Türkmenistanyň merhum prezidenti Saparmyrat Nyýazow özüniň awtoritar dolandyryşy we «Ruhnama» atly kitabynda jemlenen gözçykgynç şahsyýet kulty bilen ýatlanylýar.
2001-nji ýylda çap edilen «Ruhnama» mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda hökmany okuw kitaby bolup, hatda sürijilik synagyndan geçmek üçinem zerurlyga öwrüldi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özünden öňki prezidentiň miras kitabyny, şol sanda «Ruhnamany» ýuwaş-ýuwaşdan ýapdy. Indi bolsa bu gollanmanyň, 40 çemesi dile terjime edilen kitabyň mekdepleriň okuw programmasyndan hem aýrylandygy aýdylýar.
Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy bu kitabyň türkmen studentleri tarapyndan indi öwrenilmeli bolmajak birnäçe durmuş sapagyna nazar aýlady.
1) Jennete düşmegiň aňsat usuly
Nyýazow 2006-nýylyň dekabrynda ýogalmazyndan birnäçe aý öý «Ruhnamany» okanlaryň o dünýäde jennete düşjegini aýtdy.
"Ruhnamany» okan adamyň akyl-paýhasy giňär... we ol şundan soň göni jennete düşer» diýip, Nyýazow 2006-njy ýylyň martynda aýtdy..
2) Aslyňy bil
Türkmenbaşy öz kitabynyň köp bölegini Oguzhana, türkmen halkynyň rowaýaty we ýarym toslama liderine bagyşlady.
"Türkmen halky Oguzhandan gaýdýar, onsoň biziň halkymyzyň medeni we durmuş ýörelgeleri Oguzhandan gözbaş alýar."
3) Okmak düşünjäňi giňelder
Eger sen okamagy dowam etdirseň, sen ahyrynda ylym-bilim tagallasyny edýän adam hökmünde tanalarsyň.
Nyýazowyň ýaşlara nesihaty: "Şu günki türkmenler, eger okamagy dowam etdirseňiz, siz ylymly bolup görnersiňiz."
4) Kosmos portaly
"Ruhnama" türkmen döwleti tarapyndan yslamyň mukaddes kitaby «Kuran» bilenem deň hatarda goýuldy. Emma ol özboluşly bir portal hem boldy: «Ruhnama» bu barlygyň merkezi bolmaly."
5) Döwlete sarpa, Döwlet sarpasy
«Ruhnamanyň» şahyryna, käte bolsa üzlem-saplam kyssa eseridigine garamazdan, Nyýazow başgalara diplomatiýa we öz halkyňa wepaly bolmak barada sapak bermekden hem gaýtmady.
"Eger her kim öz döwletine sarpa goýsa, soň döwletler hem biri-birine sarpa goýar" diýip, ol aýtdy.
Milletiniň dowamlylygy hökmünde, Nyýazow Türkmenistanyň oppozisiýasyny özüne garşy guraldy diýilýän kast ediş synanyşygyndan soň, görülmedik bir derejede derbi-dagyn etdi.
6) Berk binýat
«Ruhnama» durşuna filosofiki, abstrakt, birbada düşünmesi aňsat bolmadyk ideýalardan gurşalan hem bolsa, sözlükleriň köpüsi Nyýazowyň millet baradaky kesgitlmesi bilen ylalaşmaýar.
"Millet adam toparlarynyň kesgitli bir ruhy esaslar arkaly formalaşmagydyr. Millet şol ruhy esaslara laýyklylkada maddy taýdan kemal tapýar."
7) Çarhyň täzeden döredilmegi
Geçmişi, şu güni we geljegi bir ýüpe düzýän kitaby ýazmak ýeňil-elpaý iş däl. Şeýle ýagdaýda käte biraz ýerden aýak üzmegem geň däl. Belki-de Türkmenbaşynyň türkmen halky ak bugdaýy, mehaniki robotlary we çarhy oýlap tapdy diýip, ap-arkaýyn aýtmagynyň sebäbi hem şundandyr.
8) Alma ýaly gözler
Berdimuhamedowyň at janawarlara bolan söýgüsiniň Nyýazowyň Türkmenistanyň meşhur ahal-teke atlaryna bolan yhlasyndan uç alýan bolmagy-da ahmal. Berdimuhamedowyň atlara bolan çen-çaksyz guwanjynyň gözellik bäsleşikleriniň we iňlis dilinde çap edilen birnäçe kitabyň döremegine getirişi ýaly, Nyýazowyň hem ahal-teke atlary baradaky ýazgylary söýünçden doly.
"Men onuň başyny sypalaýaryn. Men onuň ýalyny daraklaýaryn. Men onuň alma ýaly gözleriniň içine seredýärin."
9) Güler ýüz
"Ruhnamanyň» bäşinji bölüminden, "Türkmeniň ruhy dünýäsinden" alnan bir jümle Nyýazowyň propaganda ýugrulan awtoritar dolandyryşyny anyk keşbini çekýär:
"Maňa siz üçin eden işlerimi siziň güler ýüzüňizde görmek miýesser etsin!"
10) Watanyňy bil
"Ruhnamada" türkmen bolmagyň buýsanjyny beýan edýän ýedi goşgy bar. Şolaryň biri hem Watan hakyndaky goşgy. Onda şeýle setirler bar:
"Däli köňlüm, telwas eýle, aram, jaýym Watandadyr.
Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr.
Gyş gutaryp, kükräp gelen joşgun-ýazym Watandadyr,
Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr."