"Hak söze jeza bar, ýalana halat"

Jeza beriş pursady

Publisist ýazyjy we şahyr Amanmyrat Bugaýewiň täze goşgulary.

Gözleg

Heňňam özgermeýär, undulan zatlar,
Käte gaýtalanýar ýene bir öwran.
Şu gün saýyp ýaşap ýörüs biz düýni,
Guwdura çemeçil, seniňki döwran!

Daban ýalap, eli ogşan gurrumsak,
Ýene tapdyň törden özüňe orun.
Köpbilmiş erkekler damagyn ýyrtýar,
Orramsy zenanlar başga bir ýerin.

Tentekler suhangöý, peltekler bagşy,
Tüýkesme ogrular boldular kazy.
Bu gün namys, haýa dollar nyrh kesýär,
Satlyk haryt nije juwanyň näzi.

Hak söze jeza bar, ýalana halat,
Gökden ýol ýasaýar gök dollary kän.
"Begler", "begzadalar", "ahun-töreler",
Berim-peşgeş bilen ilde bolýar san.

Paýhas, zehin nyrhy misden has arzan,
Bozuk zenanyndan egsik, kemis är.
Men seni tapamok çar ýan alakjap,
Zyndandamyň, zibildemiň namys-ar?

Ýorgan şikaýaty

Garaw görmän guwduraýaň bu zaman,
Bir öwrümde emel ýeten inijigim.
-Aýagyňy uzat ýorgana görä-
Diýip, gamçylaýaň ejiz injigim.

Çekerden, çydardan ýowuz bu sütem,
Endamym gök dalak, alýan dem çala.
Eý, peläket, ilki maňa ýorgan ber,
Bir kelte ýorgan ber, soňra gamçyla.


Üçleme

"Dişiň barka, malyňy iý" diýmäň hak,
Mal gazanjak bolup, gördüm men işim,
Maly gazanýançam döküldi dişim.