Owganystan: Aýallar howp astynda

Owganystanly aýallar.

Owganystanda entek uruş kitabynyň soňuna çykylmasa-da, soňky döwürde ”Talyban” güýçleriniň üstünden gazanylan dabaraly bir ýeňşiň üstüne eýýämden atanak çekmek tagallasy edilýär.

Aýallaryň Owganystanyň syýasy prosesine gatnaşmagy ýurduň täze konstitusiýasynda we saýlaw kanunyna girizilen hem goralýan hukuk. Ýöne indi hökümet öz borçlaryna degişli işlerde üstüne ulurak roly alyp-almanka, bu hukuga hüjüm edilýär.

Owgan parlamentiniň ýokarky öýi "Ýaşulular Öýi" şu günler saýlaw kanunynyň täzeden gözden geçirilen teksti barada pikir alyşýar. Bu taslama tekstde bolsa welaýat we etrap geňeşlerinde orunlaryň 25 prosenti aýallar üçin aýrylyp goýulmaly diýlen bölüm ýok.

Owgan parlamentiniň aşaky öýi bolan "Halk Öýi" bu kanun taslamasyny 22-nji maýda oňlady. Bu kanuny parlamentiň ýokarky öýi hem tassyklasa, onda ol gutarnykly tassyklanyp, gol çekilmegi üçin prezidente barar.

Howplar

Bu iş adam hukuklary we demokratiýa ugrunda göreşýän aktiwistleri aladalandyrýar. Olar bu kanun kabul edilse, aýallar welaýat we ýerli derejede hökümet işlerine gatnaşmakdan mahrum bolarlar diýip, gorky edýärler.

Welaýat we etrap geňeşlerinde agdyklyk edýänler konserwatiw garaýyşly erkekler. Munuň bolsa öz gezeginde parlamentiň ýokarky öýünde aýallaryň sanynyň azalmagyna getirmegi mümkin. Sebäbi ýokarky öýüň agzalary welaýat geňeşlerinden saýlanyp alynýar.

Aktiwistler we aýallardan ybarat kanun çykaryjylar bu göçme ýurduň geljegini öz isleglerine görä biçmek maksady bilen owgan institusiýalaryny doly ele almak üçin konserwatiwleriň edýän tagallalarynyň bir bölegi diýip garaýarlar.

Aşaky öýüň kanun çykaryjylar komissiýasynyň başlygy Kazy Nazeer Ahmad Hanafy saýlaw kanuny boýunça teklip edilen düzedişleri goraýar.

"Welaýat geňeşlerinde orunlaryň 25 prosentini aýallar üçin aýryp goýmak owgan konstitusiýasyna ters gelýär. Sebäbi saýlawlarda az ses alanlar köp ses alanlardan üstün çykyp bilýär. Näme üçin 4 müň ses alan bir erkek ýeňlip, diňe 500 ýa müň ses alan bir aýal ýeňiji bolmaly? Aslyna seredeniňde, aýallar bellenýär" diýip, Hanafy öz pikirini aýan edýär.

Parlamentde orunlaryň 25%-i aýallar üçin

Owgan konstitusiýasynda welaýat geňeşlerinde aýallaryň wekiçiligi barada ýörite durlup geçilenok. Ýöne milli parlamentiň iki öýünde orunlaryň 25 prosentiniň aýallar üçin aýryp goýulmagyna ýol berilýär.

Hanym Şukaria Barakzai üýtgedilen tekste parlamentiň aşaky öýünde ses berip, soňra hem aýallar baradaky bölümiň ondan çykarylandygyny görüp, gaharlanan parlament wekilleriniň biri. Ol parlamentiň kanun çykaryjy komissiýasynyň üýtgetme barada maglumat bermän, parlament wekillerini aldawa salandygyny aýdýar: "Yslamçy ”Hizb-e Yslamy” we ”Jammiat-e Yslamy” ýaly käbir toparlar owgan halkynyň ýeten demokratik sepgitlerini aradan aýyrmak isleýärler. Olar güýç-gudratyň tüpeňiň nilinden çykan döwrüne dolanjak bolarlar. Olar aýallara güýç-gudrat berilmegini islänoklar. Sebäbi syýasaty kesgitleýäniň oklar däl-de, seslerdigini olaryň göresi gelenok".

Barakzaýiniň aýtmagyna görä, bu iki yslamçy toparyň käbir ýolbaşçylary saýlawlara garşy çykmak, halky demokratik ýollar bilen saýlanan hökümetiň ýerine bir milli geňeş döretmäge çagyrmak bilen demokratiýa gös-göni böwet bolýarlar.

"Owganystanda aýallaryň hukuklary barada syýasy ynjyklyk we haýbatlar hemişe hem bardy. Ýöne indi aýallaryň syýasy, sosial we ykdysady durmuşda bolmagynyň özi howp astynda dur" diýip, Barakzai aýdýar.

Onuň bellemegine görä, parlamentiň iki öýünde-de aýal wekiller orunlaryň aýallar üçin aýrylyp goýulmagy ugrunda maksatly göreşmekçi. Barakzai parlamentiň iki öýüniň wekillerinden düzülen bir ýörite komissiýanyň bu meselä garamagyna garaşylýandygyny aýdýar.