Şiraly: “Kim aglap ýör ogurladyp malyny...”

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Ýitgiler

Kim aglap ýör ogurladyp malyny,
Kim uwlap ýör gapjygyny ýitirip...
Öwezine bir zat bermeli Taňry
Ýetişenok ähli arzy bitirip.

O biriniň ýel goparýar üçegin,
Beýlekiň hasylyn guraklyk alýar.
Taňrynyň barlygy alynýar şübhä,
Ýa-da bar bolsa-da, görmedik bolýar.

Ynsan tebigaty bor eken beýle:
Ýitirse aglaýar, begenýär tapsa.
Özgäň äňi ýazsyn – perwaýyna däl,
Dälirär özüniň bir dişi gopsa.

Sapy “altyn” bormuş ýiten pyçagyň,
Eliňdekä – aý, bir posly demirmiş...
Ýurdundan kowulyp, Watansyz galan
Dişsiz galyp, tirsegini gemiýrmiş!

***

Goňşyokara

Dünýeleriň düzüw wagty aýdylan:
“Goňşudan goldaw ger kyýamat güni”.
Ýürekdeş hemsaýa, hernä özüne
Tiken saýlap, saňa uzadar güli.

Serhet bilen bölmez iki howlyny,
Haýatyň üstünden jyklap durmaz ol.
Giň gapy açykdyr ýüregi deýin,
Bähbit arap saňa hile gurmaz ol.

Gatnaw açar okaraly, saçakly,
Ojagyndan kokar tagamyň ysy.
Iki öýüň sallançagy boş durmaz,
Çaga gülküsiniň üzülmez yzy.

Bilmedim, gör, haçan pähimdar türkmen
“Öý edinme, goňşy edin” diýendir.
Bigadyr gardaşdan, biparh dogandan
Köplenç mährem goňşusyny söýendir.

Goňşyny gozgasaň, göçer-de gider,
Sähelçe şübheden kalbyňy saplaý.
Nähak ýere goňşyň göwnüne degseň,
Şo pursat kyýamat gopdy hasaplaý.

***

Türkmen pähimleri

Ajalyna dogry gelen keýigiň
Günäsi ýok iki gözünden başga.
Eger sen dünýeden närazy bolsaň,
Ýalt-ýultuňy goý-da, özüňden başla.

***

Sährada ekilen düme bakjanyň
Tagamy aýratyn datly gelermiş.
Tagyl tapan süri yza serpende,
Soňky gelýän agsak öňde bolarmyş.

***

Alma daragtyny yralap nätjek, –
Bişen miwäň özi gaçar diýilýä.
Akyllylar çykarýança eşigin,
Samsyklar derýadan geçer diýilýä.

***

Göýä bir-birinden aşyk-magşugy
Silkip aýryp, boş goýan dek gujagy,
Bir-birine kebşirlenen ýalydyr –
Aýryp bolmaz tamdyradyr gyjagy.

***

Il aýtmyşlaý: “Oglan howlugýa juda,
A tudana welin wagtynda bişýä”.
Bil bükülip, dişi dökülen gojaň
Gadym çagalygy ýadyna düşýä...

***

Bende bar ki, derdi bilen başagaý,
Öz gara gününe gözi gidýändir.
Iti kowup, oň ýerinde ýatagaý –
Olam özün kişi hasap edýändir.

***

Aýlaw-aýlaw dag ýodasy hatarly,
Gyşyk bassaň, goý, aparsyn sil seni.
Bogaz ýyrtma, aş gatyklap agzyňda,
Är işin bitirseň, tanar il seni.
http://w.soundcloud.com/player/?url=http%3A%2F%2Fapi.soundcloud.com%2Ftracks%2F76544043&show_artwork=true