ABŞ: Aşgabadyň dini syýasatynda täzelik ýok

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan din azatlygy barada ýaýradylan ýyllyk hasabat

Türkmenistanyň Baş kanuny ýurtda din azatlygyna ýol berýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurduň käbir beýleki kanunlary, hökümetiň bu babatda alyp barýan syýasaty din azatlygyny çäklendirýär we hökümet şol çäklendirmeleri berk berjaý edýär.

Bu ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan din azatlygy barada ýaýradylan ýyllyk hasabatdan bir bölek. 2012-nji ýyla syn salnyp taýýarlanan bu hasabat 20-nji maýda çap edildi.

Şol hasabatda hökümetiň din azatlygy bilen bagly syýasatynda geçen ýyl hem täzelige duş gelinmändigi, netijede resmi taýdan hasaba alnan we, esasanam, hasaba alynmadyk käbir dini toparlara garşy hökümetiň çäklendiriji syýasatynyň dowam edendigi habar berilýär.

Raportda aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň Baş kanuny ähli dini guramalaryň resmi taýdan sanawa alynmagyny talap edýär. Şeýle-de ýurtda dini bilim almak, dini maglumatlaryň ýaýradylmagy çäklendirilen.

Dini toparlara gözegçilik edilýär

Agzalýan hasabatda hökümetiň Türkmenistanda ýerleşýän dini guramalara daşary ýurtlardan iberilýän maliýe kömeklere berk gözegçilik edýändigi, dini toparlaryň öz dini çärelerini diňe ýerli ýolbaşçylaryň rugsady bilen amala aşyrmalydygy aýdylýar.

Türkmenistanda din bilen bagly ähli işlere agzalary hökümet tarapyndan bellenen Dini işler boýunça geňeş gözegçilik edýär. Bu topar şol bir wagtyň özünde dini guramalar bilen hökümetiň arasynda araçy wezipesini hem berjaý edýär.

Hasabatda aýdylyşyna görä, hökümet resmi taýdan hiç bir dini beýleki dinden öňde tutmaýar, emma metjitleriň gurluşynyň çykdajylarynyň hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýändigi, ortodoks buthanalarynyň gurluşygynyň çykdajylarynyň bolsa garaşsyz çeşmelerden üpjün edilýändigi nygtalýar.

Türkmenistanda haýsy dini toparyň näçe agzasynyň bardygy barada takyk maglumat ýok. Emma resmi çeşmelere görä, ýurtda jemi 121 dini gurama we 7 sany dini topar hasaba alnan. 121 dini guramadan 104 sanysy musulmanlara degişli bolup, olardan 13-isi Rus ortodoks buthanasyna we galan 11-isi bolsa dürli etniki dini toparlara degişlidir.

Hasaba alynmadyk dini toparlar

Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça ýaýradan hasabatynda ýurtda Ýegowanyň şaýatlary, ýewreýler ýaly henizem hasaba alynmadyk dini toparlaryň hem bardygy mälim edilýär. Edil häzirki döwürde Türkmenistanda jemi 300-e golaý ýewreýiň ýaşaýandygy aýdylýar.

Resmi taýdan hasaba alynmadyk bu dini toparlaryň öz dini ybadatlaryny erkin berjaý edip bilmeýändigi, dini merkezlerini gurup, dini maglumatlary ýaýradyp bilmeýändigi we olaryň hökümetden birugsat ýöredýän dini ygtykatlaryna garşy administratiw çäre görülýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de ybadathanalaryny gurup bilmeýän käbir dini toparlaryň dini ybadatlaryny, ýygnanşyp, umumy ýaşaýyş jaýlarynda berjaý edýän halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Raporta görä, Baş kanunda şeýle ýagdaýda ybadat etmegiň gadagan edilýändigi barada takyk maglumat bolmasa-da, ýaşaýyş jaý kodeksi esasynda beýle hereketlere garşy administratiw çäre görülýär.

Türkmenistanyň kanunlarynyň dini meseleler baradaky baplarynyň daşary ýurt dini guramalarynyň Türkmenistanda iş alyp barmagyny gadagan edýändigi, emma daşary ýurtlylaryň ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde dini ybadat etmegine çäklendirme girizmeýändigi bellenýär.

Hasabatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda dini materiallaryň çap edilmegi gadagan, diňe resmi taýdan hasaba alnan dini guramalara dini materiallary ýurda getirmäge rugsat edilýär.