Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri türk mekdepleriniň türki dini ideologiýalary ýaýratmak bilen, dünýewi režimleri howp astynda goýmagyndan howatyrlanýarlar.
Saidjon dört dil bilýär we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara olimpiadalaryň ikisinde ýeňiji boldy. Şol bir wagtyň özünde-de daşary döwletlere gitmek täjik okuwçylarynyň arzuwynda-da ýok. Ýöne Saidjonyň okaýan liseýi öz studentleriniň öňünde bütin dünýäni açýar.
“Men olimpiadalara gatnaşmak üçin köp ýurtlara gitdim. Men Gazagystanda, Mongoliýada we Wýetnamda boldum. Biziň dünýäni görmäge, bilimimizi kämilleşdirmäge we Täjigistany halkara arenada tanatmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, Saidjon gürrüň berýär.
Döwrebap we meşhur
Kemal Hajy adyndaky liseý Täjigistanyň barly maşgalalarynyň çagalarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe. Ol liseýde sapaklar iňlis, türk, rus we täjik dillerinde geçirilýär.
Ýurduň beýleki ýönekeý mekdeplerine garanda ol liseýde döwrebap tehniki enjamlar bar. Liseýiň gowy remont edilen we daş-töweregi haýatlanan iki gatly binasy daş-töweregindäki beýleki binalardan tapawutlanýar.
Ilkinji türk mekdepleri Merkezi Aziýada 1990-njy ýylyň ortalarynda işläp başlady. Beýle liseýler ýa-da mekdepler Orsýetden başlap, demirgazyk Afrika ýurtlaryna çenli we başga ýurtlarda-da “Gülen” hereketi tarapyndan esaslandyryldy. Ol hereketiň esaslandyryjysy meşhur türk yslam alymy we şahyry Fetulla Gülendir. Onuň özi sünni musulman we dürli dinleriň arasynda sabyrlylygy we diolog saklamagy wagyz edýär.
Diňe bir Özbegistanda öň 65-den gowrak umumy bilim berýän türk okuw mekdepleri işleýärdi. Goňşy Gyrgyzystanda 25-e golaý türk mekdepleri we birnäçe liseý hem-de iki uniwersitet bar. Täjigistanda beýle mekdep alty sany.
Tutuş Merkezi Aziýada türk mekdepleri gowy okadyş metodlary we tertip-düzgüni bilen tanalýar hem-de olara okuwçylar we ene-atalar ýokary baha berýärler.
Türk liseýleriniň talyplary milli we halkara olimpiadalarda öňdäki ýerleri eýeleýärler. Iňlis dili boýunça test synaglaryny aňsatlyk bilen geçip ol talyplar Günbataryň ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin stipendiýalary gazanýarlar. Ene-atalar hem öz çagalarynyň türk mekdeplerine kabul edilmekleri üçin uzyn nobatlara durýarlar we ol mekdepleriň berýän bilimi çagalaryna gowy gelejegi üpjün eder diýip umyt edýärler.
“Diňe bilim däl”
Şol bir wagtyň özünde-de soňky döwürde türk mekdepleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň ünsi astynda. Syýasatçylar we žurnalistler bu mekdeplerde bilimden hem artyk zatlaryň öwredilýändigini aýdyp, olaryň işine şübhe bildirýärler.
Merkezi Aziýa regionynyň ýeke-täk pars dilli respublikasy bolan Täjigistanyň hökümeti we alymlary pantürkizm ideýlaryndan howatyrlanýarlar. Olar bu mekdeplerde okuwçylar türkleriň täsirine düşerler diýip aladalanýarlar.
Ýöne türk mekdeplerine iň ýowuz çemeleşme Özbegistandadyr. 1999-njy ýylda Daşkendiň Ankara bilen gatnaşygy etbetleşenden soň, ýurtdaky ähli türk liseýleri ýapyldy.
Şu ýyl bolsa Özbegistanyň awtoritar hökümeti prezident Yslam Karimowyň ýolbaşçylygynda has hem gazabyna tutdy we türk mekdepleriniň uçurymlaryndan sekiz žurnalist tussag edildi.
Olary bikanun dini topar döretmekde we ekstremistik guramalara goşulmakda aýypladylar. Özbek hökümetine degişli habar serişdelerinde günä bildirilenleriň gadagan edilen "Nurçular" dini toparyna degişlidigi barada aýdyldy we olar alty ýyldan ýedi ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi. Tussag edilen žurnalistleriň özleri günälerini ret edýärler.
Döwlet habar serişdeleri “Nurçular” dini toparynyň Özbegistanda 1990-njy ýyldan bäri hereket edýändigini we ýurduň dünýewi sistemasyny gowşatmagy maksat edinýändigini belleýärler.
Özbek resmileri türk mekdepleriniň uçurymlarynyň öz döwlet edaralarynda eýeleýän wezipelerini ýürduň dünýewi dolandyrylyşyny ejizletmek üçin ulanýandyklaryny aýdýarlar.
