ABŞ-nyň meşhur “Rolling Stone” žurnalynyň Boston partlamasyny amala aşyrmakda aýyplanýan Johar Sarnaýewiň suratyny baş sahypasynda çap etmegi çekeleşikleri tutaşdyrdy.
ABŞ-nyň rok we pop medeniýeti boýunça meşhur žurnaly “Rolling Stone” özüniň awgust aýyndaky sanynyň baş sahypasynda gara gözli, buýra saçly bir ýaş ýigidiň suratyny çap etdi.
Örän rahat görünýän bu ýigidiň rok aýdymçysydygyny ýa-da Golliwudyň seks simwolydygyny çak etmek mümkin. Şeýle şahslar, adatça, “Rolling Stone” žurnalynyň baş sahypalaryna düşýär.
"Bombaçy"
Emma bu ýigit Johar Sarnaýew. 19 ýaşly amerikaly çeçen ýigidi şu ýylyň 15-nji aprelinde Boston şäherinde marafon ýaryşynda bolan bomba partlamasy bilen baglylykda sud edilýär. Şonda üç adam ölüpdi we 260 adam ýaralanypdy.
“Rolling Stone” žurnalynda çap bolan bu maglumat amerikan neşirlerinde Sarnaýew barada berilýän maglumatlardan çürt-kesik tapawutlanýar.
“Bombaçy” diýlip uly harplar bilen ýazylan sözbaşynyň aşagynda “Nädip meşhur we üstünlikli student öz maşgalasyndan geçip, radikal yslama baş goşdy hem monstra öwrüldi” diýilip, kiçi harplar bilen ýazylan ýazgy-da bar.
Tankytlar
Žurnalyň bu sany internetde ýerleşdirilen badyna oňa müňlerçe adam tarapyndan ýiti reaksiýa bildirildi. Žurnal terrorçylykda şübhelenýän şahsy seksual we özüne çekiji edip görkezmäge synanyşmakda aýyplandy.
"Rolling Stone" žurnalynyň Facebook sahypasy ýazgaryjy we käýinçli kommentarilerden doldy. Bu sahypanyň hemişeki okyjylarynyň ençemesi ondan ýüz öwürýändigini, žurnalyň çap görnüşiniň okyjylary bolsa bu neşiri satyn almajakdygyny mälim etdiler.
Kommentarileriň birinde “Rolling Stone” žurnalynyň işgärleri masgaralanýar we Boston marafonynda wepat bolan adamlaryň atlary bir-birden sanalyp geçilýär.
Twitter hem ýazgaryjy maglumatlardan hyryn-dykyn doldy.
Şeýle reaksiýa žurnalyň satuwyna-da öz täsirini ýetirdi. “CWS” and “Walgreens” atly şirketler žurnaly satmakdan ýüz öwürdiler.
Şol bir wagtda-da “Rolling Stone” žurnaly saz we pop medeniýeti barada maglumat berýan neşir bolsa-da, ol daşary gatnaşyklardan başlap, tebigata degişli temalara çenli maglumat berýän we sylaglara mynasyp bolan žurnalistiki materiallary bilen abraý gazanan neşirdir.