Boston: Yslamofobiýa we çydamlylyk

Boston marafonynda bolan bomba partlamasynyň pidasy 29 ýaşly Krystle Campbelliň hatyrasyna geçirlen çäre, Massaçusetts, 22-nji aprel, 2013.

Amerikalylar 15-nji aprelde Bostonda bolan pajygaly wakalaryň anygyna ýetmäge we güman edilýän iki çeçen ýigidiniň adam öldürmeklige baş goşmagynyň sebäplerine düşünmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaýda amerikan jemgyýetinde yslama garşy düýgular güýçlendi, emma çydamlylyk hem görkezildi.
Syýasatçylar, alymlar we ýönekeý amerikalylar Bostonda 15-nji aprelde bolan partlamalaryň sebäpleriniň anygyna ýetäge çalyşýarkalar, jemgyýet bu wakalara nähili jogap bermeli diýen sowal hem orta atylýar.

Bir tarapdan ýurtda yslama garşy duýgular güýçlenip başlady, başga bir tarapdan ýigrenje ýugrulan duýgulardan saklanmaga çagyryşlar hem köpeldi.

Yslama garşy çykyşlar

Erik Ruş bu ugurdan öz reaksiýasy üçin tankyt astyna alnan konserwatiw kommentatorlaryň biri boldy. Ol hüjümden soňky ilkinji sagatlaryň dowamynda hüjümçiniň saud arabystanlydygy baradaky çaklamalaryny öňe sürüpdi. Twitter ulanyjylaryň biri tarapyndan “siz musulmanlary günäleýärsiňizmi?” diýlip berlen soraga Ruş “hawa, olar erbet, olaryň ählisini öldürmeli” diýip, jogap beripdi.

Emma soňra Ruş özüniň bu sözleri ýaňsylap aýdandygyny belledi.

Bostondaky partlamalardan bir hepde geçensoň, 22-nji aprelde, ABŞ-nyň öňki kongressmeni Respublikan partiýasynyň agzasy Joe Walş MSNBC täzelikler kanalyna beren interwýusynda ýurduň uruş ýagdaýdadygyny, immigrasion meselä garalmagyň zerurdygyny, şeýle-de ýaş musulman ýigitlere duşman hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Nýu-Ýork şäheriniň polisiýasy we Federal derňew býurosy musulmanlara we beýleki etnik toparlara degişli maglumatlary toplamak boýunça iş geçirdi we öz hereketlerini milli howpsuzlyk maksatlary bilen düşündirdi.

Şonda tankytçylar muny konstitusiýa garşy hereket, diýip atlandyrypdylar.

23-nji aprelde “Foks News” informasion kompaniýasynyň eýesi Bob Bekel, hususan-da, musulman studentleri ABŞ-a goýbermezlik meselesine garamaga çagyrdy.

26-njy aprelde kongressmen Dana Rohrabaher Daşary işler boýunça komitetde geçirlen “Çeçenistanda yslam ekstremizmi: Amerikan watanymyza salynýan howp” atly diňlenişige ýolbaşçylyk etdi. Ol özüniň jemleýji çykyşynda “adamlary çagalary öldürmäge ündeýän dine garşy ählimiziň bile işleşjekdigimize umyt baglaýaryn” diýdi.

Bildirilýän goldaw

Amerikan musulmanlarynyň brinäçe guramalary Bostondaky bomba partlamalaryny ýazgaryp çykyş etdiler, şol bir wagtda-da olar yslama garşy duýgulary tutaşdyryjy çykyşlary ýazgardylar.

Bostonda ýerleşýän Amerikan yslam kongresiniň raýat hak-hukuklaryna goldaw bermek boýunça müdiri Naser Weddady ýurtda edilýän soňky çykyşlaryň amerikan musulmanlarynyň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soňky ýagdaýynyň dowamydygyny belledi. Weddady şol döwürden bäri terrorçylykly wakalar ýüze çykanda, her sapar yslama garşy duýgularyň güýçlenýändigini belledi.

Emma Weddady jemgyýetçilik toparlarynynyň we ýönekeý raýatlaryň, şeýle-de soňky günlerde döwlet resmileriniň bildirýän goldawynyň-da duýulýandygyny aýtdy. Ol köp amerikanlar ýagdaýa düşünýärler diýip hasap edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 18-nji aprelde eden çykyşynda “rehimsizligiň öňünde biz dostlugy we söýgini saýlap alarys” diýdi.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän we amerikaly çeçenler bilen işleşýän ”Çeçenistany goldamak boýunça toparyň” esaslandyryjylarynyň biri Almut Roçowanski partlamalardan soň ençeme adam tarapyndan internet arkaly goldaw bildirilendigini aýtdy.

Almut Roçowanski çeçenlere bildirilen bu goldaw barada Facebook arkaly maglumat paýlaşmagy makul bilendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan amerikaly bir arabyň öz adynyň tutulmazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, ol “2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň ýurtda ýüze çykýan terrorçylykly hüjümleriň her biri ýurduň çydamlylygy üçin synag bolup durýar” diýip hasap edýär.