Täjigistanda sawçylyk gullugy rowaçlanýar

Nigora bilen Firdaws Täjigistandaky sawçylyk gullugynyň kömegi bilen tanyşyp durmuş gurdular.

Şuhrat Aýomow işi batan bir sawçylyk gullugyny täzeden dikeltmegi niýet edinende, täjiklere edere gürrüň tapyldy.

Täjigistanyň demirgazygynda ýerleşýän Hojant şäherinde öýlendirilýän oglanyň ýa çykarylýan gyzyň pikiri soralman, nika işini maşgalanyň ýola goýmagy ozaldan däp bolup gelýän zat. Şol sebäpden bu işi başga biriniň etmegi kyn bolar diýip pikir edilýärdi.

Aýomow öz işine başlaly aradan alty aý geçer-geçmez onuň bu zähmeti özüni ödedi. Tajigistanda "Ýusup-Züleýha" diýlip atlandyrylan ilkinji sawçylyk gullugy indi pajarlap ösýär.

“Bize özüne ýanýoldaş gözleýän erkekrlerden we aýallardan iki ýüzden agdyk arza gelip gowuşdy. Edýän hyzmatymyzy eşidýän adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen gelýän arzalar-da köpelýär” diýip, Aýomow aýdýar. Ol soňra hem: “Şu wagta çenli 8 adamy biri-biri bilen tanyşdyrdyk. Olar nikalaşdylar” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Sanlyja hepdeden nikalaşdylar

Öz doly atlaryny bermekden saklanan Firdaws bilen Nigora bu gulluk ilkinji duşuşyklaryny gurnandan sanlyja hepde soň nika toýuny tutupdyrlar.

Bu Firdaws bilen Nigoryň ikinji nikasy. Öňki gatnaşyklaryndan olaryň ikisiniň-de ýaş çagasy bar. Şol sebäpden bir ýanýoldaş tapmak bulara kyn düşüpdir.

“Biziň däp-dessurlara esaslanýan jemgyýetimizde 30 ýaşyň ortalarynda aýrylyşan bir erkek bolsaň, daşarda başga bir aýal bilen gatnaşyk açyp bolanok” diýip, Firdaws aýdýar.

Şol ýakynlarda sawçylyk gullugynyň açylandygy baradaky myş-myşlary eşiden garry enesi Firdawsa “bir synanyşyp gör” diýip, maslahat beripdir.

Başy boş, emma çagaly zenan Nigora üçin hem sawçylyk gullugyna ýüz tutmak - iň soňky umyt eken.

“Ýusup-Züleýhada hasaba alnanymdan bir aýa golaý soň gulluk maňa jaň edip, meniň gysgaça biografiýamy Firdawsyň halandygyny habar berdi. Biziň ilkinji duşuşygymyzy gulluk ýola goýdy. Biz ýene birnäçe gezek duşuşdyk. Ýöne häsiýetlerimiz turuwbaşdan biri-birimize gabat geldi” diýip, Nigora aýdýar.

Sawçylyk gullugy “Ýusup-Züleýha” öz ortaça müşderilerini orta hally, aýrylyşan, 30-40 ýaşlaryndaky adamlar diýip suratlandyrýar. Aýomow bu hakda gysgaça: "Biziň müşderilerimiziň köpüsi ýa ozal aýrylyşan ýa-da dul galanlar" diýýär.

Täjigistanly ýaş çatynjalar.


Onuň bellemegine görä, oglanlarynyň ilkinji gezek öýlenmeginde maşgalalar esasy roly oýnasalar-da, özleriniň aýrylyşan ýa dul galan garyndaşlaryna bir ýanýoldaş tapmaga ilkinji gezekki ýaly höwes bildirmeýärler.

“Ýusup Züleýha” kömege ýetişýär

“Ýusup-Züleýha” edil şu ýerde kömege ýetişýär. Ol 5 dollara barabar pul alyp, sawçynyň roluny ýerine ýetirýär.

Gulluk özüne arza berýänleri dykgat bilen elekden geçirýär. Olaryň saglyk hakdaky şahadatnamasy hem-de nika ýagdaýy barada resmi dokumenti bolmaly.

“Biziň üç sany esasy talabymyz bar. Arza berýän adamyň fiziki we ruhy taýdan saglygy ýerinde bolmaly. Olaryň bir keseli bar bolsa, ilki bilen bejergi almalydyklaryny aýdýarys. Bikanun ekstremistik toparlar bilen ilteşikli adamlary kabul edemzok. Ikinji aýal gözleýän öýli-işikli adamlaryň hem arzasyny alamzok. Sebäbi köp aýallylyga kanun ýol berenok” diýip, Aýomow gürrüň berýär.

Geçirilen düýpli barlaglardan soň gulluk häsiýeti we talaby deň gelýän müşderileri tanyşdyryp, olary uzak möhletli ýanýoldaşlyk üçin taýynlaýar.

“Erkek müşderilerimiziň köpüsiniň gözleýäni görmegeý, öý-içeriniň aladasyny etjek, akylly, ýokary ahlakly aýal. Aýal müşderilerimiziň gözleýäni hem maliýe taýdan öz maşgalasyny ekläp biljek är” diýip, Aýomow aýdýar.