AI: Röwşeniň tussaglygy administratiw bolup biler

"Amnesty International" guramasynyň emblemasy

6-njy maýda Türkmenabat şäheriniň polisiýasy tarapyndan saklanylan Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew) henizem tussaglykda saklanylýar.

Onuň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan näme üçin saklanylýandygy barada häzire çenli hiç hili resmi maglumat berilmedi. Eýsem bu halkara kanunlaryna laýyk gelýärmi?

Azatlyk Radiosy bu soragy düýbi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklaryny goramak boýunça iş alyp barýan "Amnesty International" guramasynyň Merkezi Aziýa we Ýewropa bölüminiň müdiri Deýwid Diaz-Jogei berdi.

Azatlyk Radiosy: Bilişiňiz ýaly Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow duşenbe güni tussag astyna alyndy, onuň sebäbi barada häzirlikçe resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi, siz bolan bu waka barada näme diýersiňiz?

Diaz: "Amnesty International" guramasy Türkmenistanda tussag edilen žurnalist barada alada bildirip onuň administratiw taýdan tussag edilendigini çaklaýar. Biziň guramamyz eýýäm bu babatda işläp başlady, biz degişli resmiler bilen habarlaşyp, onuň tussag edilmeginiň sebäplerini şeýle-de onuň tussaglykdaky ýagdaýyny anyklaşdyrmakçy.

Azatlyk Radiosy: Röwşeniň administratiw taýdan tussag edileniniň mümkindigini aýtdyňyz. Şol bir wagtyň özünde soňky döwürler türkmen resmileri özleriniň garaşsyz habarçylara hiç hili garşylygynyň ýokdugyny aýdýarlar. Eýsem bolan bu waka nähili düşünmeli?

Diaz: Biziň pikirimizçe türkmen hökümeti oňyn özgerişlikleriň boljakdygy barada umyt döredýän käbir ädimleri ätdi, mysal üçin täze syýasy partiýa döredildi. Ondan başga-da türkmen hökümeti dürli wadalar beripdi. Biz şol berlen wadalary nazarda tutýarys, emma olaryň hiç biri diýen ýaly şu wagtda çenli berjaý edilmedi.

Şonuň üçin biz ýurduň häzirki ýagdaýy barada çynlakaý alada bildirýäris. Men adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň öz işini arkaýyn alyp baryp bilmeýänligi, tankydy garaýyşy öňe süren adamlaryň gynamalara sezewar edilip tussag edilýandyklary barada gürrüň edýärin.

Azatlyk Radiosy: Jenap Diaz, Röwşeniň tussag astyna alynmagynyň sebäpleri henize çenli düşündirilmedi. Muňa nähili düşünmeli? Bu çäre kanuna gabat gelýär diýmek mümkinmi?

Diaz: Ýok, bu mümkin däl. Şonuň üçin bu administratiw taýdan tussag etmä meňzeýär. Biz bu barada gyssagly netije çykarmakdan gaça durýas, emma geçmişde käbir adamlaryň özlerini goramaga hiç hili mümkinçilik berilmän tussaglykda saklanan ýagdaýlary hem bolupdy.

Mysal üçin, olara aklawçynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berilip olara bildirilýän aýyplamalar mälim edilse tussaglykdaky adamlar olara ýönkelýän aýyplamalara garşy kanuny ýollar bilen göreşip bilerdiler.

Azatlyk Radiosy: Ýazmuhamedow duşenbe güni 6-njy maýda tussag edilipdi, aradan eýýäm birnäçe gün geçdi. Oňa garşy bildirilýän aýyplamalar resmi taýdan henizem halk köpçüligine mälim edilmedi. Halkara tejribesinde beýle ýagdaý mümkinmi?

Diaz: Ýok, bolup bilmez. Edil şol sebäpden hem biz onuň administratiw taýdan tussag edilendiginiň mümkindigini pikir edýäris. Sebäbi adatça tussag edilen adam uzaga çekse 32 sagadyň dowamynda jenaýat koddeksiniň haýsy maddasyna laýyklykda oňa aýyplama bildirilýändiginden habarly edilmeli. Şonuň üçin Amnesty International guramasy bu barada howatyrlanýar.