Pakistan: Şerifyň daşary syýasaty

Nawaz Şerif

Pakistanyň entek öz wezipesine girişmedik premýer-ministri Nawaz Şerif ýurduň daşary syýasatyna kontrollygy onlarça ýyllap onuň üstünden agalyk edip gelen güýçli howpsuzlyk gulluklaryndan yzyna aljakdygyny duýdurdy.

Onuň bu ugurda näderejede üstünlik gazanjakdygy soragly bolsa-da, Yslamabadyň geljekki daşary syýasatynyň ugruny kesgitlejek şu soragyň jogaby bolar.

Hindistan

Şerifiň ilkinji göçümde eden hereketi Hindistana gönükdirildi. Ol bu ýurduň premýer-ministri Manmohan Singhi özüniň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Nawaz Şerif 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda, özüniň öňki premýerlik döwründe, Hindistan bilen ýola goýan ýaraşyk prosesini täzeden direltmäge meýillidigini bildirdi.

"Nawaz Şerife galsa, ol daşary syýasatda uly we möhüm özgerişiň bolmagyny isleýär. Sebäbi Pakistanda Hindistandyr beýleki goňşular bilen oňat gatnşykda bolmagyň Pakistanyň bähbidinedigine ak ýürekden ynanylýar. Çünki serhetlerde parahatçylyk bolsa, ýurduň içine asudalygy şol getirýär. Bu iş haçan-da sen goňşularyň bilen parahatçylykda bolanyňda mümkin" diýip, pensiýa çykan yslamabatly general, howpsuzlyk boýunça ekspert Talat Masood aýdýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary

Pakistanyň Lahor şäherinde ýaşaýan analitik we ýazyjy Ahmed Reşidiň pikiriçe, Şerifiň pragmatik çemeleşmesiniň Birleşen Ştatlar bilen bolan gatnaşyklary öz içine almagy ähtimal.

Şerifiň saýlaw kampaniýasyny häsiýetlendiren - onuň terrora garşy uruşda Pakistanyň Waşington bilen hyzmatdaşlygyny kesmek baradaky wadasy - Amerika garşy gönükdirilen ritorikady, ýagny gep owadanlamakdy.

Ýöne Reşidiň çaklamagyna görä, Pakistanyň entek wezipä girişmedik premýer-ministri Waşingtonyň ykdysady kömeginiň, şeýle hem Halkara pul fondundan we Dünýä Bankyndan pul karz almak üçin onuň goldawynyň gerekdigini bilýär.

"Şerif bir gaty pragmatik adam. Ol Pakistan näme etse-de, amerikanlaryň pilotsyz uçarlar bilen urulýan zarbalary duruzmajagyny bilýär. Şol sebäpden häzirki sorag - Pakistanyň bu uçarlaryň ulanylmagyndan nädip iň gowy ylalaşygy gazanmalydygy barada. Men Şerif Amerikanlara pilotsyz uçarlary ulanmagy bes ediň diýer öýdemok. Sebäbi bu edilmez" diýip, Reşid aýdýar.

Owganystan

Reşidiň pikiriçe, Pakistanyň Owganystandaky roluny täzeden seljermek bilen Waşingtona ol ýurtda kömek etmek Şerifiň bähbidine bolar.

"Oňa Amerikanyň Owganystandan sag-aman çykmagy gerek. Oňa owgan 'Talybanynyň' Amerika bilen, prezident Hamid Karzaý bilen gürleşmegi gerek. Men şek-şübhe edemok, biz onuň bir rol oýnap, 'Talybana' Dohada bir býuro açdyranyny, amerikanlary hem bu işi etmäge taýýarlanyny göreris" diýip, Reşid öz pikirini beýan edýär.

Ýöne Pakistanyň Waşingtondaky öňki ilçisi Husain Hakkany Pakistanyň täze premýer-minsitriniň mümkinçilikleriniň näçeräkdigini sorag astyna alýar. Ol 1990-njy ýyllarda Şerifiň maslahatçysy bolup işlän döwründe edinen tejribelerine daýanyp, harbylaryň Pakistanyň owgan syýasatyny täze adminstrasiýanyň eline bermegi ähtimal däl diýen pikirde.

Husain Hakkany bu barada şeýle pikir ýöredýär: "Meniň pkirimçe, Pakistanyň Owganystan baradaky häzirki tutumynda ýakyn geljekde üýtgän zat bolmaz. Jenap Şerif haçan hem bolsa, Owganystan barada bir özboluşly garaýşy beýan edendir öýdemok. Ol Amerikanyň Owganystandan çykmagyny, elbetde, isleýär. Pakistanyň Owganystanyň üstünden öz täsiriniň bolmagyny-da isleýär. Onuň öňki hökümeti 'Talybany' hyjuwly goldady. Onuň prezident Karzaý ýa beýleki owgan ýolbaşçylary bilen, prezident Asif Ali Zardarynyň edişi ýaly, şahsy gatnaşygy ýok. Şol sebäpden men Owganystan syýasaty harbylar tarapyndan düzülen regionlaryň biri bolar diýip pikir edýärin".

Eýran

Tüýs ýürekden sünni musulman bolan Şerif Saud Arbystanynyň ýakyn ýarany hasaplanýar. Emma Ahmed Reşid bu Pakistanyň Saud Arabystanynyň regional bäsdeşi, goňşy Eýran bilen bolan gatnaşygyna täsir eder öýdenok.

Reşid Şerif Pakistanyň Eýran bilen golaýda baglaşan ençeme million dollarlyk tebigy gaz boýunça ylalaşygyna açyk garşy çykan hem bolsa, onuň bu ylalaşygy ýatyrmagynyň ähtimal däldigini aýdýar.