Hytaý duluna dyzaýar, Kreml dymýar

Orsýet, Kreml

Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň anna güni (13-nji sentýabrda) geçýän sammitiniň öň ýanynda Merkezi Aziýadaky öňki sowet respubliklarynyň dördüsi bilen millardlap dollara durýan energiýa şertnamalaryny baglaşdy. Bu ylalaşyklar Orsýetiň sebitdäki täsirini kemeldýär, emma Kreml sesini çykarmaýar.

Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň Merkezi Aziýanyň bir paýtagtyndan beýleki paýtagtyna uçup baryp, Moskwanyň mellegi hasaplanan sebitde milliardlap dollara durýan energiýa şertnamalaryny baglaşdy, emma Kreml muňa gabagyny hem galdyrmady. Şahsy nukdaý nazardan seredilende, bu kejebäňi daraldyp biljek ýagdaý ýaly.

Energiýa gabawyndaky böwsüş

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalary garaşsyzlyk gazananlaryndan soň hem ýyllarboýy Moskwanyň täsirinden çykyp bilmedi, onsoň olaryň satmak isleýän nebit-gazy hem Moskwanyň üstünden akmaly boldy. Emma, Merkezi Aziýa respublikalaryna ullakan kredit liniýalaryny bermek we uly geçiriji taslamalaryna maýa ýatyrmak bilen, Hytaý soňky ýyllarda bu energiýa gawabyny böwüsmegiň hötdesinden geldi.

ŞHG-nyň Pekindäki sammitine gatnaşyjylar, 6-njy iýun, 2012.


Eger-de ozal Merkezi Aziýanyň şeýle çakganlyk bilen Ýuanyň täsirine düşýändigine şübhe bolan bolsa, Hytaý prezidentiniň sentýabryň başynda amala aşyran sapary muňa hiç bir güman galdyrmady.

Si Türkmenistanda Hytaýa iberilýän gazyň 2020-nji ýyla çenli üç esse köpeldilmegini nazarlaýan ylalaşyklary baglaşdy.

Ol Gazagystanda Hytaýy, 30 milliard amerikan dollaryna barabar paket ylalaşyklary bilen, Kaşagan nebit proektiniň bir bölegine öwürdi. Özbegistanda bolsa, ol nebit, gaz we altyn ylalaşyklary esasynda 15 milliard amerikan dollaryna durýan şertnamalara gol çekdi. Strategiki ýurt bolan Gyrgyzystanda bolsa, hytaý lideri Si 3 milliard amerikan dollaryna barabar maýa ýatyrdy. Bu serişde dag-düzden aşyp, Türkmenistandan Hytaýa gaz getirýän geçirijiniň gyrgyz böleginiň gurluşygyna we beýleki işlere sarp ediler.

Moskwanyň dymmagynyň sebäbi

Moskwanyň Ýokary Ykdysadyýet mekdebiniň Aziýa barlaglary bölüminiň başlygy Alekseý Maslow bu ýagdaýyň Orsýeti ynjylykdan gaçyrman bilmejegini aýdýar:

“Resmi taýdan Orsýet hiç bir rahatsyzlyk bildirenok. Emma meniň pikirimçe, sözsüz, Hytaýyň bu hereketleri Orsýetiň öňden gelýän täsir meýdanyna girmek bolup durýar."

Energiýa şertnamalary bolsa, Orsýet üçin goşa zarba bolup durýar: olar diňe Moskwanyň sebite bolan syýasy täsirini azaltmak bilen çäklenmeýär, eýsem Orsýetiň energiýa ähmiýetini hem peseldýär, sebäbi Hytaýyň rus energiýasyna bolan talabyny azaldýar.

Onda näme üçin Orsýet bu ýagdaýa sesini çykarmaýar? Munuň jogaby, analitikleriň pikirine görä, Moskwanyň Pekin bilen partnerlyk-bazar basdaşlygy gatnaşyklary, Orsýetiň çäklilikleri we Kremliň uly geosyýasy oý-pikirleri bilen bagly.

German-rus forumynyň Orsýet we Merkezi Aziýa boýunça eksperti Aleksander Rahr prezident Wladimir Putin Hytaýyň bu regiona girmegine ýol bermek barada işjeň bir karara geldi diýip pikir edýär. Ekspertiň ynanjyna görä, Putin gündogardaky kuwwatly goňşusy bilen gowy gatnaşyk saklamak üçin taktiki göçüm etmek kararyna geldi.

"Men bu berk seçgi, kyn saýlaw, emma gelnen karar boldy diýip pikir edýärin. Ol bir elinde NATO we Günbatar bilen geosyýasy darkaş gurup, şonuň bilen bir wagtda hem Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsirine garşy söweşip biljek däldi."

Rahr Kremliň muňa derek Belarusy, Ukrainany we Moldowany öz orbitasynda saklamaga güýç sarp edýändigini aýdýar. Orsýet Ukrainanyň we Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa şertnamasyna gol çekişmek islegine el-aýak garşy durýar. Moskwa bu ýurtlara, muňa derek, Orsýetiň ýolbaşçylygynda Belarus we Gazagystan bilen döredilen Gümrük bileleşigine girmekleri üçin basyş edýär.

Regional howpsuzlyk aladalary

Merkezi Aziýa gezek gelende bolsa, Orsýet regional howpsuzlyk bähbitleri meselesinde Hytaý bilen şärik bolup durýar.

Moskwa bilen Pekiniň ikisi-de, 2014-nji ýylda NATO koalisiýasy Owganystandan çykandan soň, bu sebite radikal yslamyň ýaýramak howpundan ätiýaç edýär.

Şeýle-de olar režim çalşygy bu sebitde bidüzgünçiligiň başlanmagyna getirip biler diýip howatyr edýär. Hut şu ýerde hem Kreml Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy Hytaýy aýgytly bir ýaran hasaplaýar diýip, Rahr aýdýar:

“Meniň pikirimçe, Orsýet özüniň, Hytaý ýaly güýçli bir ýurduň kömegi bolmazdan, terrorçylary bu regiondan daşarda saklap bilmejegine göz ýetirdi."

Moskwa üçin, analitikleriň aýtmaklaryna görä, Hytaýyň daşary syýasaty we Merkezi Aziýa müňzemeleri syýasy taýdan o diýen alada döredenok, sebäbi Pekin, Günbatardan tapawutlylykda, ideologiýa we adam hukuklaryny wagyz etmeýär.

Mundanam başga, Hytaý Orsýetiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde berk ýarany bolup durýar. Hytaý BMG-niň Hopsuzlyk geňeşinde köplenç Orsýetiň göreldesine eýerip, öz weto hukugyny ulanýar we bu ýagdaý Orsýetiň halkara sahnasyndaky kanunlygyny üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde Putiniň ileri tutýan maksatlarynyň biri bolup durýar.