Owgan sportsmeni Mustafa Sadat üns merkezinde bolmaga öwrenişen.
Öňki kikboks çempiony 25 ýaşly Sadat häzirki wagtda Owganystanyň regbi boýunça ýaşlar ligasynyň ýyldyzy. Ýöne Sadatyň sportda gazanan üstünlikleriniň, şohratynyň hijisi onuň adam janyny halas etmek üçin öz bedeniniň bir agzasyny başga birine bermegi netijesinde gazanan meşhurlygy ýaly uly däldi.
Sadatyň şohraty öz saglygyny we karýerasyny töwekgelçilige salyp, bagrynyň bir bölegini ejesine berende, owganlaryň arasynda has hem arşa galdy. Bir adamyň öz içki organlaryndan bir bölegini başga birine bermegi musulman ýurtlaryň hemmesinde kabul edilmeýär.
15-nji fewralda Hindistanyň Täze Delidäki hususy hassahanalarynyň birinde Sadat we onuň ejesi 17 sagatlap dowam eden operasiýany başdan geçirdiler. Şol operasiýa üstünlikli geçdi we häzirki wagtda olaryň ikisiniň hem saglygy kadaly.
Sadat töwekgelçilikli operasiýany geçirmek üçin Hindistana gitmek meselesinde o diýen ikirjeňlenmändigini aýdýar. Agzalýan bu operasiýa janly donordan bagry transplantasiýa etmek diýip atlandyrylýar.
"Janymy bagyş etmäge taýýardym"
“Men ejemiň janly donory bolmagy derhal teklip etdim. Ol köp kynçylyklary başdan geçirdi we men onuň üçin öz janymy bagyş etmäge taýýardym. Operasiýa üstünlikli tamamlandy. Men ejemiň janyny halas etmäge mümkinçiligim bolany üçin özümi örän bagtly saýýaryn. Meniň bagtyma meniň ejemiň saglygy gowulaşýar” diýip, Sadat gürrüň berdi.
Sadatyň geljekde doly gowulaşjagyna we sagdyn hem-de adaty durmuşa dolanjagyna ynanylýar. Häzirki wagtda ol regbi karýerasyny dowam etdirmäge taýýarlanýar.
Sadat regbi sportuna iki ýyl mundan ozal Owganystanyň ilkinji regbi komandasy döredilen wagty başlapdy. Owganystanlylaryň köpüsi Sadaty öňden onuň kikboks karýerasy boýunça tanaýardylar. Onuň birnäçe kuboklary we milli titullary bar. Häzirki wagtda Sadat ýene-de Owganystanyň iň göze ilýän regbi ýyldyzlarynyň birine öwrüldi.
"Doga-dileg edýärler"
Owganystanyň regbi federasiýasynyň başlygy Asad Ziaryň aýtmagyna görä, agzalýan operasiýany geçirenden soň, Sadatyň janköýerleriniň sany has hem köpeldi.
Ziar, Owganystanyň regbi federasiýasynyň Facebook hem-de Twitter websahypalaryna salgylanyp, şeýle diýýär: “Owganystanyň dürli künjeginden teswirler we hatlar gelip başlady. Ençeme adamlar Sadatyň we onuň ejesiniň gowulaşmagy üçin doga-dilegler edýärler we Sadatyň, ejesini halas etmek üçin öz karýerasyna we janyna töwekgelçilik etmegini taryplaýarlar”.
Adamyň organyny bir adamdan başga birine transplantasiýa etmek Owganystanda seýrek duş gelýän ýagdaý we häzirlikçe muny hemmeler kadaly zat hökmünde kabul etmeýär.
Owganystanlylaryň arasynda organy bir adamdan beýleki bir adama transplantasiýa etmek operasiýasynyň yslam dinine kybap gelip-gelmeýändigi barada käbir soraglar hem bar. Käbirleri ony adam öli ýa-da diri bolsun, onuň organyny transplantasiýa etmek ynsan bedeniniň “hormatyny” basgylamak diýip düşündirýärler.
Agzalýan federasiýanyň sosial websahypalaryna gelen teswirleriň netijelerine görä, Sadatyň geçiren operasiýasy barada ýazylan teswirleriň ählisi oňaýly däl. Zair bu barada: “Adatça men Facebook sosial ulgamyndaky ýazylan teswirleri pozamok. Ýöne bu gezek men otrisatel ýazylan teswirleri pozmaly boldum. Sebäbi Mustafa Sadat agyr operasiýa geçirip, häzirki wagtda gowulaşýan pursatynda, bu teswirler onuň üçin agyr deger öýtdüm.” diýip gürrüň berdi.
"Öwgä mynasyp hereket"
Owganystanyň Adalat ministrliginiň kanun we derňewler bölüminiň direktory Abdul Rauf Herawi Sadatyň geçiren bu operasiýasy oňyn diskussiýanyň başlamagyna itergi berdi diýýär: “Gurhanda aýdylmagyna görä, ‘haýsy-da bolsa bir adam birini halas etse, onda ol tutuş adamzadyň janyny halas eden ýaly’. Mustafa Sadatyň geçiren operasiýasy halkyň aňyna oňyn täsir eder. Bu öwgä mynasyp hereket, biz oňa buýsanmaly”.
Sadatyň bäş dogany bar. Olaryň ikisi gyz, üçüsi hem oglan. Sadatyň özünden uly doganlarynyň durmuş gurany, kiçileriniň bolsa ýaş bolany sebäpli, ejesine donor bolmak üçin Sadatyň özünden çemelisi ýokdy.
Mustafa Sadatyň geçiren operasiýasy, şol sanda doktorlaryň tölegi, Hindistana gitmek we şol ýerde galmak, bularyň ählisi takmynan 60 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Sadatyň maşgalasy puluň aglabasyny garyndaşlaryndan we dostlaryndan karz aldy.