Orsýet Maks Şattonyň ölüminiň sebäplerini öwrenýär

Maks Şattony ogullyk alan amerikan maşgalasynyň öýi, ABŞ-nyň Tehas ştaty, 20-nji fewral, 2013.

Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Moskwadaky bilermenler Orsýetden ogullyk alnan we şu ýylyň başynda ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýogalan çaganyň jesediniň barlaglaryny öwrenýärler. Bu waka halkara derejesinde jedelli meselä öwrüldi.

Ilçihananyň metbugat wekili Ýewgeniý Horişkonyň AÝ/AR-a aýtmagyna görä, Maks Şattonyň jesediniň barlaglarynyň nusgasy “ekspertler tarapyndan öwrenilmegi üçin Orsýete iberlipdir”.

Tehas Ştatynyň Tarrant okrugynyň raýat işleri boýunça etrap wekili Eşli Fourt bu dokumentiň nusgasyny 27-nji martda Orsýetiň Hýustondaky konsulhanasynyň resmisi Sergeý Azizowa gowşurandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu mesele boýunça Orsýetiň ilçihanasy we orsýet resmileri bilen gatnaşygyň alnyp barylýandygyny” mälim etdi.

Orsýetiň garaýşy

Orsýetiň ilçihanasynyň resmisi Horişko bu dokumentde çaganyň “tötänleýin” heläk bolandygy barada gelnen resmi netijeleriň orsýet häkimiýetleri tarapyndan nähili kabul edilendigini aýtmakdan boýun gaçyrdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda üç ýaşly Maks Şattonyň (onuň ozalky ady Maksim Kuzmin) ony ogullyk alan amerikan maşgalasynda heläk bolmagy Orsýetde uly goh turzupdy. Orsýet häkimiýetleri çaganyň ölüminde ony özüne ogullyk alan amerikaly zenan Laura Şattony günälediler. Orsýet resmileri bu wakanyň orsýetli ýetim çagalaryň amerikan maşgalalary tarapyndan alynmagyny gadagan edýän kanunyň esaslydygyny görkezýändigini aýdýarlar.

Çaganyň jesedini barlan amerikan lukmanlary onuň tötänden heläk bolandygyny 1-nji martda köpçülige ýetirdiler. Lukmanlar garnyna zeper ýetip heläk bolan çaganyň ruhy taýdan hassalygy sebäpli öz-özüne zyýan ýetirendigini aýtdylar.

Amerikan häkimiýetleri çagany ogullyk alan maşgala garşy jenaýat işiniň gozgalmajagyny aýan etdiler. Orsýetiň çagalaryň hak-hukuklary boýunça wekili Pawel Astahow bu karary tankytlady. Orsýet ABŞ-nyň derňewlerini talabalaýyk däl diýip atlandyrdy we heläk bolan çaganyň jesediniň barlaglarynyň netijelerini talap etdi.

Barlaglaryň netijesi

Şu hepdede Tehasyň ýerli gazeti bolan “Odessa Amerikan” neşiri amerikan resmileriniň hasabatyny öz websaýtynda çap etdi.

Hasabatda Maks Şattonyň tutuş bedeninde onuň kellesinden başlap, tä dabanlaryna çenli şikes ýetirilen gök ýerleriň 30-dan gowragynyň tapylandygyny aýdylýar.

Dokument medisina derňewçileriniň Laura Şatto bilen geçiren söhbetdeşliginiň tekstini hem öz içine alýar. Bu söhbetdeşlikde Laura Şatto çaganyň ruhy taýdan şikesli bolandygyny aýdýar we onuň öz kellesine uran, özüni ýere oklan ýa-da özünden giden pursatlarynyň köp bolandygyny gürrüň berdi.

Hasabatda lukmanlaryň çaganyň ruhy hassalygy zerarly oňa psihikany köşeşdirýän “Risperidon” ýaly dermanlary ýazyp berendigi, emma bu dermanyň çaganyň saglygyna erbet täsir ýetirmeginden howatyrlanyp, Laura Şattonyň ony çaga bermekden saklanandygy aýdylýar.

Astahow amerikan tarapynyň barlaglarynyň netijelerini “obýektiw bolmadyk we howlukmaç” düzülen diýip atlandyrdy. Ol çaganyň ene-atasynyň ony gözegçiliksiz galdyrandygy sebäpli jenaýat işine çekilmelidigini aýtdy.

Tehas ştatynyň Ektor okrugynyň etrap wekili Bobbi Bland orsýet tarapyny wakalaryň gidişinden habarly etmek üçin hyzmatdaşlyk alyp barandygyny aýtdy.

Tehas ştatynyň resmisi Bobbi Bland Maks Şattonyň ölümi bilen bagly waka boýunça görlen ähli çäreleriň faktlara esaslanýandygyny belledi.