Özbegistanda ilatyň hytaý dilini öwrenmäge bolan islegi barha artýar. Bu artýan islegi ödemek üçin Özbegistanda täze dil mekdepleri we kurslary açylýar.
Merkezi Aziýada Hytaý dilini hem medeniýetini wagyz edýän ilkinji Konfusiý instituty 2005-nji ýylda Daşkentde esaslandyrylypdy.
“Biziň institutymyzda ilkinji bäş ýylyň dowamynda talyplaryň sany hiç haçan hem 100-den geçmändi. Ýöne soňky iki ýylyň dowamynda bu instituta ýazylmak üçin arza tabşyrýanlaryň sany üç-dört esse artdy” diýip, adyny bermekden saklanan Kanfusiý institutynyň resmisi aýdýar.
Agzalýan institutyň resmisiniň berýän maglumatyna görä, şu üstümizdäki semesterde hytaý dilini öwrenmek üçin ýokary okuw jaýynyň talyplaryndan, ýaş professionallardan we işewürlerden ybarat 350-den gowrak adam bu okuwa ýazylypdyr.
Konfusiý instituty özüniň ikinji özbek bölümini açmaga taýýarlyk görýärkä, ýerli uniwersitetleriň we mekdepleriň köpüsi hytaý dilini öz okuw sistemasyna girizýär.
Diňe Daşkent şäherinde hytaý dili we medeniýeti boýunça giň göwrümli klaslary hödürleýän azyndan üç sany uly uniwersitet bar. Olar Gündogary öwreniş uniwersiteti, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersiteti hem-de Dünýä dilleri uniwersitetleridir.
Hytaý diliniň hödürleýän mümkinçilikleri
24 ýaşly Kümüş Rajabi Gündogary öwreniş uniwersitetinde hytaý dilini öwrenmek üçin Özbegistanyň günbataryndaky Horezm welaýatyndan ýurduň paýtagty Daşkente gelenleriň biri. Ol öz aksentini gowulandyrmak we hytaý dili baradaky ylmyny artdyrmak üçin bir ýylyny hytaýça gürleýänleriň ýanynda, ýagny Pekinde geçiripdir.
Hytaý dilini öwrenýän beýleki studentleriň aglabasynyň pikir edişi ýaly, Rajabi hem bu dili gowy bilmegiň oňa ençeme mümkinçilikleriň gapysyny açjakdygyna ynanýar.
“Bu meniň gelejegim üçin wajyp. Sebäbi Hytaý bilen hyzmatdaşlyklar ösýär we bu hem biziň mümkinçiliklerimizi artdyrýar” diýip, Rajabi aýtdy.
Özbegistanda her üç işçi güýjünden biri daşary ýurtlara iş gözlegine çykmaga mejbur bolup, ýurtda iş gyt, işsizlik bolsa giň ýaýran.
Iş tapmagyň şeýle kyn döwründe hytaýça bilmek goşmaça gazanjy we mümkinçilikleri döredýär.
Hytaý-özbek kompaniýalary
Şol bir wagtyň özünde-de, Hytaýyň “Sinhua” döwlet habar agentliginiň Pekiniň Daşkentdäki ilçisi Wang Kaixuana salgylanyp berýän maglumatyna görä, Özbegistanda 410-dan gowrak hytaý kompaniýasy hasaba alnypdyr.
Özbegistanda Hytaýyň aýak basmadyk ýerini tapmak kyn, ýurduň egirme-dokma senagatynda, energetika we oba-hojalyk, telekomunikasiýa we gurluşyk ulgamynda, ýagny biznesiň ähli ugrunda hytaýlylaryň artyp barýandygy görünýär. Hytaý Özbegistanyň iň uly daşary ýurt maýa goýumçysydyr.
Şeýle-de, Pekin bilen söwda gatnaşyklarynyň şu ýyl 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolmagyna garaşylýan Özbegistan Hytaýyň Merkezi Aziýadaky ikinji uly söwda hyzmatdaşydyr.
Hytaý bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklar barha ösýär. 9-njy sentýabrda Daşkentde Hytaý Halk respublikasynyň başlygy Si Jinpiň we özbek prezidenti Yslam Karimow Özbegistanyň düşewüntli nebit, gaz we uran pudagyny öz içine alýan 15 milliard amerikan dollaryna barabar ikitaraplaýyn söwda ylalaşyklaryna gol goýdular.
Bilim pudagyna goýulýan maýa
Şeýle-de, Hytaý Özbegistanyň bilim pudagyna hem maýa goýýar. Pekin her ýyl, Hytaýyň uniwersitetlerinde ýokary bilim almagy üçin, özbegistanly talyplaryň 120-ne stipendiýa hödürleýär. Şu ýylyň başynda Hytaýyň Şanhaý uniwersiteti Özbegistanda derňew we birža merkezini açypdy.
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilip, agzalýan bileleşigiň Merkezi Aziýada alyp barýan strategiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän EUСAM-yň ýaňy-ýakynda ýaýradan hasabatynda, 2030-njy ýyldan başlap Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary gatlagynyň öz aralarynda rus dilinde däl-de, köpräk hytaý we iňlis dilinde gürleşjekdigi çak edilýär.
Daşkendiň Dünýä dilleri uniwersitetinde hytaý dili mugallymy bolup işleýän Erkin Umarbekowyň aýtmagyna görä, “Özbegistanda hytaý diline bolan islegi eýýäm iňlis diline we fransuz dili ýaly beýleki Ýewropa dillerine bolan isleg bilen deňeşdirip bolar.”
“Esasan-da iş gözleginde bolsaň, hytaý dilini bilmek gowy. Bu ýerde hytaý dilini bilýän adamlary gözleýän ençeme hytaý-özbek kompaniýalary bar” diýip, Umarbekow gürrüň berdi.
Şeýle-de, Umarbekow ýörite hytaý dilini öwrenmek üçin hepde-de iki gün öz ýanyna gatnaýan studentleriň hem köpdügini sözüne goşdy.
“Ene-atalar çagalarynyň hytaý dilini öwrenmegi üçin ýörite sapaklara gatnadýarlar. Sebäbi olar muny çagalarynyň gelejegi üçin ýatyrylýan maýa diýip hasaplaýarlar” diýip, Umarbekow belledi.