Prezidentiň agtygy Kerimguly
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde berilýän resmi habarlarda käte-käte prezident bilen birlikde onuň agtygy hem görkezilýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp geçirilen uly konsertde-de Kerimguly Berdimuhamedow saz çalyp, çykyş etdi.
Emma prezidentiň agtygy, umuman maşgala agzalary barada köpçülige doly we anyk maglumat berilmeýär. Mysal üçin, Kerimguly kimiň ogly? Prezidentiň näçe agtygy bar? Näme üçin Kerimguly aýratyn öňe çykarylýar?
Biziň okyjylarymyz we diňleýjilerimiz bu soraglar bilen gaty gyzyklanýarlar. Emma bizde hem bu barada maglumat ýok. Eger-de bu ugurda maglumatlaryňyz bar bolsa, aşaky teswir bölümine ýazyp bilersiňiz. (Wideo türkmen telewideniýesiniň şekilleri esasynda taýýarlandy).