky geçirilýän ýygnaklarynda şu mesele gozgalyp, "Ol tussaglar syýasy hem däl, olar wyždan tussagy. Ýöne sada pikiri üçin tussag edilen adamlar şular. Şolary bir günem saklamak bolanok" diýip, Azatlyk Radiosynda edilýän gürrüňleri eşidip biz begenýärdik we ruhlanýardyk. Emma, diktator Nyýazow ölenden soň şol basylan adamlary hem ýatdan çykardylar.
Näme olar hem öldümikä ýa dirimikä? Hakykat ýüzünde gaty dogry gozgalýar şu mesele. Hiçden giç ýagşy. Her haçan kimi günäsiz basan bolsa we oňa Nyýazow günäkär bolsa, şonuň gözkezmesini ýerine ýetiren adam hem ýene şol Nyýazowa dahylly adam bolýar. Nyýazow günäkärmi, ol hem günäkär bolýar. Şu meseläniň gozgalmagyna we anyklanmagyna men öz tarapymdan uly goldaw berýärin. Sebäbi men şeýle ýagdaýy öz gerdenim bilen çekip, syýasy tussag bolup gördüm.
Dünýede hiç hasapsyz zat bolmaz. Sebäbi şeýle sessizlik hem gaty elhenç ýagdaý. Bir ýerde erbetçilik bolsa şony görmän geçmek, ol hem jenaýatdyr. Hakykat üçin adamzat ýaşamaly. Şonuň üçinem men dünýä guramalarynyň şeýle meseläni gozgamagyna we çintgäp, iň soňuna çenli ýetmegine halk, geljek nesillerimiz we Türkmenistanyň taryhy üçin örän ähmiýetli iş diýip baha berýärin.