Penşenbe güni Täjigistanyň günortasyndaky Şurobod raýonynda ýüz beren zamun alnyşyk wakasynda üç sany owgan raýaty bilen bir täjik raýaty heläk boldy.
Täjigistanyň ýerli çeşmeleri penşenbe güni giçlik bu ýurduň günorta serhet ýakasyndaky Dehi Kozi obasyna eli ýaragly üç sany owgan raýatynyň gelip, dört ýerli ýaşaýjyny zamun alandyklaryny we olary Owganystana alyp gitmäge synanyşandyklaryny aýdýarlar.
Maglumata görä, bu wakada owgan raýatlary bilen zamun alnanlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda bu üç owgan raýaty we bir ýerli täjik raýaty ölüpdir.
Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň resmisi bu bolan wakany tassyklady, emma wakanyň jikme-jikligi barada maglumat bermekden saklandy.