Anzor Sarnaýew: Galp aýyplamadygy görnüp dur

Anzor Sarnaýew, Mahacgala, 20-nji aprel, 2013.

Habar serişdeleri Boston marafonynda bolan bomba partlamasyny amala aşyrmakda günäkär, diýlip güman edilýän Tamerlan we Johar Sarnaýewler barada has köp maglumat toplamaga çalyşýarkalar, Sarnaýewleriň Dagystandaky garyndaşlarynyň köpüsi žurnalistler bilen gepleşmekden boýun gaçyrýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu iki doganyň atasy Anzor Sarnaýew 21-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we “Associated Press” agentligi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Biz wakalaryň hronologiýasyna göz aýlamak isleýäris. Tamerlan 2012-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Birleşen Ştatlardan alty aýlyk gaýdypdy. Siziň Mahaçgaladaky öýüňiziň golaýynda ýerleşýän dükanlaryň biriniň eýesi Tamerlanyň bir aýa golaý wagtlap öýde bolandygyny aýtdy. Ol radikal pikirleri nirede toplady?

Anzor Sarnaýew: Tamerlanda hiç hili radikal pikir ýokdy. Onda şeýle pikirleriň bolandygy nireden tapyldy, men bilemok. Ol Mahaçgalada mydama meniň ýanymdady. Ol gundiz sagat 3-e çenli uklaýardy. Men oňa sen näme uklamak üçin geldiňmi diýip, ony myhmançylyga äkidýärdim. Ol öýe gelip, ýene-de ýatýardy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ol metjide köp barýarmydy? Terrorçylykly toparlaryň onuň bilen şol ýerde gatnaşyk gurmagyna mümkinçilik bolupmydy?

Anzor Sarnaýew: Elbetde, ol anna günleri metjide barýardy. Ol meniň bilen bile gatnaýardy. Ýöne hiç kim oňa täsir ýetirjek bolmaýardy. Mahaçgalada şeýle zatlar asla ýok. Metjitlerde beýle zatlar köpden bäri edilmeýär, bu geçmişde galan bir zat. Adamlara täsir ýetirmek, olary öz tarapyna çekmek ýaly işler bilen meşgullanýanlar metjide barmaýarlar, olar daglarda gizlenýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: ABŞ-a barmagy planlaşdyrýarsyňyzmy? Siz haçan barmakçy bolýarsyňyz?

Anzor Sarnaýew: Men adalatlylygy isleýärin. Mende polisiýa we ýörite gulluklara köp sorag bar. Meniň özüm ýurist. Men ähli soraglaryma jogap berilmegini isleýärin. Meniň soraglarym jenýatçylyga-da, terrorçylyga-da degişli. Men Amerikanyň meşhur gizlin gulluklaryna sorag bermek isleýärin. Men olaryň nädip işleýändigini, olaryň öňe sürýän maglumatlarynyň nireden alnandygyny bilmek isleýärin. Men aklawçylary tutmakçy. Men adalatlylygy isleýärin, düşünýäňizmi?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Käbir adamlar Johar Tsarnaýewiň öz agasy Tamerlanyň täsirine düşendigini aýdýarlar.

Anzor Sarnaýew: Ýok, ol agasynyň täsirine düşmändi. Tamerlan ulusy bolansoň, hiç wagtda öz inisini howp astyna salmazdy. Bu biziň däp-dessurlarymyza-da ters gelýär.

Tamerlan öz inisine Johar sen bir oka, men ir öýlenip, okamadym, sen okamasaň kakam saňa-da käýýär diýýärdi. Men Tamerlana hemişe käýeýärdim, sen okaman, indi işçi boljakmy diýýärdim. Ol bolsa, men Orsýete gelip okaryn, men iňlis dilini bilýärin, kompýuterden başym çykýar, diýýärdi. Şeýle-de ol Hytaýda tanyşlarym bar, men biznes ederin, Hytaýdan haryt getirip, dükan açaryn diýipdi. Onuň şeýle planlary bardy.

Amerikan polisiýasynyň edýän işleriniň manysy ýok. Olaryň elinde wideoýazgysy-da ýok, başga-da hiç zat ýok. Üstesine, olar Tamerlany gözegçilik astynda saklan bolsalar, onuň kim bilen aragatnaşyk saklýandygyny öňünden bilmelidiler. Ol partladyjy serişdelere eýe bolan bolsa, polisiýa muny-da öňünden bilmelildi. Näme üçin polisiýa munuň öňüni almady? Diýmek, bu manysyz bir zat bolup çykýar. Olaryň ýöne bir çeçen oglany saýlap alandyklary barada pikir döreýär. Näme üçin? Munuň galp aýyplamadygy görnüp dur.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Tamerlan 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda Mahaçgala baranda, Çeçenistana gidipmidi?

Anzor Sarnaýew: Ol meniň bilen iki sapar [Çeçenistana] barypdy. Ol meniň garyndaşlarymyň öýünde myhman bolupdy. Çeçenistanda garyndaşlarymyz köp. Olaryň ählisi arassa adamlar. Olar dine uýýarlar, olar il içinde tanalýarlar. Olar Çeçenistany hiç wagtda terk etmändi. Meniň garyndaşlarym şol ýerde zähmet çekýärler. Olar uruş wagtynda-da Çeçenistandan gaýtmandylar.