Hytaýyň prezidentiniň 3-4-nji sentýabr aralygynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak üçin dördünji gaz liniýasyny çekmek baradaky ylalaşyga hem gelindi.
Resmi maglumatlara görä, täze gazgeçiriji Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kubometre ýetirmäge mümkinçilik berer.
Eýse, gaz eksporty boýunça Türkmenistanyň belli bir derejede Hytaýa bagly bolmagy ýurt üçin nähili meseleleri döredip biler, nähili netijelere getirip biler?
Bu soragyň jogaby dogrusynda, Azatlyk Radiosy energiýa howpsuzlygy boýunça britaniýaly ekspert Jon Robertsiň garaýyşlary bilen gyzyklandy.
Azatlyk Radiosy: Jon, bilşiňiz ýaly, türkmen gazyny Hytaýa akdyrjak dördünji gazgeçiriji barada ylalaşyga gelindi. Ilki bilen, energiýa eksperti hökmünde, bu habara bolan garaýşyňyzy beýan edäýseňiz?
Jon Roberts: Hytaý [Türkmenistan üçin] juda möhüm hyzmatdaş. Muňa häzire çenli gelnen ähli ylalaşyklar hem şaýatlyk edýär. Siziň agzap geçen ýaňky strategiki ylalaşygyňyz hem muňa goşmaça bir subutnamadyr.
Emma Hytaý [türkmen gazyny] ýeke-täk satyn alyjy däl.
Birinjiden, Russiýa. Moskwa bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Russiýa ýylda 30 milliard m3 çenli türkmen gazyny satyn alyp bilýär. Rus tarapynyň [häzirki wagtda] ýylda 10-11 milliard m3 gaz almagyny diňe Kremliň öz islegi bilen düşündirse bolar.
Netijede Hytaýyň türkmen gazynyň esasy eksportýoryna öwrülmegine ruslaryň Türkmenistanyň energiýa çig malynyň eksporty babatynda saýlap alan syýasaty sebäp boldy diýsegem ýalňyşmarys.
Ikinji ugur bu – Eýran. Eýrana ortaça hasapdan her ýyl 10 milliard m3 golaý türkmen gazy akdyrylýar. Bu görkezijiler entek-entekler şu durkunda üýtgemän saklanaýmasa.
Bärde aslynda başga bir uly mesele bar. Ol hem Türkmenistandan Pakistana we Hindistana çenli gazgeçirijiniň gurlup-gurulmajagydyr. Eger-de bu proýekt başardaýsa, onda Türkmenistandan ýyllyk 30 milliard m3 golaý gaz günorta akdyrylar.
Proýektiň durmuşa geçmegine esasy böwet bolýan faktor hem – Owganystan. Ýagny, geljekki iki-üç ýyllykda ol ýerdäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň nähili özgerjekdigini hiç kim çaklap hem bilmeýär. Bu ýagdaý sebäpli-de, proýekte entek hem girişilmeýär.
Azatlyk Radiosy: Jon, ýaňy siz Hytaýyň türkmen gazynyň esasy importýory boljakdygyny bellediňiz. Bu ugurda ýagdaýlar nähili özgerip biler?
Jon Roberts: Birinjiden-ä, boljak zat şu - Hytaý özüne uly möçberlerde gaz üpjünçiligini kepillendirer. Bärde aýratyn nygtamaly zat hem munuň hytaýlylaryň doly öz gözegçiliginde saklanjagydyr. Has anygrak düşündireýin: Birinjiden, Türkmenistana uly möçberde hytaý sermaýasy ýatyrylýar. Biz Pekiniň eýýäm bu maksat bilen 8 milliard dollary goýberendigini bilýäris. Elýeterli maglumatlardan hem mälim bolşy ýaly, hytaýlylar täze açylan “Galkynyş” gaz goruna hem esli pul ýatyrmakçy.
Ikinjiden, türkmen gazyny akdyrjak gazgeçirijini dolulygyna diýen ýaly Hytaýyň özi maliýeleşdirýär. Netijede Türkmenistanyň energiýa resurslaryny ösdürmekde, olaryň netijeliligine gözegçilik etmekde Hytaýyň uly paýy bar.
Azatlyk Radiosy: Jon, birden Russiýa türkmen energiýa serişdeleriniň importynda öz öňki agalygyny dikeltjek bolaýsa, ýagdaýlar neneňsi özgerer?
Jon Roberts: Men ruslar bu meselä çynlakaý manyda dolanar öýdemok. Meniň pikirimçe, hytaýlylaryň Türkmenistandaky pozisiýasy barha güýçlenýär.
Hatda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky güýçli syýasy we howpsuzlyk baglanyşyk-da Pekiniň ykdysady kuwwatyndan üstün çykyp bilmez.
Azatlyk Radiosy: Jon, siz ýaňy Hytaýyň Türkmenistandaky pozisiýasynyň barha güýçlenjekdigini aýtdyňyz. Ýagny, sözüň gerdişine görä, Türkmenistan özüniň gaz eksporty meselesinde, esasan, Hytaýa bagly bolar. Eger-de ýadymyza salsak, 2009-2010-njy ýyllarda energiýa serişdeleri ugrunda Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda käbir dartgynlylyklar ýüze çykypdy. Şeýle howp türkmen-hytaý gatnaşyklaryna abanýarmy?
Jon Roberts: Men ýok diýip çaklaýaryn. Munuň juda ýönekeýje bir sebäbi bar: Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň uly bölegini Hytaý kompaniýalarynyň özleri öndürýär. Olar önümçiligiň ähli tapgyryna gatnaşýarlar. Olaryň gaz eksportyny togtatmagyna sebäp ýok ahyryn. Bu ýagaýlarda olar öz-özüne ykdysady taýdan zyýan ýetirer.