Moskwa migrantlardan saplanmaga çalyşýar

Moskwada migrantlaryň dokumentleri barlanýar. 20-nji fewral, 2013 ý.

Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugynyň paýtagt bölüminiň başlygy Olga Kirillowanyň sözlerine görä, Migrasiýa gullugynyň ýörite işgärleri 27-nji fewraldan beýläk Moskwanyň ähli künjeklerinde nobatçylyga başladylar.

Ýörite okuw kurslaryny geçen graždan ýardamçylary-da (družinnikler) migrasiýa işgärleri bilen bilelikde metrolarda, wokzallarda we köpçüligiň üýşýän beýleki ýerlerinde bikanun migrantlary aňtap başlarlar.

Kirillowa, ýörite türgenleşdirilen we okadylan adamlaryň köpelmegi esasynda, nobatçylyk edýänleriň-de sanynyň gün-günden köpeljekdigini belleýär. Onuň sözlerine görä, Moskwadaky raýat kömekçileriniň tejribesi edilýän işlerde adam ýetmezçiliginiň bolmajagyny aňladýar.

Nobatçylar ýene-de köpeldiler

Moskwa Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy Kirillowa häzirki wagtda Migrasiýa gullugynyň paýtagt bölüminiň işgärleriniň 300-600 graždan kömekçi bilen bilelikde işläp biljekdigini belleýär: “Mundan beýläk nobatçylaryň sanyny artdyrmak meselesini, birnäçe aýdan soň häzirki edýän işimiziň netijesine we ähmiýetine seredip, çözeris”.

Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, Orsýetde Täjigistanyň 400 müň raýaty bar.

Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugynyň başlygynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Orsýet Federasiýasynda GDA döwletlerinden 3 million bikanun migrant bar.

Migrasiýa gullugynyň başlygy: “Biziň sistemamyzyň maglumatlary 3,3 million daşary ýurtlynyň Orsýetde bolmaly möhletiniň bireýýäm geçendigine şaýatlyk edýär.

900 müň migrant kanun bozdy

Migrasiýa kanunyny bozanlaryň köp bölegi Özbegistanyň raýatlary, olar 900 müňden gowrakdyr. Mundan başga-da Ukrainanyň raýatlary 500 müň, Täjigistanyň raýatlary 400 müňden gowrak” diýip, gürrüň berýär.

“Olaryň bikanun zähmet çekýändiklerini çaklap bolar. Köplenç ol adamlar uly şäherlerde bolýarlar. Şu günki günde Orsýetiň territoriýasynda 10,2 million daşary ýurt graždanynyň bardygy belli we olaryň 23 prosenti Özbegistanyň, 13,3 prosenti Ukraianyň, 10,2 prosenti bolsa Täjigistanyň graždanlary” diýip, Migrasiýa gullugynyň başlygy aýdýar.

Moskwadaky gyrgyz migrantlary. 13-nji fewral, 2013 ý.


Onuň sözlerine görä, migrantlaryň 4,2 milliony işlemek bilen bagly bolmadyk başga dürli sebäpler boýunça Orsýetde bolýarlar, bir ýarym milliony bolsa kanuny ýagdaýda zähmet çekýärler.

Täjigistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Saidgufroni Abdullonyň sözlerine görä, Täjigistanyň 38 müň raýaty üçin Orsýete girmek gadagan edilipdir.

Abdullonyň sözlerine görä, ol raýatlara Orsýetiň Federal Migrasiýa gullugy administratiw düzgünbozmalar sbäpli ýurda girmegi gadagan edipdir. Ýöne olaryň içinde Orsýetiň territoriýasynda jenaýat edenleri-de bar.

“Gadaganlyk Orsýetiň federal kanunynyň 26-27-nji maddalarynyň esasynda girizilen. Ol maddalar Orsýete girip-çykmak baradadyr. Şonuň üçin daşary ýurt raýatlaryna Orsýete girmek şu esaslarda gadagan edilýär: eger ol serhedi bikanun geçen bolsa, galp resminamalar ulanan bolsa, ýa-da özi barada ýalan maglumat beren bolsa we Orsýetiň territoriýasynda sud jogapkärçiligine çekilen bolsa” diýip, Abdullo anyklady.