Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan goşa raýatlyk ylalaşygynyň 2003-nji ýylda ýatyrylmagy, ýagny prezidentler Saparmyrat Nyýazow bilen Wladimr Putiniň şeýle dokumente gol goýmagy bir topar pikir döretdi.
Orsýetiň Döwlet dumasy bu dokumenti tassyklamakdan ýüz öwürmek bilen, türkmen häkimiýetleriniň birtaraplaýyn hereketiniň Türkmenistandaky ors raýatlarynyň hukuklaryny basgylaýandygyny öňe sürdi.
Emma Türkmenistan öz pozisiýasynda berk durdy we türkmen kanunçylygyna girizilen düzedişlerde iki raýatlylyk ret edildi. Şeýlelikde, türkmenistanlylar iki raýatlykdan haýsam bolsa birini saýlamaly bolýar.
Bu ýagdaý Türkmenistandan daşardaky habar serişdelerinde dürli çekişmeleri, şol sanda hukuk çäklendirmeleri baradaky aladalary döretdi. Eýsem bu ýerde nähili gapma-garşylyklar bar?
Azatlyk Radiosy şu we beýleki meseleler barada pikir alyşmak üçin ýerli synçylar, hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewi, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewi, Şwesiýada ýaşaýan türkmen aktiwisti, ozalky türkmen deputaty Halmyrat Söýünowy “Tegelek stol” söhbetdeşligine çagyrdy.