Toý harajatlary ene-atalary bergä batyrýar

Gelnalyjy maşyny. Türkmenistan

Ogul oýerip gyz çykarmak bir gowy zat. Biziň gadymy halkymyzda öňki döwürlerde-de häzirki zamanada-da birek birege gowy dileg edilende “ogul oýerip gyz çykarmak miýesser etsin” diýilýar.

Emma soňky wagtlarda gadymdan gelýän toý tutmak däbinde “goşmaça” kadalaryň, “täze” dessurlaryň peýda bolyp, ol dessurlaryň agdyklyk edip başlandygy baradaky gürrüňleriň toý tutýan ene-atalaryň arasynda köpelip başlandygy aýdylýar.

Toý tutmak däbindäki peýda bolan soňky “dessurlar” Köneürgençli zenan, Pygamber ýaşyna ýeten, dört ogly oýerip iki gyzy durmuşa çykaran Gülsenem daýzanyň gaharyny getirýar. Hakykatyň hatyrasyna aýdylsa bu dessurlar, onuň gaharyny getirmezçede däl, olaryň birem galyň meselesi.

“Galyňyň gürrüňi ýök, ol biziň ilimizde gadymdan bäri bar, ýöne onuň göwrüminiň çenden aşa artmagy, gyzyň bukjasyna salynýan zatlaryň sanawynyň giňelmegi, toýuň aýdymçysy, sazandasy, tamadasy, wideoçysy, suratçysy diýermiň, gelin alyja gitmeli maşynlaryň sany, olaryň bezelşi, toý tutuljak hususy restorandyr kafesiniň kärende tölegi – garaz sanasaň sogaby bar” diýip, Gülsenem daýza gürrüň berýär.

Nyrhlar bolsa artýar

Öňki wagtlar gelini düýäň üstüne mündurip kejebede, soňky döwurlerde bolsa “Jiguli” ýa-da “Wolga” kysymly maşynlarda getiren bolsalar, häzirki zamanada gelini diňe daşary ýurtda öndürilen, “inomarka” diýip atlandyrylýan gymmat bahaly ulaglarda getirmeklik hökmany däbe öwrulendigini Köneürgenjiň beýleki bir ýaşaýjysy, pensioner Haýdar aga aýdýar.

“Ol 'inomarkalaryň' eýeleri pul berseň hyzmata taýýar, ýöne olar bilenem öňünden gepleşmeli, puluny tölemeli, bolmasa saňa nobat ýetmezligi-de ahmal” diýip, Haýdar aga sözüniň üstüne goşýar.

Gelin maşynyň sürüji-eýelerine, mundan 5-6 ýyl öň, 10 manat pul bilen bir “korobka-köýnek” diýip aýdylýan baýragy berilse, indi olar 40-45 manatdan az bolsa toýda hyzmat etmekden ýüz öwürýarler.

Dogry, nyrhyň artmagy bilen gelin maşynlaryň hyzmatyň hili hem gowulaşdy. Indi "inomarkalaryň" eýeleri diňe gündüzki toýda däl, eýsem gelini agşamky, häli-şindi “komsomol toýy” diýip aýdylýan toýada ýaş çatynjalary getirip äkidýärler.

Haýdar agaň aýtmagyna görä, Köneürgeçde-de, beýleki etraplarda-da, mahlasy, ýurduň ähli ýerlerinde-de toý gurnaljak restorandyr kafeleriň, toýhanalaryň kärende tölegleri, dondyr guppaň, kümüşden ýasalan milli şaý-sepleriň we beýleki prokata alynan toý esbaplaryň-da nyrhlary asmana uçup gidipdir.

“Häzirki wagtda biziň welaýatymyzda köne puldan ortaça 60-70 million manat galyň bermeli we ýenede şonçarak, käte bolsa ondanam köp puly toýuň beýleki harajatlaryna bermeli bolýaň, bolmasa toýuň iliňka meňzemez diýlen düşünje her bir toý etjek eňe-atada bar” diýip, ýaşuly äýdýar.

“Aş köp bolsa kada-da köp bolýar”

Öňräkdäki döwürlerde ogul öýerenler bir toý, ýagny gelin alma toý we onuň öň ýanynda toýda hyzmat etjekleri çagyryp kiçeňräk geňeş etseler, häzirki döwürlerde gelin alma toýlar goşmaça toý çäreleri bilen utgaşyp gitdi.

