Kabul Waşingtonyň aýyplamlaryny ret edýär

Owganystanyň maliýa ministri Omar Zakhilwal. 18-nji maý, 2009 ý.

Owganystanyň maliýe ministri ABŞ-nyň resmi derňewçiler toparynyň, Waşington tarapyndan maliýeleşdirilýän proýektlerden salgyt hökmünde, Kabulyň azyndan 1 milliard dollara golaý bikanun pul alandygy baradaky raportyny ret etdi.

Owganystanyň maliýe ministri Omar Zahilwal çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Owganystany gaýtadan gurmak boýunça işlere gözegçilik edýän ABŞ-nyň ýörite umumy inspektorynyň barlag raportyny “düýbünden ýalňyş we ýalan” diýip atlandyrdy.

“Bu gürrüň syýasylaşdyrylan ýa-da düýpden äsgermezlik bolup biler. Näme bolsa-da, bu jogapkäçiliksiz hem-de gözgyny ýagdaý we muny düzetmeklerini islärdim” diýip, Owganystanyň maliýe ministri Zahilwal aýtdy.

Şeýle-de Zahilwal bu raportyň “bulaşyklygyň döremegine” we owgan hökümeti bilen Waşingtonyň arasynda ynamsyzlygyň emele gelmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

Bu maglumat Amerikanyň Owganystany gaýtadan gurmak işleri bilen gyzyklanýan umumy inspektoraty tarapyndan sişenbe güni çap edildi. Şol raportda aýdylyşyna görä, “Owganystanyň Maliýe ministrligi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan goldanylýan 43 sany amerikaly potratça 2008-nji ýyldan bäri 921 million amerikan dollary möçberinde jerime we salgyt salypdyr”.

Ozalky potratçylar

Raportda bellenmegine görä, bu salgyt Owganystany gaýtadan gurmak proýektleri boýunça iş alyp barýan we Waşington bilen Kabulyň arasynda ozal salgytdan boşadylmagy ylalaşylan potratçylara hem salnypdyr.

Geçirilen barlaglaryň netijesiniň ýaýradylmagy bilen bagly, Waşingtonyň Owganystany gaýtadan gurmak boýunça işleri bilen gyzyklanýan ýörite inspektory Jon Sopkonyň beýanatynda aýdylyşyna görä, “Owgan hökümetiniň amerikaly potratçylara adalatsyz salgyt salmagy we olary gorkuzmalara sezewar etmegi aladalandyrýan ýagdaýdyr”.

Emma Zahilwal, bu salgytlaryň adalatsyz däldigini aýdyp, agzalýan amerikaly inspektorlary bu baradaky düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy. Ol bu meselede şeýle diýdi: “Biz salgytdan boşatmak bilen bagly Waşington bilen aramyzda gelnen ylalaşykdan peýdalanyp, tölemeli salgytlary milliardlarça dollar bolan portratçylaryň bardygyna ynanýarys. Ýöne potratçylaryň salgytdan boşadylmalydygy baradaky statusy, olaryň gatnaşan işlerini öz içine alanok. Waşingtonyň Owganystany gaýtadan gurmak boýunça işleri bilen gyzyklanýan umumy inspektoraty bolsa şol potratçylaryň salgytdan boşadylanlaryň hataryna girýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Ýöne olar biziň bilen oturyp, ony bize subut etmeli, bizi ynandyrmaly”.

Owganystany gaýtadan gurmak işleri bilen gyzyklanýan ABŞ-nyň ýörite umumy inspektoratynyň ýaýradan raportynda salgyt bilen bagly bu jedel käbir firmalaryň salgyt tölemekden boýun gaçyrmagy sebäpli ýüze çykypdyr.

Muňa jogap hökmünde Owganystanyň maliýe ministri potratçylaryň hereket etmek hukuklaryny, şeýle-de biznes rugsatnamalaryny täzelemekden saklanmak bilen, olaryň işine çäklendirmeleri girizdi.

Raportyň soňunda bu ýagdaýyň ABŞ-nyň Owganystanda alyp barýan harby operasiýalaryna goýberilýän maliýe goldawyna ýaramaz täsirini ýetirmeginiň mümkindigi aýdylýar.