Resmiler türk mekdepleriniň uçurymlaryny yslamyň agressiw görnüşini öňe sürmekde we yslamy syýasy durmuşda güýçlendirmek synanyşyklarynda aýyplaýarlar.
“Güleniň we Nursynyň yzyna eýerýänler”
Fetulla Gülen ekstremizmi we terrorizmi ýazgarýan şahsyýet we alym hökmünde tanalýar. Ol 60-dan gowrak kitabyň awtory. Onuň kitaplary din, sopuçylyk, sosial we bilim meseleleri, sungat, ylym we sport baradadyr.
Alym musulmanlary hem dini hem häzirki zaman ylymlaryny, şol sanda Darwiniň ewolýusiýa teoriýasyny öwrenmäge çagyrýar. Başda Gülen hem Said Nursynyň yzyna eýerýärdi, ýöne soňra bu hereketden aýryldy.
Ýöne Orsýetde ýaşaýan alym Ylham Merojowyň pikiriçe, “Nurçular” diýen yslam hereketi ýokdur.
Ylham Merojowyň sözlerine görä, Özbegistanda türki dini şahsyýet bolan Nursynyň yzyna eýerýänler bar. Ol şahsyýet ylmy we dini bilimiň birikdirilmegini, Türkiýäniň Günbataryň syýasy guramalary bilen gatnaşmagyny we musulmanlar bilen hristianlaryň birigip, kommunizme garşy göreşmeklerini isleýärdi.
Said Nursynyň kitaplaryny terjime edenligi üçin öz dogduk ýurdy Özbegistana dolanyp bilmän ýören Ylham Merojow Nursy bilen Güleniň yzyna eýerýänleriň arasynda türk liseýleriniň talyplarynyň hem bolmagynyň mümkindigini, ýöne munuň türk mekdepleri bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýdýar.
“Özbek hökümetiniň talabynda hiç hili many ýok. Üstesine, Nursy bilen Güleniň işlerinde dini ekstremizme düýpgöter garşy pikirler öňe sürülýär” diýip, Ylham Merojow belleýär.
“Said Nursynyň 14 tomluk kitaplarynda ýekeje-de ekstremizmiň düşnügi ýok. Şol sanda Fetulla Güleniň işlerinde-de ekstremizm ýok. Olaryň kitaplary ylym we din barada. Olar hem ylym, hem yslamy öwrenmege çagyrýarlar, sebäbi yslama ylma gowy düşünýän adam düşünip biler. Bu iki alym parahatlygyň we din ara diologyň tarapdarydyr” diýip, Ylham Merojow belleýär.
Fetulla Gülen häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda ýaşaýar. Ol terrorizmi ýazgarýar we Yslam bilen terrorizmiň hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny tekrarlaýar. Türkiýede ony Türkiýäniň dünýewi sistemasyny agdaryp, yslam döwletini gurmaga synanyşykda aýyplaýarlar. Ýöne 2006-njy ýylda Türkiýäniň sudy ony aklady.
Şu ýyl Täjigistandaky türk liseýleri aýgytly ädim ätdiler we ýerli žurnalistleri liseýiň okuw programmasyny öwrenmäge hem-de programmada hiç hili şübheli, howply zatlaryň ýokdugyna göz ýetirmäge çagyrdylar.
“Täze Duşman”
Özbegistan barada aýdylanda bolsa, ýakyn geljekde türk mekdepleriniň ýurtda öz işini dikeltmeginiň mümkindigini aýtmak kyn. Köp özbek ekspertleriniň pikirine görä türk mekdepleri we ”Nurçular” hereketi özbek hökümetiniň gurbany boldular.
Özbek syýasy analitigi Taşpulat Ýuldaşew Azatlyk Radiosyna ”Nurçularyň” täze duşmana öwrülendigini, ol duşmany hökümetiň özüniň döredendigini we munuň özbek hökümetine öz repressiw syýasatyny aklamak üçin gerekdigini aýdýar.
“Öz şahsy gorkusy sebäpli Yslam Karimow ”Wahhabitlere”, “Hizbu-ut-Tahrirlere” we “Akramilere” garşy göreşe başlady. Häzir olaryň hemmesi basyp ýatyryldy we Karimow täze duşman tapmaly.
Bu ýurduň içinde problemalaryň bardygyny we Karimowyň özüni asuda duýmaýandygyny görkezýär. Adamlary hemişe gorky astynda saklamak we olaryň ünsüni sosial problemalardan sowmak üçin oňa hemişe täze duşman tapmak gerek” diýip, Taşpulat Ýuldaşew belleýär.
Hajy Kemal liseýiniň talyby Saidjon sabyrsyzlyk we umyt bilen özüniň daşary ýurduň iňlis dilli uniwersitetine fizika boýunça okuwa gitmegine garaşýar.
“Men ýa Praga ýa-da Seula gitmek isleýän. Men ol ýerde okaryn we ýurduma hyzmat etmek üçin öýüme dolanaryn” diýip, Saidjon gürrüň berýär.