Köneürgençli zenan Gülsenemiň aýtmagyna görä, Daşoguž welaýatynda “täze dessurlary” köp halatlarda ilki bolup wezipeli we barly adamlar durmuşa ornaşdyrýarlar. Olaryň gurnan töýlaryna gözi giden orta gurpda, hat-da ýeter-ýetmezçilikde ýaşaýanlaram baýlaryňky ýaly edip toý beresleri gelýär.

“Beýle toýlary tutmak köplere başardyp hem durmasa-da, adamlar “eşek eşekden galsa gulagynam kes, guýrugynam” diýlenni edip, karza-bergä batyp toý tutýarlar, soňam bolsa uzak wagtlap bergiň aşagyndan çykyp bilmäni azara galyp ýörendirler” diýip, Gülsenem daýza aýdýar.

Onuň sözlerine görä, häzir toýdan öň bir gün-a töwerekdäki bar bolan işan mollalary çagyryp, olara hezzet edip hediýe bermeklik, ýene bir günsi bolsa edara-kärhanalaryň başlyklaryny, etrabyň häkimini, onuň orunbasarlaryny, arçyny, öýlenjek ýigidiň işleýan edarasynyň ketdelerini çagyryp olara söwüş gurnamaklyk hem hökmany edilmeli zatlaryň hataryna ymykly girizilip barýar.

“Meniň kiçiräk wagtlarymam, ýadyma düşýär, ondan has öňki döwürlerde-de töýlara işan mollalary-da, kolhoz başlygy-da, beýleki wezipeli adamlary-da çagyrardylar, ýöne olaram il hatar çagyrardylar. Häzir bolsa bir hili düşnüksiz döwür bolup gitdi, türkmeniň 'aş köp bolsa kada-da köp' diýeni çyn ekeni” diýip, köneürgençli zenan aýdýar.

Paýtagtda toý bermek güzap

Köneürgençli aksakgal, pensioner Haýdar agaň we biziň söhbetdeş bolan beýleki adamlaryň aýtmagyna görä, oba ýerlerinde ogul öýerip toý berenleriň toý bilen bagly ähli harajatlary şäherlileriň ýa-da paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň toýa eden çykdajylaryndan iki-üç esse az bolýar.

“Arada Aşgabatda ýaşaýan ýakyn garyndaşlarymyň biri oglyny öýerdi. Agşamky toý paýtagtyň ady belli bir toýhanasynda geçirildi, oňa 500-e golaý myhman çagyryldy. Gepiň tümmegi, restoranyň her bir myhman kürsüsi üçin, orta getirilen alty-ýedi görnüşli tagamlar we dürli-dümen alkogolly we alkogolsyz içgiler üçin, tamadasy, aýdymçysy we ýene gaýralary üçin köne puldan 220 milliondan gowrak pul harçlandy. Men-a, dogrymy aýtsam, ol nyrhlar barada eşidip, ýakamy tutup, içime tüýkürdim” diýip, meniň söhbetdeşim Gulsenem daýza aýdýar.

Onuň pikiriçe, beýle ummasyz köp sanly myhmanlary çagyryp, 6-7 görnüşli tagamlary, şol sanda çişlik, et börek ýa-da ýumurtga börek ýaly taýarlamasy aňsat we bahasy arzan bolmadyk naharlary orta çekmeklik ýazgarylmaly däl zat.

“Oňaranlar, barlylar, goý, etseler edibersinler, ýöne biziň käbir ildeşlerimiz ýorgana görä aýak uzadasy gelenok, olar barlylaryň yzyndan galmajak bolup, bergi baryny edip toý tutunýarlar. Ine beýle adamlaryň hereketlerini oňlap bolanok” diýip, Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy Gülsenem daýza aýdýar.

Howanyň maýlamagy bilen biziň ýurdumyzyň oba ýerlerinde-de, şäherlerinde-de toý tutýanlaryň sany köpelýar. Şonuň bilen bir hatarda-da bergä batýanlaryň hem sany artýar, ýöne olaryň bergidardygyny olaryň özlerinden başga bilýänler az.

Kerim Artykow – türkmenistanly jurnalistiň, ýerli synçynyň edebi lakamy.