Türkmenistanda soňky onýyllykda ýaşlar estradasynyň öňki ýyllardaka garanda has dürlüleşendigi, ýaşlaryň gözlegleriniň köpelendigi, şonuň bilen birlikde olaryň, ýagny türkmen aýdymçylarynyň internet, sosial ulgamlar arkaly dünýä türkmenlerine çykyp, öz aýdym-sazlaryna muşdak diňleýjileri, hususan-da ýaşlary özlerine çekmegi, bolmanda belli derejede gyzyklanma döretmegi başarýandygy aýdylýar.
Elbetde, Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagy, Türkiýe we beýleki daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösmegi, galyberse Türkmenistanda çanak antennalar arkaly tomaşa edilýän telekanallaryň köpelmegi türkmen estradasyna öz täsirini ýetirdi diýýýän synçylar hem bar.
Ozalky prezidentiň döwlet dolandyran ýyllarynda halk aýdym-sazlaryna, klassyk şahyrlaryň sosial adalatsyzlyk baradaky goşgularyna döredilen aýdymlara çäklendirme girizilendigini ýatladyp, özi hem gitara çalyp, aýdym aýdýan Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, türkmen estradasynyň has erkinleşip başlandygyny öne sürýänler hem ýok däl.
Ýöne türkmen estradasynyň wekilleriniň öz ýollaryny tapjak bolup, aňyrdan gelýän däplerden daşlaşýandygyny, şonuň bilen bir wagtda, başga ýurtlaryň we medeniýetleriň meşhur aýdymçylaryna öýkünip, original bir zat döredip hem bilmeýändigini aýdýanlar-da bar.
Eýsem türkmen estradasynda däpler we täzeçillik nähili ýagdaýda, aslynda ýaş aýdymçylardan kim nämä garaşýar?
Azatlyk Radiosynyň bu baradaky söhbetdeşligine Türkmenistandan şahyrlar Aşyrguly Baýryýew, Amanmyrat Bugaýew, Owganystandan Anna bagşy gatnaşýar.
Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F80215884&show_artwork=true