Hytaýyň prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletlerine edýän saparynyň çäklerinde, onuň sişenbe güni Türkmenistana barmagyna garaşylýar. Maglumata görä, Şi Jinping Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň gündogaryndaky Galkynyş gaz kompleksine hem sapar eder.
Eýsem, Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklarynyň häzirki güni nähili, iki ýurduň hyzmatdaşlygyndan nämelere garaşyp bolar?
Bu soraglar bilen Azatlyk Radiosy Halkara “IHS Global Insight” ykdysady ylmy-barlaglar merkeziniň spesialisti, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Lilit Geworgýan bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Lilit, ilki bilen Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklarynyň özgerişi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?
Lilit Geworgýan: Bu gatnaşyklar sözüň doly manysynda 2000-nji ýyllaryň ortalaryndan özgerip başlady. Ýagny, häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegi bilen başlandy.
Dogursy, ilki başlarda Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary özgertmek boýunça juda haýal çemeleşdi diýsek hem bolar. Emma wagtyň geçmegi bilen, Aşgabat “üzňeleşmek syýasatyndan” daşlaşyp, daşarky dünýä has açylyp başlady.
Türkmenistanyň Hytaý bilen içgin gatnaşyklary gurmagy diňe wagt meselesidi. Sebäbi Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy ony öz energiýa resurslaryny satmak üçin daşardan hyrydar gözlemäge mejbur edýärdi.
Hytaýyň hem ägirt uly ykdysady kuwwaty bar. Onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gurmagyna adaty bir zat hökmünde hem garap bileris. Meniň pikirimçe, ýokarda agzap geçen zatlarym iki ýurduň häzirki hyzmatdaşlygynyň hem özenini düzýär. Ýagny, bu ikitaraplaýyn özara bähbide daýanýar.
Türkmenistan üçin Hytaý bilen gatnaşyklary gurmak 2009-2010-njy ýyllarda has hem möhümdi. Ýadymyza salsak, şol wagt resmi Aşgabadyň Russiýa bilen uglewodorod serişdeleriniň eksporty meselesinde käbir düşünişmezlikleri bardy. Bu ýagdaý hem Türkmenistanyň Pekin bilen gatnaşyklaryny sazlamagyna goşmaça bir itergi berdi.
Azatlyk Radiosy: Lilit, käbir ekspertler Hytaýyň Türkmenistanda, has dogrusy, Merkezi Aziýa sebitinde täsiriniň barha artyp barýandygyny nygtaýarlar. Siz bu barada hem durup geçäýseňiz?
Lilit Geworgýan: Sowet Soýuzy dargansoň, Hytaýyň bu regionda syýasy, has-da beter ykdysady güýje öwrülmegi diňe wagta baglydy. Biz geljekde bu sebitde Hytaýyň täsiriniň has-da artmagyna şaýat bolarys.
Munuň sebäbini şeýle-de düşündirse bolar: Hytaýyň öz goňşulary babatynda anyk we belli bir syýasaty bar. Pekin özüniň Uýgur sebitlerindäki separatistik hereketleri saklamak üçin, Merkezi Aziýa döwletleri bilen juda sazlaşykly gatnaşyklary gurmaga synanyşýar.
Elbetde, bu ýerde Hytaýyň ykdysady bähbitlerini hem aradan aýryp bolmaz. Merkezi Aziýa sebitinde uly hytaý sermaýalary bar. Garaz, jemläp aýtsak, bir tarapdan-a energiýa resurslaryna baý we sermaýa mätäç bir region bar, beýleki tarapdan-da, ykdysady taýdan gurply Hytaý döwleti bar.
Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy regionda Hytaýyň täsiriniň artjakdygyny aýtdyňyz, bu ýerde Russiýa bilen nähilidir bir gapma-garşylyklar ýüze çykyp bilmezmi?
Lilit Geworgýan: Hawa, bu mesele boýunça Russiýa bilen ikuçsuz bir bäsleşik gidýär. Häzirki wagtda [regionda] rus tarapynyň agdyklyk edýändigini aýdyp bolar. Sebäbi sebitiň tas ähli döwleti bilen diýen ýaly Russiýanyň medeni we düşünje raýdaşlygy bar.
Belki-de, Merkezi Aziýa döwletlerinde täze nesliň kemala gelmegi bilen bu tendensiýa pese hem gaçar. Emma Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan ýaly döwletlerde munuň ýakyn geljekde boljakdygyny asla aýdyp bolmasa gerek.
Her niçik-de bolsa, Merkezi Aziýada Hytaýyň peýda bolmagy bilen sebitdäki döwletleriň has deňagramly daşary syýasaty ýöretmegine mümkinçilik döredi.