Dünýä türkmenleri Nowruzy nähili belleýär?

Türkmenistandaky Nowruz dabarasyndan bir pursat


Nowruz käbir beýleki halklar bilen bir hatarda türkmenleriň hem ata-babalaryndan gelýän iň gadymy baýramlaryndan biridir. Bu baýramçylyk bu ýyl Türkmenistanda halkara derejesinde geçirilen bolsa, Owganystandaky türkmenleriň arasynda bolsa hemişeki ýaly baydak galdyryp bellenildi.

Eýranly türkmenler konsertler bilen bu baýramçylygy garşylady. Türkiýädäki türkmenler we bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary bolsa Nowruz baýramyny beýleki merkezi aziýaly ýurtlaryň wekilleri bilen garşa aldylar.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň Nowruza bagyşlanyp taýýarlanan bu sanynda şol çärelere gatnaşýan adamlar bilen ýörite söhbetdeşlik geçirilip, Nowruz baýramçylygynyň aýratynlyklar, geçirilýän dabaralar barada gürüň edilýär.

Gepleşigi diňlemek üçin şu ýere basyň.