Guantanamoda köp tussaglaryň açlyk çekýändigi barada habar berilýär. Bu täzelik ABŞ tarapyndan dolandyrylýan bu tussaghana köpçüligiň ünsüni çekdi.
Açlyk yglan edilmegine näme sebäp boldy we bu haçan başlandy?
Fewral aýynyň başynda tussaghananyň başlygy tussaglaryň goşlaryny döküp, olaryň gizlin saklaýan, bolmagy çak edilýän, Gurhany gözlemek boýunça ozal 2006-njy ýylda ulanylan syýasatyny ýöredip başlady. Käbir tussaglar bu herekete nägilelik bildirip, iýmiten ýüz öwürdiler. Şondan soňky hepdelerde bu aksiýa ýene köp adam goşuldy.
Waşingtonly aklawçy Dewid Remes bu tussaghananyň 15 sany tussagyny gorap, çykyş edýär. Olardan alty adam açlyk çekýär. Ol tussaghana birnäçe hepde mundan öň baryp görüpdir, 29-njy martda bolsa iki sany müşderisi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdyr.
Dewid Remesiň sözlerine görä, tussaglar açlyk çekmegini dowam etdirýändiklerini aýdyp, öz maksadyna ýetýänçäler bu hereketden el çekmejekdiklerini duýdurypdyrlar.
Aklawçy, türme häkimiýetleri Gurhany gözlemek işini bes etseler, käbir tussaglaryň açlygyny togtatmaga taýýardygyny aýtdy.
Tussaglar kimler?
Bu türmede 166 adam tussag astynda saklanýar, olardan 89 adam Ýemeniň raýatlary. 86 sany tussagyň işine amerikan prezidenti Barak Obamanyň hökümeti tarapyndan garaldy we olary öz ýurtlaryna tabşyrmak kararyna gelindi.
Ýene 46 adamyň ykbaly näbelli bolup galýar. Olaryň günäsi ABŞ-nyň kanunlary esasynda subut edilmedik hem bolsa, olaryň azatlyga goýberilmegi-de howply hasaplanýar. Ýene alty adamyň işi derňewde.
Amerikan resmileriniň jogaby
Ak Tam ýagdaýy öz gözegçiliginde saklaýandygyny aýdýar.
Guantanamonyň häkimiýetleri bolsa açlyk yglan eden tussaglardan azyndan 11 adamy zor bilen iýmitlendirýär. Bu barada Pentagonyň metbugat wekili Todd Brazil habar berdi.
Zor bilen iýmitlendirmek
Amerikan harbylarynyň tussaglary zor bilen iýmitlendirmek, ýagny daňylgy adamyň bokurdagyndan aşgazanyna çenli uzyn turbany sokup, suwuk iýmiti akdyrmak arkaly ulanýan tejribesi gapma-garşylykly mesele bolup durýar. Aklawçylar we ynsan hukuklaryny goraýjylar şeýle hereketleriň bikanundygyny aýdýarlar, käbileri muny gynamalara deňeýärler.
Amerikan resmileri bolsa zor bilen iýmitlendirmek usulynyň adamy açlykdan halas edýän medisina çäresidigini aýdýarlar.
Aklawçy Remesiň tussaglara salgylanyp aýtmagyna görä, sakçylar açlyk çekýän tussaglara basyş etmek üçin käbir “rehimsiz usullary” ulanýarlar.
Näme üçin Guantanamo henizem açyklygyna galýar?
Obama prezidentliginiň ilkinji güni Guantanamo türmesini bir ýylyň dowamynda ýapmak barada permana gol çekipdi. Emma Harby suduň bu türmäniň tussaglarynyň graždan sudunda sud edilmegine girizen gadagançylygy Obamanyň kararynyň güýje girmegine päsgelçilik döredipdi.
Ak Tamyň 27-nji martda habar bermegine görä, prezident Obama Guantanamo türmesini ýapmagyň tarapdary bolup galýar.