Duýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Open Society Justice Initiative” atly hökümetden aýry gurama ýakynda BMG-niň Ynsan hukuklary Komitetine Ogulsapar Myradowanyň ölümi bilen bagly mesele boýunça ýörite şikaýat bilen ýüzlendi.
Bu mesele barada guramanyň 11-nji aprelde ýaýradan press-relizinde bu baradaky şikaýatyň Ogulsapar Myradowanyň dogany, Bolgariýada bosgunlykda ýaşaýan Annadurdy Hajyýewiň haýyşy esasynda taýýarlanandygy aýdylýar.
“Open Society Justice Initiative” guramasy özüniň bu şikaýatynda 2006-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň tussag izolýatorynda aradan çykan üç çaganyň enesi Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň anyk sebäbiniň henize çenli talabalaýyk derňelmändigine ünsi çekipdir.
Gurama öz şikaýatynda ýedi ýyla golaý mundan ozal aradan çykan Ogulsapar Myradowanyň ölümi boýunça Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hasabat bermelidiklerini nygtapdyr.
“Open Society Justice Initiative” guramasy hut şu maksat bilenem öz şikaýatynda BMG-niň Ynsan hukuklary boýunça Komitetini Myradowanyň ölümi boýunça täzeden talabalaýyk derňewleriň geçirilmegi üçin türkmen häkimiýetlerine basyş görkezmeklige çagyrypdyr.
Sorag döredýän ýagdaýlar
Gurama Ogulsapar Myradowanyň ozalbaşda 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda ýarag saklamakda aýyplanyp, Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew bilen bilelikde tussag edilmezinden öň ýurduň şol wagtky režiminiň syýasaty barada tankydy garaýyşlary beýan edendigini, şol sanda onuň Azatlyk Radiosy bilen-de hyzmatdaşlyk edendigini belleýär.
“Open Society Justice Initiative” guramasynyň bellemegine görä, Myradowanyň tussag izolýatorynda ölmeginiň sebäbini türkmen häkimiýetleri başda onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlygy bilen baglanyşdyran bolsalar, birneme soňra häkimiýeteler muny onuň öz janyna kast etmegi diýip düşündiripdirler.
Şol bir wagtyň özünde, bu gurama Ogulsapar Myradowanyň jesedinde onuň dogan-garyndaşlarynyň ten ýaralaryny we gynamalaryň alamatlaryny görendiklerini-de belleýär.
“Open Society Justice Initiative” guramasy öz şikaýatynda şu ýagdaýlara ünsi çekmek bilen, Türkmenistan tarapynyň Myradowanyň tussag edilmegi we onuň ölümi bilen baglanyşykly ençeme meseläni aýdyňlaşdyrmalydygyny nygtaýar.
Bu aýdyňlaşdyrylmaly meseleleriň hatarynda gurama şahsyýetiň söz azatlygynyň çäklendirilmegi, şahsyýeti bikanun tussag etmek, şahsyýeti talabalaýyk ýuridiki gorag bilen üpjün etmezlik, talabalaýyk derňew geçirmezlik, tussagyň gynalmagynyň öňüni almazlyk, tussagyň ölüminiň sebäbini anyklamak boýunça talabalaýyk derňew geçirmezlik ýaly jogap berilmeli anyk meseleleri belläp geçipdir.
Bu mesele barada 11-nji aprelde ýaýradylan press-relizde “Open Society Justice Initiative” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Jeýms A.Goldston: “Bu waka ynsan hukuklarynyň çakdanaşa gödek ýagdaýda bozulmasydyr. Türkmenistan Ogulsapar Myradowanyň eden-etdilikli tussag edilmegi, gynalmagy we ölmegi bilen bagly öz jogapkärçiligini boýun almalydyr. Şeýle hem, ol Myradowanyň maşgalasyny serişdeler, şol sanda kompensasiýalar bilen üpjün etmelidir we açyk ýagdaýda ötünç soramalydyr” diýip belläpdir.
Bu mesele barada guramanyň 11-nji aprelde ýaýradan press-relizinde bu baradaky şikaýatyň Ogulsapar Myradowanyň dogany, Bolgariýada bosgunlykda ýaşaýan Annadurdy Hajyýewiň haýyşy esasynda taýýarlanandygy aýdylýar.
“Open Society Justice Initiative” guramasy özüniň bu şikaýatynda 2006-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň tussag izolýatorynda aradan çykan üç çaganyň enesi Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň anyk sebäbiniň henize çenli talabalaýyk derňelmändigine ünsi çekipdir.
Gurama öz şikaýatynda ýedi ýyla golaý mundan ozal aradan çykan Ogulsapar Myradowanyň ölümi boýunça Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hasabat bermelidiklerini nygtapdyr.
“Open Society Justice Initiative” guramasy hut şu maksat bilenem öz şikaýatynda BMG-niň Ynsan hukuklary boýunça Komitetini Myradowanyň ölümi boýunça täzeden talabalaýyk derňewleriň geçirilmegi üçin türkmen häkimiýetlerine basyş görkezmeklige çagyrypdyr.
Sorag döredýän ýagdaýlar
Gurama Ogulsapar Myradowanyň ozalbaşda 2006-njy ýylyň 18-nji iýunynda ýarag saklamakda aýyplanyp, Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew bilen bilelikde tussag edilmezinden öň ýurduň şol wagtky režiminiň syýasaty barada tankydy garaýyşlary beýan edendigini, şol sanda onuň Azatlyk Radiosy bilen-de hyzmatdaşlyk edendigini belleýär.
Bu waka ynsan hukuklarynyň çakdanaşa gödek ýagdaýda bozulmasydyrJeýms A.Goldston