Ýakyn günlerde Daşoguz şäheriniň merkezinde, Türkmenistan köçesiniň Magtymguly şaýoly bilen kesişen ýerinde, Şabat suw akabasynyň gaýra tarapynda ýerleşen “Garaşsyzlyk” stadionyň dabaraly ulanmaga beriljekdigi barada maglumat gowuşýar.
Bu sport desgasy üç ýylyň dowamynda geçirilen düýpli abatlaýyş we düzediş işlerden soňra özüniň durkyny düýpgöter täzeledi.
Emma geçirilen uly göwrümli gurluşyk-gurnama işlere garamazdan, daşky keşbi gözelleşen, içerki durky bolsa täze sport enjamlar bilen tanamaz derejä çenli üýtgedilen şäheriň stadiony ýerli ýaşayjylary-da sporta dahyly bolan türgenleri we talimçileri-de nämüçindir o diýen begendirip bilenok.
Näme üçin?
Meniň bilen söhbetdeş bolan, özüni Aman diýip tanadan bir ýerli sport işgäriniň aýtmagyna görä, welaýatda soňky ýyllarda sport desgalaryň gurluşygyna gaty köp we güýçli üns berilýär.
“Elbetde, täze gurulan desga gutlamaly we begenmeli zat. Ýöne sport desgalaryň sany köpeleni bilen deň hatarda olarda alyp barylýan işleriň gerimi-de, ol işleriň hili-de artaýmaly ýaly, emma, gynansakda, beýle bolanok”- diýip, sport emeldary gürrüň berýär.
Amanyň aýtmagyna görä, diňe geçen 2012-nji ýylyň dowamynda Daşoguz welaýatynda 5 sany sport desga, 8 sany täze sport mekdebi ulanmaga berildi. Üstümizdäki ýylda ýene-de şonçarak desgaň ulanmaga beriljegi aýdylýar. Ol il bähbidi nazarlap gurulan desgalaryň işlän mahalyndan işlemedik wagty köp.
Onuň sözlerinden çen tutup netije çykarsaň, onda desgalaryň ýolbaşçylary "oýun meýdança düşelen gök otlar birden zaýalanaýmasyn, oturdylan enjamlar hatardan çykaýmasyn" diýip, ulanyş şertleri, türgenleşik wagty, sport bilen meşgullanjak ýaşlaryň sanyny kesgitlemek bilen bolýarlar.
“Aeroporta barýan awtoýoluň ugrunda gurulan täze stadionyň ulanmaga berilenine birnäçe ýyl boldy, emma ol stadion sport ýaryşlaryň mekany bolup bilmedi, 10 müň tomaşaça niýetlenen ol desga esasanam köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary we dürli syýasy-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýän meýdança hökmünde ulanylýar” - diýip, özüniň adynyň tutulmazlygyny haýyş eden şäheriň orta mekdepleriniň birinde bedenterbiýe mugallymy bolup işleýän 28 ýaşly ýigit ýagdaýy düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, durky täzelenen şäheriň merkezindäki köne stadionyň soňky ykbaly hem hemişe ümsümlikde galýan täze binaň ykbalyndan tapawutly bolmaz.
Uzaga çeken remont
Daşoguz şäherinde öň Çkalowyň häzir bolsa Al-Horezmiň adyny göterýän köçäň ugrunda ýerleşen, ýerli ýaşaýjylaryň FOK diýip atlandyrýan beden-terbiýe sagaldyş toplumy indi üç ýyldan bäri işlänok. Munuňam sebäbi uzaga çeken abatlaýyş işleri.
“Öňler bu ýerdäki geçirilýän türgenleşiklere gatnaýan ýaş oglanlaryň sany sanardan kändi, olaryň türgenleşik zaldaky bar bolan sport enjamlarda özleriniň bedenini berkitmek we güýjüni artdyrmak üçin nobata duranyny hem görmek bolýardy.
Indi üç ýýl bäri FOK ýapyk, onuň haçan işläp başlajagy-da, remontyň haýsy wagt gutarjagy-da belli däl”- diýip, öň FOK-a sypdyrman yzygider gatnan 16 ýaşly bir mekdep okuwçysy zeýrenýär.
Beden-terbiýe sagaldyş toplumyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, abatlaýyş işleri alyp barmaklyk bir sany ýerli hususy gurluşyk kärhanasyna tabşyrylypdyr.
FOK-yň işgärleri we ol ýerde işläp ýören az sanly gurluşykçylar açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň “haçan biz türgenleşiklere girişip bileris?” diýen soragyndan halys bizar bolupdyrlar.
“Eger degerli üns berilende bu üç ýylyň içinde abatlamak-ha bärde dursun, bular ýaly desgaň ençemesini ýaňadandan gurup ulanmaga berip bolardy”- diýip, mekdep okuwçysy uly adam ýaly öz pikirini beýan etdi.
Kadr ýetmezçiligi-de bar
Sport ugrundan ýerli bilermen Amanyň aýtmagyna görä, täze gurulan sport desgalardaky häzirki ümsümlik ökde, öz işine ak ýüregi bilen çemeleşýän hünärmenleriň ýetmezçiligi bilen hem bagly.
“Oňat, ýokary derejeli spesialistleriň belli bir bölegi ýurdy terk etdi, belli bir bölegi gartaşyp pensiýa çykdy, ýene bir topary bolsa aýlyklary az görüp, beýleki aýlykly ýerlere işe girdiler.
Ýurdyň beden-terbiýe we sport ugry boýunça kadr taýýarlaýan institutyň uçurymlaryna bil baglap ýa-ha olaryň “ýüpüniň üstüne odun goýup”, geljekki çempionlar, sportda gazanylýan üstünlikler, baýrakly orunlar bolar diýip, arzuw hem edip bolanok”- diýip, Aman pikirini jemleýär.
Gulagyňy şaňladýan häzirki ümsümlik diňe welaýat merkezindäki bar bolan sport desgalaryna mahsus bolman, ol etraplarda gurulan täze desgalar-da mese-mälim duýulýar.
Beýle ümsümlik bir tarapdan welaýatyň sport ketdeleriniň iş gurnamak ukybyny äşgär etse, beýleki bir tarapdan bolsa “boşdan boş durjak desgalary gurmaklyk gerekmi-kä?” diýlen soragy keserdip goýýar.
Kerim Artykow türkmenistanly žurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Makaladaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.