Özbegistan: Tigirlere garşy göreş başlandy

Daşkent, 2013.

Özbegistanyň polisiýasy welosipedlere garşy kampaniýa başlady. Häkimiýetler bu täze çäräni ýol heläkçiliginiň öňüni almak üçin geçirýändiklerini aýdýarlar.
Özbegistanyň paýtagtynyň polisiýasy ýol heläkçiliginiň öňüni almak boýuça öň görlüp-eşidilmedik çäreleri amala aşyrýar. Ol tigirleri köçelerden ýok edýär.

Regional habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Daşkendiň ýol-gözegçilik polisiýasy iki tigirli bu ulagy ýol heläkçiliginde esasy sebäpkär diýip hasap edip, welosiped sürüjilere garşy resmi göreş alyp barýar. Habar berlişine görä, ýol düzgünlerini bozýanlara jerime salmak we olaryň ulaglaryny elinden almak çärelerini amala aşyrmak üçin häkimiýetler tarapyndan ýörite bölüm döredilipdir.

Soňky günlerde geçirilen kampanaiýanyň dowamynda onlarça adamyň öz tigirlerinden mahrum edilendigi, bu ulagy satýan dükanlaryň eýelerinden welosiped söwdasyny bes etmegiň talap edilendigi barada habar berilýär.

Resmi düzgün

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan Daşkendiň ýol-gözegçilik polisiýasynyň işgäri Musurmon Hudoýkulow welosipedleriň tussaga alynýandygyny tassyklady. Emma Hudoýkulowyň sözlerine görä, şeýle çäreler diňe ýolda özlerini gödek alyp barýan welosiped sürüjileriň garşysyna gönükdirilýär.

Polisiýa ofiseri Hudoýkulow eger welosiped sürüji ýoluň ortasyndan sürmeýän bolsa we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýän bolsa, polisiýanyň ony saklamaýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, “ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan ýaşlar köp, hut şolar ýol heläkçiligine sebäpkär bolýarlar”.

Polisiýa ofiseri Özbegistanda tigirleriň gatnaşmagynda bolan ýol heläkçilikleriniň sany barada maglumat bermedi.

Özbegistanyň ýol-gözegçilik polisiýasynyň resmi maglumatynda 2012-nji ýylda ýurduň ýollarynda jemi 3.3 milliondan gowrak wakanyň hasaba alnandygy aýdylýar. Emma olardan näçesine welosipedleriň sebäp bolandygy belli däl.

Musurmon Hudoýkulowyň sözlerine görä, polisiýa tarapyndan ele salnan tigirleriň eýeleri jerime tölänlerinden soň öz emlägini yzyna alyp bilýärler.

Daşkendiň ýaşaýjylarynyň gürrüňi

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan sürüjileriň biri welosipedini yzyna gaýdyp almak üçin 13 dollar möçberde jerime töländigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan student Daşkendiň Nawoi köçesinden welosiped sürüp barýarka, polisiýa tarapyndan saklanyp, jerime töledilendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, polisiýa onuň welosipedini köçeden däl-de, ýoluň gyrasyndan sürmegini talap edipdir.

Welosipedleri, ýagny tigirleri kireýine berýän dükanyň eýesi öz müşderileriniň ençemesiniň, entek köçä çykmanka, ulaglarynyň elinden alnandygyny gürrüň berdi.

Soňky döwürde Daşkentde tigir aýagulag hökmünde gitdigiçe köp ulanylýar. Emma şäheriň häkimiýetleri munuň üçin ýörite şertleri döretmäge, iň bärkisi tigir sürülýän ýörite ýanýollary gurmaga howlukmaýarlar.