Pakistan-Eýran gazgeçirijisi gurlup başlandy

Prezidentler Mahmud Ahmadinejad (Ç) bilen Asif Ali Zardari gazgeçiriji gurluşygynyň açylyş dabarasynda. Çah Bahar, 11-nji mart, 2013 ý.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari we onuň eýranly kärdeşi Mahmud Ahmadinejat duşenbe güni Eýranyň Çah Bahar diýen ýerinde Pakistan-Eýran gazgeçirijisiniň gurluşygynyň, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan berk garşy çykylan proýektiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Adynyň aýdylmazlygyny islän pakistanly resminiň Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna, ýagny Maşaal radiosyna aýtmagyna görä, 780 kilometrlik geçiriji 15 aýda gurlup gutarylar. Onuň jemi bahasynyň 7.5 milliard dollar boljagy aýdylýar.

Eger-de geçiriji wagtynda gurulsa, Pakistan 2014-nji ýylda Eýrandan günde 21.5 million kub metr gaz alar.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari geçen duşenbede Lahorda çykyş edip, bu geçirijiniň Pakistanyň barha ösýän energiýa zerurlyklaryny ödemek üçin gerekdigini aýdypdy.

ABŞ-nyň syýasaty üýtgänok

Mälim bolşy ýaly, bu proýektiň Eýran tarapyndan gurulmaly bölegi tasdan tamamlanyp, Pakistan tarapy Biirleşen Ştatlaryň Eýranyň dawaly ýadro programmasy üçin girizen ykdysady sanksiýalary sebäpli gijigip gelýärdi.

Maşaal radiosynyň habarçysy bu meselä amerikan tarapynyň garaýşyny bilmek üçin Birleşen Ştatlaryň Yslamabatdaky ilçihanasyna telefon etdi. Amerikan ilçihanasynyň sözçüsi Raýan Harris habarça şeýle jogap berdi:

“Birleşen Ştatlaryň Eýran baradaky syýasaty örän gowy bilinýär we ol üýtgänok. Onsoň biz bu proýektiň maslahaty başlan badyna Birleşen Ştatlaryň ýa-da BMG-niň kanunlary esasyndaky sanksiýalara gabat geljek hereketlerden gaça durmagyň Pakistanyň bähbidine boljagyny açyk aýdypdyk.”
Bu ýerde sarp ediji bilen araçäkdeş bolan ýurtlar utýar, bular Orsýet, Gazagystan we Eýran.” A.Hajyýew


Ikinji tarapdan, Pakistan-Eýran geçirijisiniň gurluşygynyň çynyrgamagy Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan TOPH proýektiniň, ýagny Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana çekilmekçi bolýan geçirijiniň ykbaly baradaky soragy orta getirýär.

TOPH-a näme bolar?

Pakistanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Moazzam Ahmad Han Yslamabatda bu barada berlen soraga özleriniň bu proýekti prinsipde goldaýandyklaryny, emma Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň gatnaşmagynda gurulmaly geçirijiniň ýakyn geljekde amala aşyrylmagynyň kynrak görünýändigini aýdyp jogap berdi.

Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, häzirki pursatda Aziýanyň energiýa bazarynda konkurensiýa güýçlenýär.

“Bir tarapda Orsýet, Gazagystan, Türkmenistan, belli derejede Özbegistan ýaly energiýa resrusy bolan ýurtlar dur, beýleki tarapda bu resurslara mätäçligi güýçlenýän Hytaý, Hindistan, Pakistan bolup, bularyň arasynda konkurensiýa güýçlenýär. Bu ýerde sarp ediji bilen araçäkdeş bolan ýurtlar utýar, bular Orsýet, Gazagystan we Eýran.”

Ykdysatçy Hajyýewiň pikiriçe, Pakistan-Eýran geçirijisiniň Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana çekilmekçi bolýan geçirijiden öňe geçmegi ýöne ýerden däl we munuň esasy sebäpleriniň biri Owganystandaky howpsuzlyk meselesi bilen bagly.

“Türkmenistandan çekilmeli geçirijiniň kän kynçylygy bar, sebäbi Türkmenistan ne Pakistan bilen, ne Hindistan bilen araçäkleşýär. Bu proýekt Owganystanyň üstünden geçmeli we bu ýurduň içki problemalary örän uly. Ol ýerde merkezi häkimiýetiň ýurduň içindäki birnäçe welaýata bolan täsiri örän gowşak” diýip, Hajyýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şu ýagdaý, ýagny Owganystandaky howpsuzlyk meselesi hem, ykdysatçy Hajyýewiň pikirine görä, TOPH geçirijisiniň maliýeleşdirilmegine çynlakaý kynçylyk döredýär.

Tähran karz berýär

Tähran Pakistan-Eýran geçirijisiniň Yslamabat tarapyndan gurulmaly böleginiň garaşylýan bahasynyň, ýagny 1.5 milliard dollara barabar serişdäniň üçden birini karz bermegi teklip etdi we bu geçiriji eýranly gurluşykçylar tarapyndan gurlar.

Ýöne Bulujystanyň üstünden geçmegi bu geçiriji üçin mazaly howpsuzlyk meselelerini döredýär, sebäbi Pakistanyň günorta-günbataryndaky separatist pitneçiler awtonomiýa hem öz resurs paýlary üçin göreş alyp barýarlar.http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F82758746&show_artwork=true