Tuhbatullin: "Netije däl, sebäp bilen göreşmeli"

"Altyn asyr" kölüne şor suw getirýän zeýkanallaryň biri.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni merkezi Garagumdaky "Altyn asyr" kölüniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda işleriň gidişi bilen tanyşdy.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu köle ýatyrylýan maýa we onuň netijeleri barada türkmenistanly ekolog, Wenada ýerleşýän "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň «Altyn asyr» kölüne milliardlap dollar ýatyrylýar. Şol ýatyrylýan maýa özüni ödeýärmi? Ýagny bu serişdeleriň şu günki gündäki netijesi nähili?

Farid Tuhbatullin: Meniň bu köle gatnaşygym düýpden ters, sebäbi birinjiden, zeý suwlary bilen göreşmegiň netijeler bilen göreşmekdegini, emma olaryň peýda bolmagynyň sebäpleri bilen göreşmek däldigini men eýýäm ençeme gezek aýtdym. Bu barada giňräk aýtmaly bolsa, suwuň sarp edilişiniň derejesini azaltmak ugrunda göreşmeli. Mysal üçin, ysraýyllylar pagta öndürmek üçin suwy bize görä 4-5 esse az ulanýarlar, şol bir wagtda olaryň hasyllylygy biziňkä garanda 2-3 esse ýokary. Şuňa laýyklykda, eger biz oba hojalyk ekinleri üçin ulanýan suwumyzy azaltsak, şonça-da zeý suwlary az bolar we munuň ýaly ullakan serişde talap edýän kölleri döretmek gerek bolmaz.

Ikinjiden, bu ýerde toplanan zeý suwlaryny ýene bir gezek ulanmak mümkinçiliginiň dörediljegi barada gürrüň edýärler. Bu kölüň demirgazygynda öňem bir uly köl – «Sarygymyş» köli bar, oňa tas elli ýyl bolup gelýär. Emma tejribe şeýle ýere toplanan şor suwlaryň gitdigiçe şorlaşýandygyny görkezýär.

Ýagny çäýnegi göze öňüne getiriň, eger çäýnek köp ulanylsa, onuň düýbünde suwuň duzy toplanýar. Bu ýerde-de şeýle: suw bugarýar, onuň duzy bolsa aşak çöküp, kölde galýar. Netijede, bu duzuň konsentrasiýasy ýyldan-ýyla ýokarlanýar we ol kölüň suwuny ikinji gezek asla ulanar ýaly bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Ýagny siz bu köle ýatyrylýan maýalar peýdasyz, onuň netijesi ýok diýjek bolýarsyňyzmy?

Farid Tuhbatullin: Hawa, hut şeýle, munuň peýdasyndan zyýany kän. Ýöne bu ýerde üçünji bir pursata, bu köle ýatyrylýan millardlarça dollara hem ünsi çekesim gelýär. S.Nyýazow döwründe bu köle ilki 4 milliard amerikan dollary goýberildi, soň bu serişdäniň möçberi 6 milliard dollara ýetirildi. Şondan soň men bu kölüň düşýän bahasynyň nähili ösendigini bilemok.

Indi biz şol çykarylýan milliardlary Türkmenistandaky pagta we galla önümçiliginiň özüne düşýän gymmatynyň üstüne goşmaly. Bu çykdajylar, häkimiýetleriň nukdaý nazaryndan, hamala, Türkmenistanda ekerançylyk ýerleriniň gowulanmagy üçin edilýär. Onsoň bular öndürilýän pagtanyň we gallanyň özüne düşýän bahasyna girýär. Şeýle ýagdaýda bu hili gymmat düşýän pagtany we gallany öndürmek bize näderejede bähbitli diýen sorag döreýär.
Ysraýyl suwy bizden bäş esse az ulanyp, hasyly bizden iki esse kän alýar. Biz näme üçin şuny edip bilemzok? F.Tuhbatullin

Muňa derek, mysal üçin, galla ekmegi goýbolsun edip, ony Gazagystandan satyn almak amatly dälmi? Meniň pikirimçe, bu ýerde ykdysady pursatlar hem örän möhüm we meselä töwerekleýin seredip, nämäniň peýda, nämäniň zyýandygyny kesgitläp, şondan soň ullakan serişde harçlansa dogry bolar.

Azatlyk Radiosy: Bu proýektden şu wagt bolmasa-da uzagyndan, geljekde peýda gelip bilermi?

Farid Tuhbatullin: Men beýle zat bolar öýdüp pikir etmeýärin. Sebäbi men dek düýnüň özünde öz websaýtymda-da şeýle problemalar barada makala ýazdym. Mysal üçin, daýhan birleşiklerindäki içerki we hojalygara kollektorlar, kanallar uzak wagt bäri rekonstruksiýa edilmeýär, olarda suwuň ýitmegi ýyl-ýyldan köpelýär. Eger bir zat ediljek bolsa, işi şol ýerlerden başlamaly.

Bu ownuk iş, zähmeti köp talap edýän iş, ikinji tarapdan olar milliardlap dollar talap etmeýär. Häzir bu ugurda işlejek spesialistleriň sowet döwründäkiden az bolmagy mümkin, ýöne barybir bu işiň edilmegi zerurlyk. Şonsuz diňe kölüň özi ol ýa-da beýleki anyk hojalygyň ýerleriniň gowulanmagyna peýda getirmez.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, sowet ýyllarynda we ondan soň toplanan zeý suwlaryny nätmeli? Bu meselede çözgüt näme?

Farid Tuhbatullin: Häzir «Altyn asyr» köli diýip atlandyrylýan proekt aslynda sowet döwrüniň önümi. Bu baradaky pikirler 1970-80-nji ýyllarda peýda boldy. Sebäbi drenaž suwlary ýyl-ýyldan köpeldi we olary bir ýere ýerleşdirmelidi. Onsoň ol suwlary kowmak üçin wagtlaýyn tebigy çöketlikleri peýdalandylar, kiçiräk şor suwly köller peýda boldy. Emma men gaýtalap aýdýaryn, olaryň bolmazlygy ýa-da şeýle suwlaryň azalmagy üçin suwuň ulanylyşyny, sarp edilişini azaltmaly.

Biz şu günki gün «Altyn asyr» kölüni gurup bileris, emma bu gidişde bize 5-10 ýyldan ýene şonuň ýaly bir köl gerek bolar. Ondan soň ýene bir köl gurmaly bolarys... Başda hem aýdyşym ýaly, netijeler bilen däl, şol netijelere getiren sebäpler bilen göreşmeli, suwy az ulanmaly.

Ysraýyl suwy bizden bäş esse az ulanyp, hasyly bizden iki esse kän alýar. Biz näme üçin şuny edip bilemzok? Näme üçin şol milliardlary suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ulanmaga gönükdirip bolanok? Bizde suwaryş işleri henizem 100-150 ýyl mundan öňküsi ýaly alnyp barylýar.