Türkmensähradaky Türkmenleriň durmuşy

Eýrandaky türkmenler

Azatlyk Radiosy Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ilhalar ýaşulylaryndan Nurmuhammet Ak bilen Türkmensähra türkmenleri barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Eýranda näçe türkmen bar, haýsy ýerlerde ýaşaýarlar? Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere Eýranda ýaşaýan Türkmensähra türkmenlerini nähili tanadyp bolar?

Nurmuhammet Ak: Diňe bir Türkmensährada däl-de eýsem Eýranda ýaşaýan türkmenler diýsek has gowy boljak. Şäherlerde ýaşaýan adamlary sanap, olary bölenimizde, haýsy dil, haýsy taýpadan diýenimizde Eýranda; Benden-Türkmen, Akgala, Türkmenleriň merkezi hasaplanýan şäher Gümmet-Kowus bolýar, Kümüşdepe, aňyrsy derýaň ýagny Hazaryň gapdaly, Kelala şäheri, Marawdepe, Gökleňler, aňyrda Bujnurtda, Horasanda ýaşaýan türkmenler bularyň hemmesiniň takmynan sany 2 million bilen 3 millionyň arasynda türkmen bar diýse boljak.

Azatlyk Radiosy: Eýranda ýaşaýan türkmenlerimiz türkmençiligi nähili saklapdyr we nähili saklaýar?

Nurmuhammet Ak: Men çekinmän şuny aýdyp biljek, Eýranda ýaşaýan türkmenler başga dünýäde ýaşaýan türkmenlerden türkmençiligi saklamada has öňde. Mysal üçin: türkmeniň çöregi häzir bar, türkmeniň lybasy-eginbaşy özünde, türkmeniň tamdyry bar, türkmenin sazy-dutary, türkmeniň dili, türkmeniň ýaşaýan ýerlerindäki gadymy zatlary, türkmeniň öýi, türkmeniň çopany, çolugy, goýny, sygyry, düýesi ýagny bularyň hemmesi bar.

Elbetde, bir zady hem men basyrjak däl. Türkmenler haýsy ýurtda ýaşaýan bolsa şol ýurduň dilinden täsir alan ýerleri bar. Mysal üçin; Türkmenistandakytürkmenler köplenç orsça goşýarlar gepleşende, Owganystandakylar öz gapdalynda ýaşaýan Owganyň dilinden goşupdyrlar.

Eýranda-da parsça goşýarlar. Siriýede ýa-da Yrakda, ýa Hytaýdaky türkmenler köpüsi arap dilinden ýa-da hytaý dilinden goşupdyrlar. Ýöne şularyň arasyndan mysal alyp, biraz pikirleşip-oýlanşyp görenimizde, Eýran türkmenleri türkmençiligi saklamaklyk babatda tüweleme diýiljek ýagdaýda diýip aýtjak bolýaryn.

Azatlyk Radiosy: Eýranda türkmenleriň öz neşirýaty, öz metbugaty barmy? Şolar nähili ýagdaýda?

Nurmuhammet Ak: Türkmen kitaplary çykyp otyr. Türkmen neşirýaty bar. Türkmen gazeti bar. Okaýan oglanlar, şahyrlar, ýazyjylar türkmen dilinde ýazyp otyrlar. Türkmen adynda at dakjak bolsa kitaplary bar. Şoňa görä ullakan usssatlarymyz uniwersitetlerde türkmen alym bolup, öz dilini bilýan adamlarymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriň mekdebi barmy Eýranda?

Nurmuhammet Ak: Eýrandaky türkmenleriň hemmesine “Suwsuz biten güller” diýip at berjek bolýaryn. Sebäbi, bärde Eýranda häzir türkmen mekdep ýok. Onuň ýerine türkmenlerde döwrebap ylymdan daşary mollalaryň okadýan zatlary hem bar.

Mysal üçin, biziň köp ýaşulylarymyz boldy Salaýy ahunlar ýaly, Muhammet Ahun Tekeler ýaly, şoňa meňzeş kän adamlar, muny her ýerde geplände ýa-da häzirki ýazyjy ahunlarymyz hem kürside, mikrofonda, juma namazynda münberde gürrüň berenlerinde edepden-ekramdan, öz diliňi saklamaklykdan gürrüň berjek bolanlarynda hemişe birinji mysallary biziň uly şahyrlarymyzdan, türkmen alymlarymyzdan, Magtymgulydan, Mätäjiden, Mollanepesden şulardan mysal berýärler.

Şu zatlary görüp otyrkak mälim bolýar, belli bolýar, diýmek biziň häzir türkmençiligimiz bar. Ýöne, biz muny näme etmeli? Ýaňky ýaly ylmy şekilde-görnüşde ýöretjek bolmaly.

Oňa-da näme gerek “El eli ýuwar, iki el birigse, ýüzi ýuwar” diýýär. Şolar ýaly alymlar, ýazyjylar oturyşsa-turyşsa. Bärde ýagny Gümmet-Kowusda, Bender-Türkmende, Kelalada, her hepde üýşüşip, edebiýat we şygyr barada gepleşik taýýarlaýan oglanlarymyz bar.

Bularyň hemmesi edebiýat ugrunda işläp ýörler. Dil, hökman öwredilmeli. Ata-babadan gelýän nakyllar direldilmeli. Gowy neşirýatçylarymyz bar. Mysal üçin; Türkmensährada biziň dilimiz diridir, ýöne owalka görä hasam direlden-ösdüren adamlar bar.

Mysal üçin: Myratdurdy Gazyň neşirýaty, Ýagty neşirýaty, Pendi ahunyň ýazan kitaplary bularyň hemmesi türkmende. Häzirki ýagdaýda-da goşgy, edebiýat ugrunda işläp ýören adamlarymyzyň hemmesi dilini, edebiýatyny, geçmişini saklajak bolup alada edip ýören adamlar we şeýle adamlar kän.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky türkmenlere özüňiz “Suwsyz biten güller” diýip at berdiňiz. Häzirki döwürde Eýrandaky türkmenleriň ýagdaýy nähili?

Nurmuhammet Ak: Elbetde, kemçiliklerimiz hem bar. Şäherleriň, obalaryň hemme ýerinde dilimiz ýüzde ýüz türkmen diýip biljek däl. Ýöne ýene-de bir gezek gaýtalajak, eýranly türkmenler başyny dik tutyp, aýdyp biljek bular “Suwsyz biten güller”.

Öz diline, öz watanyna, ýaşaýan ýerine, kada-kanunyna gaty hormat goýup, öz edebiýatyny zadyny direltjek bolup ýör. Şu ugurda Gürgende Pyragy neşirýatyndan doktor Sarly bar.

Biziň öz Sähra gazetimizden Abdyrrahman Düýeji bar. Häzirki oglanlarymyz alada edip ýörler. Bularyň janlary sag bolsun. Olara Taňryýalkasyn aýdasym gelýär. Bu aladalar bir adamyň, iki adamyň işi däl.

Köp adamlar şeýle zähmetiň ugrunda munuň arzuwyny edip geçdiler. Häzir öz ýagdaýymyza görä şeýle hyzmatlary edip ýörüs. Türkmensährada ýa-da bolmasa daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlar gowy synlasa, edilen işler az däldir.