HRW we AI: “Türkmenistan rekomendasiýalary kabul etse-de...”

Human Rights Watch and Amnesty International guramalarynyň emblemalary.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ählumumy döwürleýin synynda resmi Aşgabadyň pikir azatlygyny we parahatçylykly ýol bilen öz islegiňi beýan etmek hukugyny kepillendirýän halkara derejesindäki rekomendasiýalary kabul etmegini gowy garşyladylar.

Emma şol bir wagtda-da ynsan hukuklaryna gözegçilik edýän guramalar bu kabul edilen rekomendasiýalaryň iş ýüzünde näderejede berjaý ediljekdigini hem sorag astyna aldylar.

Rekomendasiýalar

Geçen çarşenbe güni Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň Ählumumy döwürleýin synynda Türkmenistan babatynda jemi 183 rekomendasiýa hödürlendi. Türkmen tarapy şol rekomendasiýalaryň 166-ny doly, birini hem gytaklaýyn kabul etdi. Maglumata görä, şol kabul edilen rekomendasiýalaryň ýedisi ýurduň pikir azatlygy ugruna degişli.

Baş edarasy ABŞ-da ýerleşýän Human Rigths Watch (HRW) guramasy munuň netijesinde “dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde hakyky manyda özgerişlikleriň bolmagyna” umyt edýändigini bellese-de, esasy meseläniň türkmen hökümetiniň bu ugurda hereket edip-etmejekdigindedigini nygtady.

Amnesty International (AI) topary-da häzire çenli Türkmenistanda pikir azatlygyny kepillendirmek ugrunda iş ýüzünde düýpli ädimleriň bolmandygyny nygtaýar. Düýbi Londondaky bu gurama Türkmenistanda žurnalistleriň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we beýleki aktiwistleriň dürli sütemlere, şol sanda türme tussaglygyna hem höküm edilýändiklerini aýdýar.

"Many ýok"

HRW topary geçen hepde Ženewada türkmen tarapynyň beýleki rekomendasiýalar bilen bir hatarda žurnalistleri we media işgärlerini zulumdan goramak boýunça rekomendasiýany kabul etmezligini “gynandyryjy” diýip atlandyrdy.

Guramanyň ýaýradan beýanatynda bu barada anyk şeýle diýilýär: “Bu möhüm bir mesele. Hökümet rekomendasiýalary göz öňünde tutup, döwrebap kanunlary kabul edip hem biler. Emma öz pikirini açyk aýdýan adamlar ýene-de jebir-sütem bilen ýüzbe-ýüz boljak bolsalar, onda bularyň [kanunlaryň] hiç hili manysy ýok”.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramanyň beýanatynda: “[Türkmenistanda] daşary ýurt habar serişdeleri bilen işleşip, öz pikirini aýtmaga gaýraty çatýanlaryň biriniň 2013-nji ýylyň maýynda iki hepdeläp tussaglykda saklanmagy hem muny subut edýär” diýilýär.

Şeýle-de HRW guramasy 2008-nji ýylda hem Türkmenistanyň pikir azatlygy boýunça umumy rekomendasiýalary kabul edendigini, emma olary durmuşa geçirip bilmändigini-de aýratyn nygtaýar.

Türkmen tarapy 18-nji sentýabrda Ženewada geçirilen Ählumumy döwürleýin synda hödürlenen rekomendasiýalaryň 16-ny “dellileriň ýeterlik däldigini, ýurduň kanunçylygyna we milli gymmatlyklara ters gelýändigini” bahanalap, ret etdi.