SRG: Berdimuhamedow azat medianyň "ganym duşmany"

Gurbanguly Berdimuhamedow. 2012 ý.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasy (SRG) Bütindünýä metbugat azatlygy gününe gabatlap, "Metbugat azatlygynyň ganym duşmanlarynyň" sanawyny çap etdi. 39 adamdam ybarat şol sanawa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem girizilipdir.
Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň anna güni çap eden hasabatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçeli bäri beren käbir wadalaryna, şeýle-de olaryň iş ýüzünde berjaý edilişine baha berilýär.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Biriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň wadalary bilen olaryň durmuşa geçirilişiniň arasynda uly bir boşluk bar.

Bir: “Ol [Berdimuhamedow] häkimiýete geleli bäri reformalar barada gürläp gelýär. Emma hakykat ýüzünde üýtgän zat az boldy” diýdi.

Resmi çykyşlar we hakykat

Hasabatda Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň ýanwaryndaky çykyşyndan “Türkmenistanda täze partiýalary döretmek we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň işlerini talaba laýyk gurnamak ugrunda çykyş edýäris” diýen sözlem getirilip, munuň näderejede amala aşyrylandygynyna syn edilýär.

SRG soňky ýyllaryň dowamynda Türkemenistanda iki sany täze syýasy partiýanyň dörändigini, ilkinji Media kanunynyň kabul edilendigini nygtaýar. Şol bir wagtda-da Ýohan Bir bu çäreleriň ählisiniň diňe “kagyz ýüzünde” amala aşyrylandygyny aýdýar.

“Emma hakykatda bu [Media baradaky] kanun Türkmenistandaky žurnalistleriň durmuşyna sähelçe hem bolsa özgerişlik getirmedi. Ýurtda berk senzura we repressiýalar höküm sürýär. Şu ýagdaýlar nazara alynsa, onda ‘hiç zat üýtgemedi’ diýmäge esas bar” diýip, "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir belledi.

Hasabatda prezidentiň Jaýlardaky oturdylan hemra antennalarynyň, şol jaýlaryň binagärlik keşbine we daşky görnüşine ýetirýän zeperi” baradaky çykyşy hem getirilipdir.

SRG prezident Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda satellit antennalaryna garşy uruş yglan edip, şondan bäri “şäheriň durky” bahanasy bilen olaryň sanyny kemeldendigini belleýär.

Hasabatda bellenişi ýaly, ýerli ýaşaýjylar diňe satellit antennalar arkaly ýurduň propaganda ýugrulan mediasynyň maglumatlaryndan “azat” bolýarlar.

Türkmenistanda senzurasyz habarlary hödürleýän käbir habar serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýty hem petikli bolup galýar diýip, SRG öz hasabatynda nygtaýar.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasy azat metbugaty we informasiýa erkinligini wagyz edýän we goraýan hökümete degişli däl bir guramadyr. Onuň düýbi 1985-nji ýylda tutuldy.